«Boeing-iň» ýolbaşçysy ABŞ-da awiagatnawlary dikeltmek boýunça pikirini aýtdy
Amerikan awiakompaniýalarynyň ýolagçy gatnawlarynyň göwrümi 2020-nji ýylyň ahyryna çenli koronawirus pandemiýasyndan ozalky derejesinden maksimum 50%-e çenli ýetiriler diýip, Boeing awiagurluşyk korporasiýasynyň ýolbaşçysy Dewid Kelhun NBC kanalyna beren interwýusynda aýdýar. Bu barada aif.ru habar berýär.
Onuň aýtmagyna görä, iş prosesini kadalaşdyrmak dowamly we kyn bolar. Belläp geçsek, ABŞ-nyň hökümeti martyň ahyrynda koronawirus ýaýrawynyň esasynda awiagatnaşyklarynyň ýapylýandygy barada habar berdi. Koronawirus bilen bagly ýagdaý sebäpli ABŞ-da ýolagçy gatnawlary tas 95% pese düşdi. Meýletin rugsada ABŞ-nyň dört sany öňdebaryjy awiakompaniýalarynyň 100 müňden gowrak işgäri iberildi. Awiagatnadyjylaryň ýitgileri milliard dollar bilen bahalandyrylýar. 2020-nji ýylyň birinji çärýeginde United Airlines 2,1 mlrd dollary ýitirdi, awiakompaniýanyň girdejileri 2019-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 17%, ýagny 8 mlrd dollara çenli pese gaçdy.
Berkshire Hathaway fondunyň ýolbaşçysy Uorren Baffet aprelde paýy dört sany öňdebaryjy amerikan awiagatnadyjylarynda satandygyny habar berdi. 2016-njy ýylda 7-8 milliard dollara alnan 10% jemi paý geçen aýda 6,1 mlrd dollara satyldy.
ABŞ-nyň maliýe ministri martyň ahyrynda koronawirus pandemiýasy sebäpli ýurduň kynçylyk çeken awiagatnadyjylaryny goldamak üçin 25 milliard dollary bölüp aýyrdy. Apreliň ortalarynda gurama bu serişdeleriň on sany iri amerikan kompaniýalaryna, şol sanda American Airlines we Delta Air Lines kompaniýalaryna sarp ediljekdigini habar berdi.