Bahar paslynyň gelmegi bilen ýurdumyzyň ähli ýerlerinde diýen ýaly ýüzärligiň gögerip oturanyna duş gelmek bolýar. Lukmançylyk maksatlary üçin ýüzärligiň oty, seýrek ýagdaýlarda tohumy dermanlyk çig mal bolup hyzmat edýär. Bu ösümligiň tohumynda, otunda alkoloidler saklanýar. Şeýle-de tohumynda boýag maddalary hem-de ýag bardyr. Halkymyz ýüzärligi gadym zamanlardan bäri hojalykda, halyçylykda hem-de lukmançylykda ulanyp gelipdirler. Onuň ynsan saglygyny gorap saklamakda bahasyna ýetip bolmajak gymmatynyň bardygy hakynda türkmen halk döredijiliginde hem köpsanly maglumatlar berilýär.
Geçen zamanlarda lukmançylyk tebigat bilimlerinden aýra tutulmandyr. Munuň özi näsaglary bejermek, keselleriň garşysyna göreşmek we öňüni almak işiniň öňe gitmegine peýda edipdir. Köpçülikleýin ýaýran keseller, hususan-da dümew keseli üns berilmegini talap edipdir. Özi-de keseli bejerenden has beter onuň ýaýramagynyň öňüni almagyň alajyny agtarmak zerur bolupdyr. Şol döwürlerde ýüzärligiň tohumyndan taýýarlanan melhemi demgysmada we böwrek kesellerinde, göz kesellerinde, derlediji, soguljanlaryň garşysyna, şeýle-de içiň ýellenmesinde, damar çekmede hem-de ýüzärligiň otundan, tohumyndan we gülünden gaýnadylyp taýýarlanan dermanlyk pet sowuklamada, gyzzyrma kesellerinde ulanypdyrlar. Oty gaýnadylan suw bilen syrkawyň bedenini ýuwmak arkaly guragyry, gijilewük we beýleki deri keselleri bejerilýär.
Ýokanç keselli hassanyň ýatan jaýynda howany arassalamak hem-de zyýanly mikroblary ýok etmek üçin arçadyr kerkawa ýüzärligiň guradylan dänelerini goşup tüsseledipdirler. Bu şypaly otuň tüssesi näsagyň ysgynsyzlygyny, ýadawlygyny aýryp oňa ynjalyk beripdir.
Halkymyzda ýüzärlik “ýüzärlik”, “üsbent”, “yzbent” ýaly dürli görnüşde atlandyrylýar. Ata-babalarymyz, ene-mamalarymyz ýüzärligi çogdamlap, öýleriniň gapysynyň daş tarapynda ýaman gözden we beýleki howp-hatarlardan gorasyn diýip asypdyrlar. Häzirli döwrümizde-de adamlar bolelinligiň, agzybirligiň, bereketliligiň alamaty hökmünde hem-de öýüni, maşgala agzalaryny dürli täsirlerden goramak maksady bilen, öýleriniň daşky gapysynda ýüzärligiň alajaly ýüp bilen daňlan dessesini asyp goýýarlar we milli däp-dessurlarymyza eýerip, ýaş çatynjalaryň durmuş toýlary tutulanda, täze gelin öýe girmänkä, ýüzärligi ýakyp, üç sapar daşyndan aýlaýarlar. Ýüzärligiň goýy ak tüssesi ýaş çatynjalary her hili ýaramaz hadysalardan, şowsuzlyklardan, göz-dilden gorap saklaýar diýip ynanýarlar. Hakykatdan hem bu ösümligiň dermanlyk häsiýetleri onuň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlykdygyny görkezýär.

Bilim, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir