Germaniýa mekdepleri açmak we sport ýaryşlaryna rugsat bermek kararyna geldi
Germaniýanyň hökümeti ýurtda mekdepleri açmak we sport ýaryşlaryna rugsat bermek kararyna geldi. Bu barada GFR-niň federal kansleri Angela Merkel brifingde habar berdi, muny sovetov.su ýetirýär.
Merkel çykyş etmek bilen “biz zerur şertleri berjaý edip, sport meýdançalaryny, muzeýler, sergi zallar, galereýalar, memoriallar ýaly medeniýet edaralaryny, şeýle-de zoologiýa we botanika bagyny açmak kararyna geldik” diýip belledi. Şonuň bilen birlikde ol edaralaryň haçan we nähili tertipde açyljakdygy baradaky meseläniň ýerli hökümetleriň üns merkezindedigini nygtady.
Angela Merkeliň aýtmagyna görä, çäklendirmeleri aýyrmagyň möhletini 6-njy maýda maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.
Belli bolşy ýaly, 16-njy martdan Germaniýada koronawirus pandemiýasy bilen baglylykda okuw jaýlary ýapylypdy. 23-nji martdan bolsa medeniýet we sport edaralary, azyk önümlerinden gaýry harytlar dükanlary, kafeler we restoranlar, gözellik salonlary we dellekhanalar ýapyldy. Ilata işe, azyk önümleri dükanyna gitmek üçin köçä çykmaga hem-de indiwidual sport bilen meşgullanmaga, gezelenç etmäge rugsat berilýär.
Ýöne ýurtda uly göwrümli köpçülikleýin çäreler heniz gadagan edilýär. Hökümetiň hasabyna görä, olaryň geçirilmegi pesinden 31-nji awgusta çenli soňa goýlar.
Ýatladyp geçsek, mart aýynda Angela Merkel koronawirus ýüze çykarylan lukman bilen duşuşanyndan soň karantine iberildi. Germaniýanyň kansleri 3-nji aprelde işe başlady.
Soňky maglumatlar boýunça ýurtda COVID-19 bilen kesellänleriň 162 müňüsi hasaba alyndy. Şonuň bilen birlikde 123 müň adam sagaldy, 6,5 müňden gowragy ýogaldy. Ýurt kesellileriň sany boýunça dünýäde altynjy orunda ýerleşýär.

Bilim, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir