Hytaý antihytaý syýasaty üçin Awstraliýa garşy sanksiýa girizýär
Hytaý antihytaý syýasaty üçin Awstraliýa garşy sanksiýa girizýär. Ýurtlaryň arasyndaky düşünişmezlik awstraliýa hökümetiniň COVID-19 epidemiýasynyň sebäbini derňäp başlamaklygy esasynda ýüze çykdy. Şol sebäpli Hytaý Awstraliýany demir we beýleki magdanlaryň importundan ýüz öwürjekdigi bilen gorkuzdy. Bu barada delovoe.tv habar berýär.
Hytaý Awstraliýanyň metallurgiýa kärhanalary üçin söwdanyň esasy bazarlarynyň biri hasaplanylýar. Awstraliýanyň eksportunyň üçden biri Hytaýyň paýyna düşýär. Demir magdanynyň eksport göwrümi $63 milliard, galan ýola goýulmalaryň göwrümi $135 milliard bilen bahalandyrylýar.
Sanksiýa ýurtlaryň gatnaşygyndaky dartgynlylygyň Awstraliýa zyýan ýetirýändigi sebäpli, hökümetleri alada goýýar. Awstraliýadan magdanyň importunyň gadagan edilmeginiň we Hytaýyň ugruny Braziliýanyň bazarlaryna gönükdirmeginiň mümkindigi baradaky maglumat Awstraliýanyň magdan gazyp alyjy kompaniýalarynyň arasynda howsala döretdi.
Hytaýyň sanksiýasyndan zyýan çekip biljek kärhana işgärleri eýýäm Awstraliýanyň premýer ministrine ýüz tutdular. “Awstraliýa gorkuzmadan gorkmaly däldir” – diýip, News.com.au neşiri iri kärdeşler arkalaşyklarynyň biriniň lideriniň hatyndaky teksti getirýär.
Awstraliýadan Hytaýa tarap goýulýan esasy harytlaryň arasynda sygyr eti we arpa däneli ekinleri bar. Mundan başga-da, HHR-e tarap pagta, ýüň, süýt we galla önümleri, miwe, gök önümler hem-de deňiz önümleri ýola iberilýär.
Awstraliýanyň oba hojalyk kompaniýasynyň paýnamalary 5,6% pese düşdi. Ýatladyp geçsek, ol Awstraliýanyň territoriýasynda iri gurama hasaplanylýar, kompaniýanyň gymmatly kagyzlarynyň pese gaçmagy alty hepdäniň içinde maksimal derejä ýetdi.