YNSANYÑ MYMYK HÖWRI
Pişik öý haýwanlarynyñ hiç birine meñzemeýär. Beýleki jandarlara garanyñda, ol juda özbaşdak. Ol, aslyýetinde, adama boýun egäýibem baranok. Pişik bilen dostlaşjak bolsañ, oña mähirli garamaly.
Juda gadym wagtlardan bäri adamlar bu haýwana aýratyn sarpa goýupdyrlar. Meselem, Müsürde pişigi Basta Hudaýyñ höwri hasaplapdyrlar. Basta Aýyñ, çaga öndürmegiñ, köpelmegiñ Hudaýy bolupdyr. Barlagçy Ýe. A. Bogdanowyñ aýtmagyna görä, pişige şeýle garalmagy onuñ gijelerine ýatmaýanlygy hem-de çalt köpelmäge ukyplylygy bilen bolmaly.
Ylymda makullanylan pikire görä, pişik Ýewropa Müsürden getirilipdir. Olaryñ has köpeldilen wagty biziñ ýyl hasabymyzyñ IV asyryna degişli bolupdyr. Şonda Ýewropa äpet alaka sürüleri sürnüp geler eken. Injilde, hindi wedlerinde, hytaý çeşmelerinde, zoroastrizme uýýanlaryñ ''Awestasynda'' pişigiñ agzalmaýandygyna salgylanyp, barlagçylar pişik Müsürden başga ýerde bolmandyr diýen netijä gelipdirler. Emma Türkmenistanda iññän gadym wagtlardan bäri ýabany pişikleriñ ençeme görnüşi ㅡ sähra pişigi, alañ pişigi, gamyşlyk pişigi, manul, karakal bolupdyr. Aşgabadyñ golaýynda Jeýtun diýen ýer bar. Ol ýerde ýedi müñ ýyl mundan öñ ekerançylar ýaşapdyr. Ana, şol ýerde sähra pişiginiñ, alañ pişiginiñ süñkleriniñ ençeme bölegi tapyldy. Olar ähli tapylan haýwan süñkleriniñ 0,7 prosentine barabardyr. Ýabany pişikleriñ süñkleriniñ şonça möçberde tapylan ýeri bolan Jeýtun Orta Aziýada ýeke-täk ýadygärlikdir. Türkmenistanyñ Altyndepe pesinde-de, Eýranyñ Aly Koşunda-da, Palestinanyñ Isrihonynda-da, Siriýanyñ El Abu Hureýrasynda-da şonça süñk tapylmandyr. Megerem, Türkmenistanyñ gadymy ekerançylary galak-gaçakdan iýmitlenmegi niýet edinip, ilatly ýerlere aralaşan sähra pişigini eldekileşdirmäge synanyşan bolmaly.
Müsürde pişige nähili garandyklary barada maglumat köp. Ol ýerde pişigiñ şekili, oña garalyşy barada ýazgylar saklanypdyr. Faraonlaryñ bäşinji neberesiniñ (biziñ ýyl hasabymyzdan öñki IV müñýyllyk) ýadygärliklerinde boýny bagly pişigiñ şekili bar. Müsürliler öý pişigini batgaçy geçigaplañ bilen argaşdyryp, alnan nesli suw guşlaryny awlamakda ulanar ekenler. Olar pişigi öýüñ gelşigi hasaplapdyrlar. Gerodotyñ ýazgysyna görä (biziñ ýyl hasabymyzdan ozalky V asyr), Basta Hudaýyñ baýramçylygyna 700 müñ töweregi adam ýygnanar eken. Müsürde pişigi öldüreni, tötänlikde öldürenem bolsa, ölüm jezasyna höküm edipdirler.
Pişigiñ üýtgeşik bir ukybynyñ bardygyny adamlar gadym wagtlardan bäri bilipdirler. Ol gahary geleni köşeşdirip bilýär, tebigy hadysanyñ boljagyny birnäçe gün öñünden añýar. Ol ýüzlerçe kilometr aralykdan goýberseñem, öz eýesiniñ öýüni tapýar. Tebipleriñ, aýratynam, gara pişigi ýaran edinýändikleri tötänden däldir, olar öz hünärlerinde pişigi ulanýarlar. Orta asyrlarda Ýewropada inkwizisiýa (dindarlaryñ sütemi) örç alan mahalynda pişik dowzah nyşany, jadygöýleriñ ýarany hadaplanypdyr. Pişigi eýesi bilen bilelikde oda atypdyrlar. Flandriýada, Ipern şäherinde agyz beklenýän aýyñ iki hepdesinden soñ her çarşenbede beýik minaranyñ depesinden aşak oklar ekenler. Oña ''pişik çarşenbesi diýer ekenler. Graf Balduin Flandriýalynyñ 962-nji ýylda girizen şol dessury XIX asyryñ ortalaryna çenli dowam edipdir.
It bilen pişigi yslamam nejis jandarlar hasaplaýar. Ýöne, köp halatlarda, munuñ özi arassaçylyk, päkizelik bilen baglanyşyklydyr. Ýöne, yslam jandarlara zabun daraşmaga ýol bermeýär. Meselem, etnograf A. Orazow Demirgazyk Türkmenistanda ýazyp alan rowaýatlarynyñ birinde şeýle diýilýär: ''Bir sapar Muhammet pygamber adamlar bilen söhbet edip otyrka, bir pişik gelip, onuñ donunyñ syýynda uklap galypdyr. Turup gitjek bolanda, Muhammet pişigi oýarmajak bolup, donunyñ syýyny kesip ötägidipdir''. Türkmenlerde pişigi öldürmäge ýol berilmeýär. Eger pişigi öldürseñ, o dünýäde derisini dolduryp altyn bermelimiş diýen düşünje-de bar. Türkmenler ýeke bir pişige däl, beýleki jandarlara-da seresap çemeleşýärler. Bu bolsa tebigatda deñeçerli saklamaga hemaýat edýär.
Öwez GÜNDOGDYÝEW
Ahal durmuşy gazeti. 04.09.2000 ý.