Italiýada dünýäde koronawirusdan ilkinji sanjymyň döredilendigini habar berdiler
Italýan alymlary olara dünýäde COVID-19 koronawirus pandemiýasyna garşy göreşde kömek etjek ilkinji täsirli sanjymy döretmegiň başardandygyny habar berdiler. Bu serişdäni eýýäm barlaghana syçanlarynda barlagdan geçirip gördüler, bahym ony adamlarda synap görmäge başlarlar, bu barada Daily Mail britan tabloidine salgylanmak bilen kp.ru habar berýär.
Bellenilip geçilişi ýaly, barlag geçirijiler tejribe edilýän syçanlara lagtalanan gany goýberdiler, soňra antibedenjikleri analiz etdiler. Deslapky barlaglar antebedenjikleriň serişdeden soň koronawirus infeksiýasy bilen kesellemegi togtatmaga ýardam edýändigini görkezdi. Italýan hünärmenleriniň pikiriçe, şeýle antibedenjikler adam organizminiň öýjüklerindäki wirusy hem gowşadyp bilýärler.
“Bize belli bolşy ýaly, biz dünýäde ilkinji bolup koronawirusyň sanjym bilen gowşadylyşyny görkezdik” – diýip, lagtalanan gany işläp taýýarlamak bilen meşgullanýan Takis Biotech italýan kompaniýasynyň ýolbaşçysy belleýär.
Ol bu serişdäniň göwrümli synagynyň güýze meýilleşdirilendigini habar berdi