Alymlar ýangyjy suwdan öndürmek üçin gurluş döretdiler
Dünýäniň ähli ýerinden alymlar wodorod ýangyjyny suwdan almagyň netijeli usulyny tapmaga synanyşýarlar. Tehasda Raýs uniwersitetiniň hünärmenleri bu ýumşy ýerine ýetirip biljek Gün energiýasynda işleýän gurluşy döretdiler. Bu barada news.ru habar berýär.
“Science Alert” neşiriniň habar bermegine görä, bu gurluşy döredijiler ony ýangyç öndürmek üçin suwa oklamagyň ýeterlikdigini belleýärler, şunuň bilen birlikde ol hiç hili zyýanly galyndylary emele getirmeýär. Netije gün panelleriniň döredilýän perowskit seýrek mineralynyň ulanylmagynyň hasabyna alynýar.
Gurluş suwa düşeninden soň, onda Gün şöhlesiniň täsiri bilen himiki reaksiýa bolup geçýär, bu bolsa wodorod ýangyjynyň emele gelmegine getirýär. Gurluşy döredijiler geljekde olaryň oýlap tapan önüminiň Gün energiýasyny ýygnap, oňa Gün şöhlesi ýetmedik ýagdaýynda işläp biljekdigini aýdýarlar. Şeýle-de, alymlar gurluşyň olaryň özleri tarapyndan öndürilen ýangyçda hem işläp bilmegini gazanmagyň üstünde işleýärler.
Bu täze gurluşyň bir kem tarapy onuň gymmat bahalygyndadyr, sebäbi perowskit – seýrek we örän gymmatly material. Eger-de alymlara onuň alternatiwasyny tapmak başartsa, gurluş köpçülikleýin önümçilige goýberilip bilner.