Biologlar sowadylan önümleriň süýjüliginiň peselýändigini düşündirdiler
Süýji tagamlar sowadylan ýagdaýynda olaryň tagamy ýyly wagtyna garanda gaty bir süýji däl ýaly görünýär. Muny erän doňdurmany dadyp gören adamlaryň köpüsi duýýarlar. Alym-biologlar bu üýtgeşik tagamly effektiň näme bilen baglydygyny anyklamak kararyna geldiler.
Aslynda, hünärmenler süýjülikleriň doňdurylan ýagdaýynda tagamynyň peselýändigine ozaldan üns beripdiler, ýöne olar öň bu hadysanyň tebigatyny biljek bolmadylar. Indi bolsa ajy tagamyň kabul edilmegine jogap berýän tagam reseptorlarynyň iş prinsipiniň esasynda şeýle hadysanyň ýüze çykýandygyny anyklamaga mümkinçilik beren degişli tejribeler geçirildi. Bu barada actualnews.org habar berýär. Alymlar süýjülikleriň tagamynyň molekulýar derejede peseliş mehanizmini öwrenmek bilen drozofil-siňekleriniň gatnaşmagynda tejribe geçirdiler. Netijede, şeýle effektiň süýji tagamy kabul etmeklige jogap berýän reseptorlar bilen hiç hili baglanyşygynyň ýokdugy anyklanyldy, sebäbi olara sowuk hiç hili täsir etmeýär. Ähli iş temperaturanyň üýtgemegine işjeň täsirlenýän ajy tagam reseptorlarynda jemlenýän eken.
Biologlar siňekler bilen bagly ýagdaýda-da şeýle hadysa daşky temperaturanyň täsiri güýçli bolan metabolizmiň aýratynlygy esasynda ýüze çykyp biler diýip belleýärler. Sebäbi bu eksperimentiň çäklerinde siňekler hem ýyly, hem sowadylan süýji tagamlara işdämenlik bilen çozdular, ýöne şol bir wagtda sowuk iýmit olara has ajy ýaly göründi.

Bilim, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir