Ferrari pandemiýa sebäpli täze modelleriň premýerasyny soňa goýdy
Superkarlary öndüriji Ferrari kompaniýasy koronawirus pandemiýasy sebäpli täze önümleriň premýerasyny azyndan dört aý soňa goýmaly bolýar. Bu barada motor.ru habar berýär.
Koronawirus pandemiýasy awtoöndürijileri önümçiligi saklamaga we geljek üçin meýilnamalary düýpgöter üýtgetmäge mejbur etmek bilen, awtomobil senagatyna düýpli täsir etdi. “Automotive News Europe” neşiriniň habar bermegine görä, Ferrari italýan kompaniýasy özüniň täze modelleriniň premýerasyny soňa goýdy.
Ferrari täze awtomobillerini şu ýyl hödürlemegi, 2021-nji ýylda bolsa olary ýola goýmagy göz öňünde tutýar. “Ferrari hem beýleki awtokompaniýalar ýaly, özüniň täze koronawirus ýaýrawy täsir eden häzirki maliýe ýagdaýyny gözden geçirdi we täze modelleriň premýerasyny soňa goýmaly diýen karara geldi” – diýip, Ferrariniň baş müdiri Lui Kamilleri belleýär.
Çen bilen, soňa goýlan täze awtomobiller SF90 Stradale modifikasiýasy we gibrid superkary bolmaly. 2020-nji ýylda Ferrari-niň müşderileri Roma, SF90 Stradale, F8 Tributo, F8 Spider we 812 GTS modelleriniň ilkinji ekzemplýaryna eýe bolmaly. Geçen ýyl italýan markasy üçin şowly boldy, çünki kompaniýa özüniň taryhynda ilkinji gezek 10 müňden gowrak awtomobili satdy, ýöne bu ýylda analitikler 4-15% pese gaçyş bolar diýip pikir edýärler.