Mindal damarlaryň sagdynlygyny gowulandyrýar
Londonyň Şa kollejiniň hünärmenleri tarapyndan alnyp barlan derňew işleri köke, çipsi ýaly belli garbanmalaryň mindala çalşyrylmagynyň damarlaryň ýagdaýyna oňyn täsir edýändigini we holesteriniň düzümini peseldýändigini görkezdi. Muny 21mm.ru belleýär.
“American Journal of Clinical Nutrition” neşirinde çykan makalada geçirilen tejribe barada aýdylýar, bu tejribäniň çäklerinde ýürek-damar keseli bolan adamlar iki sany topara bölünýär: bir topara adaty garbanma derek mindal iýmek tabşyrylýar, beýleki toparyň rasiony üýtgedilmeýär, ýöne kaloriýa normalary gözegçilikde saklanýar.
Eksperiment 6 hepde dowam etdi. Möhlet tamamlanandan soň alymlar iki topar adamlaryň kardio-metabolik markerlerini deňeşdirdiler. Onuň netijesinde 20% kaloriýa saklaýan, günüň dowamynda kabul edilýän adaty garbanmanyň mindal bilen çalşyrylmagynyň ýürek-damar keselleriniň güýçlenmek howpuny 32% peseldip bilýändigi ýüze çykaryldy.
Mindalyň ýürek-damar ulgamy üçin peýdasy barada beýleki barlag işlerinde hem aýdylýar (meselem, ýaňy-ýakynda geçirilen “European Journal of Nutrition” neşirindäki barlagda). Bu barlaga 6802 sany uly ýaşly adamlar gatnaşdy we olar dört günüň içinde iýmit gündeligini ýöretdiler. Mindaly kabul edýänler sagdyn berhizi alyp bardylar we belogyň ýokary düzümi bolan iýmitleri, C witaminini, kletçatkalary we saglyk üçin peýdaly bolan beýleki komponentleri kabul etdiler. Olar transýaglary, uglewodlary we natriýni saklaýan iýmitleri az kabul etdiler. Mindaly söýüjileriň biliniň ýogynlygy hozy iýmedikler bilen deňeşdirilende 2,1 santimetr kiçidi.
Şeýlelik bilen, barlaglar mindalyň diňe bir dietologiki nukdaýnazardan däl-de, eýsem, ýürek-damar ulgamynyň sagdyn işi nukdaýnazaryndan hem peýdalydygyny görkezýär.