Iki ýyl ozal Argentinanyň Wilýa-Karlos-Pas şäherinde güýçli ýagynly howa bolup, uly göwrümli doly ýagdy. Agzalýan tebigy hadysada şähere düşen doly böleginiň häzire çenli ýagan iň uly doludygy mälim edildi. Onuň ululygy 23,7 sm töweregi eken. Bu ululyk onuň häzire çenli hasaba alnan iň uly doly bölegidigini aňladýar. Mundan ozal iň uly doly rekordy ABŞ-nyň Günorta Dakotada ştatynda hasaba alnan 20 sm-lik doly bölegine degişli. Bilermenler seýrek hem bolsa şeýle iri buzlaryň ýagýandygyny belleýärler.

Bilim, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir