Fitnes Alsgeýmer keseli bilen göreşmekde kömek edýär
Fiziki maşklaryň beýni üçin peýdalydygy, esasanam, ýady kämilleşdirýändigi ylma ir wagtdan bäri bellidir. Ýöne türgenleşik wagtynda şu üstünlikleri ýüze çykaryjy nämeler bolup geçýärkä? Täze geçirilen barlag fiziki maşklaryň beýniniň ýat bilen baglanyşykly iki sany esasy ýerinde ganyň hereketini güýçlendirýändigini görkezdi. Geň ýeri, bu proses ýadyň kognitiw başarnyklary kämilleşdirmekde meselesi bolan hatda garry adamlara-da kömek edip bilýär. Bu açyş, alymlaryň pikiriçe, Alsgeýmer keseliniň geljekki barlaglary üçin esas bolup biler. “Belki, biz birwagt gan akymyny beýniniň bu esasy ýerlerine howpsuz ugrukdyryp biljek dermanlary ýa-da bejergi işlerini oýlap taparys” – diýip, barlagçylar belleýärler.
Häzirki wagtda onlarça million adam bu näsazlykdan ejir çekýär, ýeke ABŞ-da olar 5 mln-dan gowrak, 2050-nji ýyla çenli olaryň sanynyň üç esse artmagyna garaşylýar. Geçirilen barlag Journal of Alzheimer’s Disease neşirinde neşir edildi.
Işiň netijesi ýaşy 60-dan ýokary bolan ýat näsazlykly 30 gatnaşyjyda uzak wagtlaýyn ýatda we beýnide ganyň hereketinde üýtgeşmeleriň ýüze çykandygyny görkezdi. Bu barada popmech.ru habar berýär. Olaryň ýarysy aerobika türgenleşiginiň bir ýyllyk okuwyny geçdiler, galanlary bolsa diňe bedeniňi we onuň aýratyn böleklerini ýazdyrma maşklary bilen meşgullandylar.
Aerobika bilen meşgullanan topar bir ýyllyk okuwdan soň ýadyň 47% gowulaşandygyny görkezdi. Birinji toparyň gatnaşyjylarynyň kelle beýnisiniň barlagyň başynda-da, ahyrynda-da asuda tertipde doldurylan tomografiýasy öňdäki guşaklyk barda we gippokampa – ýadyň wezipesini ýerine ýetirmekde möhüm roly ýerine ýetirýän nerw ulgamyna ganyň akymynyň artandygyny görkezdi.
“Biz hatda ýadyňyzyň ýitip başlanda-da, siziň heniz hem fiziki işjeňligi öz durmuşyňyza aralaşdyrmak bilen bu ýagdaýdan baş çykaryp biljekdigiňizi görkezdik” – diýip, işiň awtory belleýär.