Superkompýuter COVID-19-a garşy has netijeli serişdeleri tapdy
Maýns uniwersitetiniň alymlary koronawirus infeksiýasy bilen göreşde has netijeli serişdeleri anyklamak üçin MOGON II superkompýuterini peýdalandylar, bu barada REN TW-kanalyna salgylanmak bilen Trend habar berýär.
Barlag işi iki aý dowam etdi. Onuň netijeleri uniwersitetiň saýtynda neşir edildi.
Alymlaryň aýtmagyna görä, kompýuter açyk maglumatlar bazasynda beýan edilen 42 müň sany dürli medisina maddalary bilen 30 milliard hasaplama geçirdi.
Kompýuter modelirlemesi maddalaryň SARS-CoV-2-niň belli bir beloklary bilen nähili baglanyşýandygyny we wirusyň adam organizmine girmegine nähili böwet bolýandygyny görkezdi.
Netijede, wirus bilen kesellemegiň öňüni almaga we oňa garşy durmaga simeprewira, paritaprewira, grazoprewira we welpataswira komponentleriň ukyplydygy ýüze çykaryldy. Bu maddalar C sary getirmesini bejermekde peýdalanylýar.
Şeýle-de, COVID-19 bilen göreşde ýapon üçgaty (gülli ösümlik, ol hytaý lukmançylygynda işjeň peýdalanylýar) hem ýardam edip bilýär, ol ýokary dem alyş ýollary keselli syrkawlaryň terapiýasynda ulanylýar.
Barlag işini alyp baran awtorlaryň biri, professor Tomas Effert ylmy işiň netijesini heniz barlaghana eksperimentleri we lukmançylyk synaglary bilen tassyklamagyň hökmanydygyny belleýär.