GDA: Duşenbe habarlary

Gazagystan: Krizise garşy 10 milliard dollar

Gazagystan krizise garşy çäreler toplumyny durmuşa geçirmek üçin 10 milliard dollar sarp eder diýip, “Trend” habarlar gullugy Gazagystanyň Prezidentiniň metbugat gullugyna salgylanyp, habar berýär.

Bu barada Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew 23-nji martda Nur-Soltanda geçirilen adatdan daşary ýagdaýlar boýunça Döwlet toparynyň mejlisinde aýtdy. Prezidentiň sözlerine görä, “Amaly çärelerden başga-da, ýagdaý durnuklaşandan soňky döwri göz öňünde tutmak has zerur. Şonuň üçin-de, ýurtda şu ugurdaky çäreleri yzygiderli geçirmäge çemeleşmeli. Esasy mesele, häzirki çykgynsyz ýagdaýdan baş alyp çykmaly, şol bir wagtda hem geljek hakda pikir etmeli”.

Şeýle-de döwlet Baştutany salgyt ýeňilliklerini we ýerli derejedäki goldawy hasaba almazdan, krizise garşy çäreleriň umumy bukjasynyň 4,4 trillion teňňe ýa-da 10 milliard dollar boljakdygyny aýtdy.

Gazak Hökümeti 2020-nji ýylyň 17-nji martynda krizise garşy çäreler toplumyny tassyklapdy.

Gazagystanda Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýewiň Karary bilen, karonawirus pandemiýasy sebäpli 2020-nji ýylyň 16-njy martynda 08:00-dan 2020-nji ýylyň 15-nji aprelinde sagat 07:00-a çenli ýurtda adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak üçin çäreler toplumy durmuşa geçirilip başlanypdy.

Moldowa: Ýapylan dükanlar gaýtadan açylýar

Moldowanyň döwlet Baştutany Igor Dadon 23-nji martda Premýer-ministr Ion Kiku bilen hepdelik iş maslahatyny geçirip, onuň dowamynda birnäçe möhüm meseläni ara alyp maslahatlaşdy. Duşuşykda Prezident birnäçe dükanyň, hususan-da, dezinfeksiýa serişdelerini, enjamlary, ätiýaçlyk şaýlaryny we oba hojalyk önümlerini satmak bilen meşgullanýan söwda nokatlarynyň, dükanlaryň işiniň hut şu günden – 23-nji martdan başlap gaýtadan ýola goýulmalydygyny aýtdy. Bu barada “UNIMEDIA” tarapyndan habar berilýär.

Moldowada 15-nji martdan başlap, karonawirus ýokançlygy sebäpli karantin çäreleri bilen baglanyşykly azyk dükanlaryndan we dermanhanalardan başga ähli söwda nokatlarynyň işi wagtlaýynça togtadylypdy.

Mundan başga-da, Prezident döwletiň poçta bölümlerinde köp adamyň ýygnanmagynyň öňüni almak maksady bilen, garrylar üçin pensiýa we beýleki döwlet kömek pullaryny plastik kartlar arkaly tölemek üçin ýörite meýilnamanyň işlenip taýýarlanylýandygyny habar berdi.

Russiýa: Neşe serişdelerini wagyz edenlere jerime salynar

Russiýanyň döwlet Duma komiteti internetde neşe serişdeleriniň mahabaty üçin jerime salmak baradaky kanunyň taslamasyny goldady. Maglumat syýasaty baradaky döwlet Dumasy Dolandyryş hukuklary kodeksine (CAO) üýtgetmeleriň girizilmeginiň örän ýerliklidigini we munuň zerurdygyny belledi. Kodekse laýyklykda, neşe serişdeleri we psihotrop maddalar bilen bagly gadagan edilen maglumatlary internetde ýaýratmak üçin jogapkärçilik has-da artdyrarlar. Şeýle-de käbir jerime tölegleri hem ýokarlandyrylar. Bu barada “SNG. Bu gün” Russiýanyň aşaky palatasynyň metbugat gullugyna salgylanyp, habar berýär.

Duşuşykda edara görnüşli taraplar üçin internetde neşe serişdelerini ýaýratmak üçin jerimeleriň 1,5 million rubla çenli baryp biljekdigi bellenildi. Mundan başga-da, kazylar jeza hökmünde ýuridik şahslaryň işini 90 güne çenli administratiw taýdan togtadyp bilerler.

Şeýle-de raýatlar üçin jerime 5-30 müň rubl aralygynda bolar. Geňeş agzalary neşe serişdelerini wagyz edýän onlaýn çeşmeleriň eýeleri üçin has berk administratiw jogapkärçiligi girizmegiň zerurdygyny nygtadylar. Şeýle hem daşary ýurt raýatlary üçin neşe serişdelerini wagyz etmek we bikanun mahabatlandyrmak jogapkärçiligini hasam güýçlendirmek teklip edilýär.

Mundan başga-da, telekom operatory ýa-da internet prowaýderi mahabat, wagyz-nesihat işleriniň öňüni almasa, munuň üçin edara görnüşli tarap 100-den 500 müň rubla çenli jerime tölemeli. Bu düzgün bozulma ýylyň dowamynda gaýtalanan halatynda jerime 800 müň rubla çenli baryp biler.

Täjigistan: Bütindünýä bankyndan 11,3 million dollar aldy

Bütindünýä banky tarapyndan Täjigistana ykdysadyýetini daşarky ýagdaýlaryň täsirinden goramak üçin 11,3 million dollar bölünip berildi. Bu barada Täjigistanyň Ykdysadyýet ministrliginiň metbugat gullugynda habar berilýär.

Gepleşiklere Birleşen Milletler Guramasynyň, Aziýanyň Ösüş Bankynyň, ABŞ-nyň Halkara Ösüş Agentliginiň, Ýewropadyky Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň wekilleri gatnaşdy.
Bütindünýä bankynyň respublikadaky wekili Ýan-Piter Olters geňeşiň wekillerine Täjigistanyň ykdysadyýetini maliýe taýdan goldamak, şeýle-de ykdysady pudagy karonawirusyň ýaýramagynyň ýaramaz täsirinden goramak üçin degişli bölüme 11,3 million dollar bölünip berlendigini aýdýar.

Täjigistan häkimiýetleri bu serişdeleri netijeli peýdalanmak, ähli sosial borçnamalary tölemek, döwlet we hususy maýa goýumlaryny ulanmak bilen täze senagat kärhanalary işe girizmek, degişli önümçiligiň mümkinçiligini giňeltmek we bazarlary zerur iýmit bilen üpjün etmek isleýär.

Özbegistan: Ähli serhetlerini ýapdy

Özbegistanyň Hökümeti karonawirusyň ýaýramagy sebäpli 23-nji martda ýurduň serhetlerindäki ähli barlag nokatlaryny ýapdy. Bu habar Respublikanyň Hökümetiniň dolandyryş edarasy tarapyndan yglan edildi – diýip, “Trend” habarlar gullugy “TASS” habarlar gullugyna salgylanyp, habar berýär.

Habara görä, 23-nji martda sagat 01:00-den başlap, ähli adamlar (Özbegistandan gidýän beýleki ýurtlaryň raýatlaryndan başga) üçin serhet-gözegçilik nokatlarynyň ýapylandygy aýdylýar.

15-nji martda Özbegistanda karonawirusyň ilkinji keseli ýüze çykaryldy. Şol günden başlap, ähli çagalar baglary we bilim edaralary wagtlaýynça ýapyldy. Nowruz baýramy ýatyrylyp, ähli ýurtlar bilen ulag aragatnaşygy togtatdyldy.

Ýekşenbe gününiň maglumatlaryna görä, ýurtda karonwirus ýokaşanlaryň sany 42 adam.

Ukraina: Mekdep okuwçylary teleýaýlym arkaly okadylar

Ukrainanyň milli teleýaýlymlary arkaly 5 – 11-nji synp okuwçylar üçin wideosapaklar ýaýlyma goýberiler. Bu barada döwlet Baştutany Wladimir Zelenskiý ukrain teleýaýlym kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen geçiren duşuşygynda belläp geçdi.

“SNG. Bu gün” habarlar gullugynyň ýazmagyna görä, Prezident milli telewideniýäniň wekilleri bilen bolan duşuşygynda COVID - 19 wirusynyň ýurtda ýaýramagy sebäpli okuwlaryň wagtlaýynça ýatyrylandygyny, şeýle etmäge mejbur bolunandygyny belledi. Bu ýagdaýda iň oňat ukrain mugallymlary teleýaýlym arkaly mekdep sapaklaryny geçirerler.

Şol bir wagtyň özünde, ýurduň Prezidentiniň pikiriçe, degişli okuwlaryň meýilnamalary çagalar üçin amatly wagtda ýaýlyma berilmelidir. Şeýle hem, sapaklar diňe bir maglumat beriji bolman, eýsem, okuwçylaryň özleri üçinem, ene-atalary üçinem gyzykly bolmalydyr.

Täzelikler, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir