Dünýä täzelikleri: ummana taşlanan ýolagçy gämisi iki asyrda ada öwrüldi
Awstraliýanyň kenar ýakalarynda XIX asyra degişli bolan taşlanan gämi üstünden uzak ýyllaryň geçmegi netijesinde, ýaşyl baglyga bürenip oturan kiçijek ada öwrülipdir. Bu barada «Biznes-reklama» gazeti ýazýar
Bu gämi şotlandiýaly hünärmenler tarapyndan ýasalyp, 1863-nji ýylyň 22-nji dekabrynda suwa goýberilipdir. Şol döwürler «City of Adelaida» atly bu gämi Awstraliýa hem-de Gawaý adalarynyň aralygynda ýolagçy gatnawy üçin ulanylypdyr. Aradan birnäçe ýyl geçenden soň, ýelkenli gämä öwrülen «City of Adelaida» Kokl aýlagynyň asuda ýerinde ornaşypdyr.
kiçijek adany ýatladýan bu gäminiň syýahatçylaryň ünsüni özune çekjegi ikuçsuzdyr.