Milliarder Bernar Arno şu ýylda rekord dereje $30 mlrd ýitgi çekdi

Louis Vuitton Moët Hennessy fransuz kompaniýasynyň ýolbaşçysy Bernar Arno 30 milliard dollardan gowrak ýitgi çekdi. Şeýle maglumaty Bloomberg Billionaries Index agentligi getirýär, bu barada “Medikforum” portaly habar berýär. Bellenilip geçilişi ýaly, bu koronawirusyň esasynda dörän çökgünlik wagtynda bir adamyň ýitiren maksimal puly bolup durýar.
COVID-19 pandemiýasy sebäpli biznesmene degişli bolan dükanlaryň köpüsi tutuş dünýä boýunça bir aýlap ýapyk boldy. Bu ýylda LVMH kompaniýasynyň paýnamasy 19 göterim pese düşdi. Arnonyň korporasiýasy, esasan, Dior, Guerlain we Givenchy markalary bilen kosmetikalary satýar. Orlean, şeýle-de Şart we Bowe şäherleriniň ýanynda ýerleşýän kärhanalar täze görnüşli koronawirus pandemiýasy şertlerinde talap edilýän antiseptiki gelleriň önümçiligine geçdiler.
Kompaniýanyň maliýe müdiriniň aýtmagyna görä, Arnonyň geljekki biznesi Hytaýyň bazaryna bagly bolar, çünki şol ýere gözellik predmetleriniň satuwynyň üçden bir böleginden gowragy düşýär diýip, Bloomberg ýazýar.
Koronawirusyň bazara täsiriniň esasynda heniz mart aýynda dünýäniň 20 sany baý adamynyň emlägi umumy alanyňda tas 300 milliard dollar kemeldi. Forbes žurnalynyň maglumatlary boýunça, olaryň arasynda Arno has köp ýitirdi.
Häzirki wagtda biznesmen 90 milliard dollar möçberde baýlygy bilen “Forbesiň” sanawynyň üçünji setirini eýeleýär. Birinji we ikinji orunlarda Amazon kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jeff Bezos bilen Microsoft-y esaslandyryjy Bill Geýts ýerleşýär, olar degişlilikde 141,8 we 105,7 milliard dollara eýe.

Bilim, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir