Alamatlary: endam-janyň agyryp başlaýar, burnuň akýar, gury üsgülewük döreýar. Ertesi ysgynsyzlyk, ýürek bulanma, gyzgyn galýar, gözler ýaşarýar, bogunlar agyryp başlaýar. Şu alamatlar bildirýan bolsa, şu aşakdaky düzgünleri berjaý etmeli:

1. Kesellän bolsaň- öýuňde galmaly, özüňi gorap bilmediňmi-başgalara ýokuşdyrma

2. Maşgalaňyza wirus ýokuşmaz ýaly çäreler görmeli: näsagyň gap-çanaklary aýratyn bolmaly, maska ulanmaly, häli-şindi elleriňi ýuwup durmaly. Näsagyň eli degen ýerlerini ,ýa üsgürende, asgyranda damjalar düşen ýerlerini spirtli salfetkalar bilen süpürip durmaly. Dümewiň wirusynyň girýan ýerleri- dem alyş ýollary we adamyň gözleri. Adamlar ýuwulmadyk elleri bilen gözlerini häli şindi owkalaýar.

3. Haçan gaýragoýulmasyz lukmançylyk kömegine ýuz tutmaly:

- Egerde dem almaklyk kynlaşan bolsa

- Endamda suw azalmaklyk alamatlar döreýan bolsa, ýeriňden turanyňda başyň aýlansa,

- Peşew çykmasy azalsa, agzyň gurap başlasa.

- Hereketler haýallasa. Daş töwerekden ugur almaklyk bozulýan bolsa

- Häli şindi gaýtarýan bolsa, ýeterlik mukdarda suw içip bilmeýan bolsa.12.png

Çagalarda:

- Eger deriň reňki gögerýan bolsa ( sianoz doreýan bolsa)

- Aglanda- göz ýaş gelmeýan bolsa

- Gyzgyny galyp deride örgün çykýan bolsa

- Umumy ýagdaý agyrlaşyp kynlyk bilen oýanýan bolsa

Dümewiň howpy hemme kişä deň däldir. Şu aşakdaky görkezilen adamlara has howplydyr: göwrelilere, 5 ýaşdan kiçi çagalara, 65 ýaşdan uly adamlara,semiz adamlara, süýjili diabet, dowamly ýurek, öýken, böwrek kesellilere, onkologiýa, AIDS kesellilere we başgalara. Şu adamlara hasam ünsli seretmeli, bedeniň suwy azalmaly däl, peşewiň reňki açyk sary bolmaly, hiç mahal garamtyl bolmaly däl. Onuň üçin ýeterlik mukdarda suw içmeli

4. Dümewde antibiotikleri özbaşdak ulanmaň, olar dümewiň wirusyna täsir edýan däldir. Muny köp adamlar bilýandir. Dümewde köp suw içmeli, gyzgyny peseldýan dermany ulanmaly we öý düzgünini berjaý etmeli. Wirusa garşy derman ulanmaly: kagosel, arbidol, wiferon, grippferon, ameksin. Bularyň iň peýdalysy Halkara lukmançylyk tarapyndan subut edilen oseltamiwir ýa tamiflýu we zanamiwir ýa relenza. Bu dermanlar keseliň dowamlylygyny 1-3 güne çenli azaldyp bilýarler we gaýraüzülmeleriň hem öňüni alýar.Amantadin we rimantadin dümewiň A görnüşli wirusyna täsir edýar. Köp adamlaryň gowy görýan C witamini dümewiň öňüni alanok, ýöne onuň dowamlylygyny kelteldip bilýar.Dümewde gyzgyn 5güne çenli saklanyp bilýar, başga alamatlar 7-10 güne çenli saklanyp bilýar. Gyzgyn kadalaşan soň hem 24 sagatlap näsag dümewi töwerekdäkilere ýokuşdyryp bilýär.

5. Keseliň öňüni almak aňsat ony bejereniňden. Her ýylky dümewe garşy sanjymlar keselçiligi azaldýar we gaýraüzülmeleriň öňüni alýar.Dümewe garşy sanjymlary her ýyl täzelenýar sebäbi dümewiň wirusy üýtgäp durýar( mutasiýa geçýar). Ol sanjymlar adamlaryň 60-70% keselden goraýar. Bu bolsa 10 sany sanjym alan adamdan 3-4 sanysy dümew bilen keselläp bilýanini aňladýar, ýöne olarda dümew ýeňil geçýar we gaýraüzülmeler 33% az bolýar. Bu esasan hem töwekgelçilik toparyna girýan adamlara wajyp. Olara sanjym etdirmek hasam zerur. Sanjymlar olary we çagalaryny ölümden halas edip biler. Sanjym edilmeýan ýyllar ölümçilik has köp bolýar.Mysal: 1918 ýylda “ispanka” adyny alan gripp 3 aýda 30 million adam öldürdi. 1957-1958 ýyllarda 70 müň adam, 1977-1978 ýyllarda 40 müň adam, esasan hem gartaşan adamlaryň arasynda ölümçilik köp boldy. Şonuň üçin hem özüňizi, gartaşan eneň-ataňy,göwreli aýalyňy, kiçi çagalaryňyzy goramak üçin sanjym etdiriň.

Bilim, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir