Türkiýe daşary ýurtly syýahatçylary täze düzgün boýunça kabul eder
Türkiýe Respublikasy tomus möwsüminiň gelmegi bilen syýahatçylyk pudagyny işjeňleşdirmegi meýilleşdirýär. Munuň üçin ýurduň käbir ministrlikleri, şol san-da Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi sagdyn syýahatçylyk sertifikasiýa meýilnamasyny ýola goýmagy maksat edinýär. Bu barada atavatan-turkmenistan saýty habar berýär.
Türkiýe Respublikasy täze döwürde her bir gelen myhmany lukmançylyk barlagyndan geçirmegi meýilleşdirýär. Türkiýäniň metbugatyndaky habarlara görä, ýurduň medeniýet we syýahatçylyk ministri Nuri Ersoý syýahatçy iberen ýurtlara hoşniýetlilik haty ýollap, olara syýahatçylyk pudagy üçin taýýardyklaryny mälim etmegi göz öňünde tutýandyklaryny aýtdy. Ministriň bellemegine görä, üstümizdäki ýylda myhmanhanalaryň 50-60 göterimini işletmegiň gaty gowy boljakdygy aýdylýar.
Türkiýe Respublikasy iýun aýyndan başlap, ýurduň ähli howa menzillerinde we beýleki serhetýaka ýerlerinde lukmançylyk barlag nokatlaryny döretmekçi bolýar. Şeýlelikde her bir syýahatçy barlagdan geçiriler. Barlagyň netijesiniň 5-6 sagatda belli bolýandygy, syýahatçynyň Türkiýedäki salgysy belli bolandygy üçin degişli işleri geçirmegiň mümkindigi mälim edildi. Lukmançylyk barlagynyň pasport barlagyndan öň, 2-3 minudyň dowamynda amal etmegiň mümkindigi aýdyldy.
Şeýle hem myhmanhanalarda mebelleriň, deňiz kenaryndaky oturgyçlaryň araçägi 1,5 metr bolar. Mundan başga-da, bu ýagdaý nahar üçin durulýan nobatlar üçin hem degişlidir.
Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň taýýarlan maksatnamasy myhmanlara Türkiýede dynç alşyny ygtyýarly we gigiena tarapyndan has gowy şertlerde amala aşyrmaga mümkinçilik berer. Halkara guramalar tarapyndan beriljek sertifikat bilen howa menzillerinde we beýleki ulag serişdelerinde, myhmanhanalarda, garbanyşhanalarda gigiena şertleriniň iň ýokary derejesi gazanylar.
Bu maksatnamanyň 4 ugurda, ýagny, “ýolagçylaryň saglygy we howpsuzlygy”, “işgärleriň saglygy we howpsuzlygy”, “Desgalardaky öňüni alyş çäreleri” we “ulag serişdelerindäki öňüni alyş çäreleri” ýaly ugurlary öz içine alýar.