BSGG: koronawirus pandemiýasy wagtynda sagdyn durmuş ýörelgelerini nädip dogry berjaý etmeli

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy koronawirus pandemiýasy döwründe sagdyn durmuş ýörelgelerini dogry berjaý etmegiň düzgünlerini düşündirdi. BSGG-niň Ýewropa edarasynyň ýolbaşçysy Žoao Bredanyň aýdyşy ýaly, öýde galyp işlenilýän wagtynda her ýarym sagatdan arakesme etmek zerurdyr.
Arakesme wagtynda söýgüli aýdymçyňyzyň aýdymyna tans edip bilersiňiz, çagalar bilen oýnap bilersiňiz, öýüň arassaçylygy bilen meşgullanyp bolar ýa-da ekiniňe ideg etmeli – diýip Ria Nowosti agentligi onuň aýdanlaryny getirýär.
Fiziki işjeňlik üçin her gün wagt bölüp aýyrmalydyr. Eger-de bu işjeňlik ýokary agyr bolsa, onda olara günde 75 minut sarp etmeli. Orta agyrlykdaky işjeňlige her gün 150 minut sarp etseň hem bolar. Bu kadalary hatda öýden çykman hem, ýörite sport enjamlary bolmazdan we çäklendirilen giňişlikde hem berjaý edip bolar – diýip Breda belleýär.
BSGG-niň wekili şeýle hem süýjüliklerdir ýaglary aşa köp kabul etmekden saklanmaga, şeýle hem alkogoldan ýüz öwürmäge çagyrýar. Onuň aýtmagyna görä, öýde galynýan wagtlarda bakja, miwe we peýdaly däneli önümlere has köp ähmiýet bermeli.

Bilim, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir