Alymlar ysyň artykmaç agrama täsir edýändigini ýüze çykardylar
Alymlar ys bilen ýagyň ýygnanmagynyň arasyndaky üýtgeşik baglanyşygy anyklamagy başardylar. Bu barada “Nature Communications” žurnalyna salgylanmak bilen tvbrics.com saýty habar berýär.
Ýatladyp geçsek, öň alymlar ys alyş bilen madda çalşygynyň baglanyşyklydygyny subut etdiler. Ýöne heniz şeýle arabaglanyşygyň mehanizmleri näbelli.
Derňew geçirijiler adamyň burnunyň ys alyş reseptorlarynyň 450 görnüşine eýedigini we onuň trillionlarça ysy tapawutlandyrmaga ukyplydygyny belleýärler. Ekspertler tegelek gurçuklarda birnäçe barlaglary geçirdiler, sebäbi olaryň nerw ulgamy öýjükler boýunça ýerleşen we olar ys alyş neýronlarynyň üç jübütine eýe. Kesgitli bir ysyň esasynda nerw öýjükleriniň haýsyda bolsa biri togtaýar ýa-da oýanýar.
Täze derňewiň dowamynda şu neýronlaryň käbirleriniň herekete gelmek bilen ýa-ha agramyň artmagyna ýa-da ýagyň harçlanmagyna ýardam edýändigi anyklanyldy. Ýöne alymlaryň ýaglaryň alyş-çalşygyna jogap berýän şol nerw öýjüklerini herekete getirýän yslary saýlap alandygyny belläp geçmek gerek.
Mehanizmiň özi ys alyş nerw öýjükleri tarapyndan aýratynlanýan FLP-1 neýropeptidi arkaly işe girizildi. Biohimiki täsirleriň birnäçesinden soň täsir ýag çalşygyny sazlaýan genleriň işine baryp ýetýär.
Bulardan başga-da, alymlar haýwanyň iýmit endiginiň üýtgemeýändigini belläp geçýärler: organizm şol bir kaloriýany sarp edýär, ýöne ysa baglylykda onda ýa-ha az ýa-da köp kaloriýa ýygnanyp bilýär.

Bilim, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir