Aýhan Hajyýew
(1924-1998 ýý.)
Türkmen şekillendiriş sungatynda öçmejek yz galdyran suratkeşleriň biri Türkmenistanyň halk suratkeşi, Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty, professor Aýhan Hajyýewdir.
A.Hajýyýew türkmen şekillendiriş sungatynyň milli mekdebiniň düýbini tutujylaryň biri bolmak bilen, ýaş sungat nesilleriniň kemala gelmegini uly goşant goşdy. Ol Türkmen döwlet çeperçilik uçilişesinde 25 ýyldan gowrak wagt zähmet çekip, şekillendiriş sungatynyň inçe syrlaryny ýaşlara öwretdi. Onuň ýetişdiren şägirtleriniň köpüsi häzirki milli şekillendiriş sungatymyzyň görnükli wekilleridir. Halypa suratkeşiň tagallalary bilen milli binagärlik sungatymyz hem ösüşiň täze belentliklerine ýetdi.
Ol 1924-nji ýylyň 26-njy aprelinde Aşgabat şäheriniň Bagyr obasynda dünýä inýär. Aýhan 1937-nji ýylda, heniz 13 ýaşyndaka Russiýa Federasiýasynyň paýtagty Moskwa şäherinde geçirilen “Çagalaryň şekillendiriş sungaty we edebi döredijili” atly bäsleşik-sergisine gatnaşýar. Bu abraýly halkara çäresinde A.Hajyýewiň akwarelde çeken suratlary 2-nji orna mynasyp bolýar. Şoňa görä-de ýaş suratkeşiň döreden eserlerini «Ýaşajyk suratkeş» («Юный художник») žurnalynda çap edilýär. Ol bu eserleriniň birinde türkmen ýaşlarynyň ulular bilen bilelikde pagta ýygymyna goşýan saldamly goşandyny ussatlyk bilen janlandyrýar. Suratkeşiň beýleki bir suratynda bolsa türkmen tebigatynyň ajaýyplyklary ussatlyk bilen wasp edilip, onda oba daýhanlarynyň bagyň saýasynda dynç alýan pursaty şekillendirilýär.
Aşgabadyň çagalar çeperçilik mekdebiniň taýýarlyk synpynda okaýan ýaş suratkeşiň halkara çäresinde gazanan bu uly üstünligi, sungat ugrundan has çuň bilim almaga ruhlandyrýar. Şoňa görä-de ol 1938-nji ýylda Ş.Rustawelli adyndaky Türkmen döwlet çeperçilik uçilişesine nakgaşçylyk hünärine okuwa girýär. A.Hajyýewe öz döwrüniň meşhur sungat ussady, belli nakgaş Ý.P.Daneşwaryň şägirdi bolup, ondan şekillendiriş sungatynyň inçe syrlaryny öwrenmek bagty nesip edýär. 1942-nji ýylda okuwyny tamamlansoň, ol Moskwanyň W.I.Surikow adyndaky çeperçilik institutynda okuwyny dowam edýär.
Suratkeş talyplyk ýyllarynda P.Kotow, I.Çekmazow, W.W.Faworskaýa, P. D. Pokaržewskiý ýaly ussat halypalaryň elinde tälim alyp alyp, sungatyň täsin dünýäsine has içgin aralaşmaga mümkinçilik tapýar. Ol ýigrimi üç ýaşyndaka ýene-de bir abraýly bäsleşigiň ýeňijisi bolmak bagtyna eýe bolýar. 1947-nji ýylda ýaş suratkeşiň çeken suraty Gündogaryň akyldary, beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň keşbini döretmekde baş baýraga mynasyp bolýar. Şeýlelik-de, döredijilikli gözlegleriň netijesinde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň keşbi ilkinji gezek döredilýär.