Ýüzärlik türkmenleriň arasynda gadym zamanlardan bäri ulanyp gelinýär. Ata-babalarymyz ony çogdamlap öýlerinde asyp goýupdyrlar, wagtal-wagtal tütedip, tüssesini daş-töwerege ýaýradypdyrlar. Şeýdip, birnäçe ýokanç keselleriň ýokuşmagynyň öňüni alypdyrlar. Häzirki wagtda hem her bir türkmen öýünde bu ösümligiň bir çogdamyny görmek bolýar. Ýüzärlik türkmen halk tebipçiliginde we ylmy lukmançylykda keselleriň 50-den gowragynyň garşysyna ulanylýar. Ösümligiň dermanlyk häsiýetleri baradaky maglumatlar Abu Aly ibin Sinanyň «Lukmançylyk ylmynyň kanunlary», Seýit Ysmaýyl Gürgeniniň «Tebipçiligiň ýan kitaby» we Muhammet Hüseýniň «Melhemler hazynasy» diýen eserlerinde duş gelýär. Ýüzärlik halk lukmaçylygynda «ýüzlerçe keseli» bejermek üçin ulanylýan has belli ösümlikdir.
Häzirki wagtda dünýäniň köp ýurtlarynda ýüze çykan ýiti sowuklama keseliniň öňüni almaklyk boýunça ýurdumyzda zerur çäreler geçirilýär. Bu keseliň ýaýramazlygynyň öňüni almak üçin ýurdumyzda tebigy bitýän ösümlik bolan ýüzärlik ilkinji derman bolup, ýüzärligi öýlerimizde, iş ýerlerimizde we adamlaryň köpçülikleýin barýan beýleki ýerlerinde güniň dowamynda 2-3 gezek tüsseletmek bilen özümizi bu kesele duçar bolmagyndan gorarys. Şol sebäpli, geliň hemämiz bu keseliň ýaýramazlygy üçin zerur işleri geçireliň!