Hytaýda syýahatçylyk gaýtadan dikelýär
Hytaýda syýahatçylyk ýene-de dikeldilip başlandy. Içerki bazarda aýlanýanlaryň sany 23 mln adamdan geçdi, bir günüň dowamynda olar 1,3 mlrd dollardan gowrak sarp etdiler. Syýahatçylar HHR-iň territoriýasyndaky ajaýyplyklaryň 70%-ine barmaga, aýlanmaga mümkinçilik gazandylar. Bu barada Euronews habar berýär.
Pekiniň ýaşaýjylary şäherden çykmaga howlugýarlar. “Awtoulaglaryň akymy minutda 40-50 ulaga barabar bolýar, kähalatlarda bolsa ol iki-üç esse artýar” – diýip, ýol polisiýasynyň işgäri aýdýar. Häzirki wagtda uçarlarda hem boş ýerler ýok.
Hökümetiň tabşyrygy boýunça ilat heniz hem ýokary howpsuzlyk çärelerini berjaý edýärler, ýagny gorag maskalaryny dakynmaly, jemgyýetçilik ýerlerinde özüňi alyp baryş hereketlerini kadalaşdyrýan aýratyn düzgünler hem saklanýar.
Hytaýyň medeniýet we syýahatçylyk ministrligi bir günüň dowamynda adamlaryň uly möçberde üýşmesiniň bolmandygyny, syýahatçylar üçin ähli açyk obýektleriň howpsuzlyk kadalaryny berjaý etmek bilen gurnalan tertip boýunça işleýändiklerini habar berýär. Syýahatçylyk obýektleri gelýän adamlaryň resmi bellenilen gündeki maksimal möçberinden häzirlikçe 30%-ni kabul edip bilýärler.