Soňky wagtlarda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän maslahatlar köpeldi. Sanly tehnologiýanyň bu görnüşi uzak aralyga gitmezden söhbetdeşlik etmäge mümkinçilik berýär. Käbir ýankompýuterlerde web-kamera bolup, ol wideojaňlary etmäge mümkinçilik berýär. Adaty kompýuterleriň köpüsi üçin bolsa, aýratynlykda web-kamera almaly bolýar. Eýsem, öňünde tarapynda kamera bolan smartfonlary bu maksat bilen ulanyp bolmaýarmy? Elbetde bolýar. Munuň üçin birnäçe programma bar. Ine olaryň käbiri:
“EpocCam”: bu programmada USB we Wi-Fi arkaly wideony görüp bolýar. Bu programma telefonyňyzy mikrofon hökmünde hem ulanmaga mümkinçilik berýär. Tölegsiz görnüşi arkaly 640 x 480 durulygynda wideojaň hödürlenýär. “iOS” we “Android” telefonlarda göçürip alyp bolýan bu programmany guranyňyzda, “Epoccam” atly “kamera” peýda bolýar.
“iVCam”: “iOS” we “Android” amaly ulgamlarynda elýeterli bolan programmany “Windows” kompýuterlerde hem ulanyp bolýar. USB hem-de Wi-Fi arkaly aragatnaşyk hödürleýän “iVCam” “iPhone” smartfonlarynda ulanylanda kompýuterde “iTunes” bolmagy talap edilýär.
“Iriun”: bu programmany “Android”, “iOS”, “Windows”, “MacOs” we “Ubuntu” amaly ulgamly smartfonlarda we kompýuterlerde ulanyp bolýar. Tölegsiz görnüşinde hiç hili mahabat görkezilmeýär. Tölegli görnüşlerinde 4K çenli durulykda wideo görmegiňize mümkinçilik berilýär.

Cheshmesi:zamanturkmenistan

Tehnologiýa, bank tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir