Fransiýa adatdan daşary ýagdaý režimini 24-nji iýula çenli uzaltmakçy bolýar
Fransiýada saglygy goraýyş pudagynda “adatdan daşary ýagdaý režimi” 24-nji iýula çenli uzaldylar. COVID-19 koronawirusyna garşy göreş üçin girizilen “adatdan daşary ýagdaý režiminiň” iki aý uzaldylýandygy barada Frans-Press agentligi (AFP) Fransiýanyň saglygy goraýyş we raýdaşlyk ministri Oliwýe Werana salgylanmak bilen habar berýär, diýip kommersant.ru belleýär.
Bu teklip mejlise 4-nji maýdan giriziler. Resminamada režimiň ýatyrylmagynyň bu aýda “biwagt” boljakdygy aýdylýar. Režimiň aýrylmagy “keseliň ýaýramak ähtimallygynyň güýçlenmegine getirip biler”. Fransiýada adatdan daşary ýagdaý režimi 24-nji martdan bäri dowam edýär.
“Biz biraz wagtlyk wirus bilen ýaşamaly bolýarys” – diýip, Fransiýanyň içeri işler boýunça ministri Kristof Kastaner belleýär. “Bu kanuny taslama – biziň epidemiologik ýagdaýyň ösüşine çalt we netijeli jogap bermäge ukyplylygymyzyň kepilidir” – diýip, ol sözüniň üstüne goşýar.
Öň, 11-nji maýdan Fransiýada mekdepleriň we restoranlaryň işläp başlajakdygy habar berildi. Ýöne muzeýler, mümkin, iýunyň ikinji ýarymyna çenli ýapyk bolar. Şondan soň, ähtimal, ilat öýlerinden arkaýyn çykyp biler.
Fransiýanyň jemi içerki önümi birinji çärýekde 2019-njy ýylyň dördünji çärýegi bilen deňeşdirilende 5,8% pese düşdi. Bu Fransiýanyň Ikinji jahan urşundan bäri JIÖ-niň iň pese düşen wagtydyr.