Meşhur ahalteke bedewiniň şan-şöhraty müňýyllyklaryň dowamynda äleme dolup gelýär..."

Ahalteke bedewi türkmen halkynyň dünýä beren ajaýyp gymmatlygydyr. Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri ajaýyp ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdiripdirler. Soňky ýüzýyllyklarda bolsa atlar çalşyryp bolmaýan haýwana, türkmenleriň ýaşaýyş-durmuşynyň ähli gurşawlarynda has ýakyn dostuna öwrülipdir. Muňa ýurdumyzda ýüze çykarylan we muzeýlerimizde ýerleşdirilen at şekilli dürli tapyndylar, atyň suraty çekilen küýze döwükleri şaýatlyk edýär. Ahalteke bedewleriniň taryhy watany Türkmenistan bolupdyr. Türkmenler hysyrdyly we tutanýerli zähmetiň netijesinde ýabany, özerkli atlardan gözelligi boýunça hiç bir atlar bilen denäp bolmajak, asylly, bütin dünýä meşhur bolan ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmegi başardylar.
Belli bolşy ýaly, türkmen bedewleriniň gözelligi we wepalylygy ähli dessanlarda, folklor eserlerde, aýdymlarda wasp edilipdir, olaryň keşbi çeperçilik we amaly-haşam sungatynyň ýadygärliklerinde, taryhy-geografik işlerde, çeper edebiýatda döredilipdir. Türkmen bedewleri baradaky wajyp maglumatlar köp sanly taryhy ýazuw çeşmelerinde hem duş gelýär. Baryp Aleksandr Makedonskiniň görkezmesi boýunça ýazylan “Isgenderiň bedewnamasy” atly eserde, Oguz-Orhon ýazgylarynda, Parfiýa çeşmelerinde türkmen atlary, olaryň şöhraty hakynda maglumatlaryň bolmagy juda guwandyryjydyr. Öz gözbaşyny Oguz han döwründen alyp gaýdýan bedewlerimiziň tarypy “Oguznamada” hem gabat gelýär. Onda Külteginiň ýigrimi ýedi ýaşynda Alp Çalgy diýen ak aty münüp, ýeňiş gazanandygy, soňra onuň bu atynda köp gezek söweşip taryha girendigi bellenilýär. Oguz han hem hut özüniň atçylyk goşunynyň kömegi bilen uzak ýyllaryň dowamynda (75 ýyl) goranyş we hüjüm uruşlaryny üstünlikli alyp barypdyr. Şulardan görşümiz ýaly, oguz türkmenleriň durmuşynda iň gadymy döwürlerden bäri bedewleriň taýsyz orny we ähmiýeti bellenilipdir, çünki olaryň kömegi bilen ýeňişler gazanylypdyr.
Türkmen behişdi bedewleri barada taryhy maglumatlar “Gorkut ata” gadymy türkmen eposynda hem berlipdir. Bu irki orta asyr ýadygärliginde türkmen ýigitleriniň öz ilini gorap, atyň üstünde söweşendikleri, at bilen bagly dürli toý dessurlary barada taryhy maglumatlar getirilýär. “Gorkut ata” eposynyň giriş bölüminde ilat arasynda giňden ýaýran birnäçe taryhy nakyllar getirlipdir. Olar şulardyr: «Ata namart ýigit münibilmez, onuň müneninden münmedigi ýegdir», «Kokuz ýerler çemenlerin gulan biler». “Gorkut atanyň” gahrymanlary we olaryň ynamdar ýoldaşlary-atlary aýrylmaz. Atlylar öz ilini gahrymançylykly gorap söweşipdirler.
Türkmen ahalteke bedewleri geçmişde özüniň owadanlygy, çydamlylygy, asylly gylyk-häsiýeti bilen dünýä ýüzünde tanalypdyr. Gadymy ýunan taryhçylary hem öz işlerinde türkmen bedewiniň waspyny ýetiripdirler. Mysal üçin, gadymy grek taryhçysy Gerodot öz “Taryh” diýen işinde türkmen atlarynyň owadanlygyny, ýyndamlygyny we söweşjeň häsiýetini belläpdir.
Gadymy grek taryhçysy Ksenofontyň işinde örän gyzykly taryhy maglumat getirilipdir. Oňa görä, eýran şasy Kir II türkmen bedewlerine uly höwes bildiripdir. Şonuň üçin dürli halklaryň gatnaşmagynda at çapmaklyk boýunça ýaryşy gurnapdyr. Şol taryhy ýaryşda sak esgeri öz bedewinde has öňe saýlanyp, ýeňiş gazananypdyr. Ksenofontyň aýtmagyna görä, Kir II türkmen bedewine eýe bolmak üçin öz patyşalygyny hem hödürlänmiş, oňa bolsa sak esgeri “ýok” diýip jogap beripdir. Türkmen atlaryň mertebesine mynasyp sözleri beýleki grek we wizantiýaly ýazarlaryň işlerinde hem tapmak bolýar. Mysal üçin, Strabon “Neseýa (Nusaý) atlary has iri we has gowy atlary bolupdyr we olary pars hökümdarlary ulanypdyrlar” diýip ýazypdyr. Ammian Marselin bu berlen bahany goldap, “...serdarlara mynasyp atlar” diýip ýazýar. XIII asyrda italýan syýahatçysy Marko Polo hem Orta Aziýa syýahat eden wagtynda ahalteke atlarynyň owadanlygyny, gözelligini, ýyndamlygyny wasp edip, olaryň türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilýändigini we olaryň bahasynyň örän gymmatdygyny belläpdir.
Ýyllar ýa asyrlar geçip, eýýamlar aýlansa-da, ahalteke bedewlerine bolan hormat, söýgi dünýäde barha artýar. Ahalteke atlaryny gorap saklamak we dünýä jemgyýetçiligine giňden ýaýmak, milli atşynaslyk sungatyny dowam etdirmek we ösdürmek maksady bilen, diýarymyzda bu tohumdaky bedewleriň saýlama görnüşlerini ýüze çykarmak üçin ýörite bäsleşik esaslandyryldy. Bu çärä diňe bir türkmen atşynaslary däl, eýsem dünýä ýüzüniň atçylyk assosiasiýalary, atşynaslary gatnaşyp we ajaýyp ahalteke bedewlerini gözden geçirip, olaryň gözelligine ýokary baha berýärler.

Bilim, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir