Owadanlygy we ýaşlygy saklamak üçin iň gowy önümler anyklanyldy

Ýaş görünmek we owadanlygyny uzak ýyllaryň dowamynda saklamak isleýänler öz iýmit rasionyna retinola baý bolan önümleri goşmaly. Meselem, onuň iň gowy çeşmesi süýt önümleri hasaplanylýar.
Cursorinfo saýtynyň MedikForum.ru portalyna salgylanmak bilen habar bermegine görä, hünärmenler retinolly önümleri garrama garşy durujy hasaplaýarlar: olar ýygyrtlaryň döremegini gowşadýar, derini ýaşartmak bilen, ony has gözel edýär.
“Retinol – bu A witamini. Retinola baý önümleri saýlamak bilen siz deriniň çeýeligini ýokarlandyrarsyňyz, ýüzde döräp biljek garrama alamatlarynyň ýüze çykmagyny gowşadarsyňyz” – diýip hünärmenler “The Health Site” portalynda habar berýärler.
Süýt. Dürli görnüşli süýt önümleri (ýogurt, gaýmak, peýnir, mesge) deriniň ýaşlygyny we ýumşaklygyny üpjün edýän belogyň-kollageniň işlenilip çykarylmagyny ýokarlandyrýar. Süýt önümleriniň kömegi bilen deri uly ýygyrtlaryň döremeginden goragly bolýar.
Balyk. Skumbriýa, losos, tunes balyklaryny iýiň: olar deriniň sagdyn ýagdaýyny saklamak üçin diýseň peýdaly bolan omega-3 ýag kislotalary bilen üpjün edilen. Gowy netijeleri gazanmak üçin balygy hepdede üç gezekden iýmek maslahat berilýär.
Et. Size diňe bir retinoly däl-de, eýsem, B toparynyň witaminlerini hem berýär, munuň netijesinde gan aýlanyşyk gowulanýar. Bu bolsa deriniň maýyşgaklygyny artdyrýar, onuň ýaşlygyny we nurlulygyny saklaýar.
Guş eti. Munuň kabul edilmegi deriniň Günüň täsiri esasynda dörän zeperlerden, uly gasynlardan goraglylygyny üpjün edýär. Owadan we ýaş görünmek üçin, hünärmenler guş etini hepdede azyndan 3 gezek iýmegi maslahat berýärler.

Bilim, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir