Özüňi ýiti respirator wirusly ýokanç kesellerden nädip goramaly? – BSGG-niň maslahatlary
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi raýatlarymyza döwletimiziň içindäki sanitariýa epidemiologik abadançylygy goramak we berkitmek hem-de raýatlarymyzyň, saglygyny goramak maksady bilen, howply möwsüm sowulýança, ýurdumyzyň çäginden çykyp, daşary ýurtlara belli bir iş saparyna we syýahata gitmekden saklanmagy maslahat berýär.

Möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň maslahatlary:

1. Azyk önümleriniň howpsuzlygynyň düzgünlerini berjaý ediň. Çig we taýýar iýmit üçin aýratyn kesiji tagtalary we pyçaklary ulanyň!

2. Eti we ýumurtgany doly taýýar bolýança, gowy edip bişiriň!

3. Çig eti dogramagyň we taýýar iýmit bilen işleýän wagtyňyzyň arasynda elleriňizi ýuwup duruň!

4. Daş-töwerekdäki adamlary ýokançdan goraň. Eger üsgürýän bolsaňyz ýa-da gyzgynyňyz ýokary bolsa, adamlar bilen gatnaşykdan gaça duruň. Jemgyýetçilik ýerlerinde ýere tüýkürmäň!

5. Gyzgynyňyz ýokarlansa, üsgürseňiz we dem alşyňyz kynlaşsa, mümkin boldugyça wagt ýitirmän, lukmançylyk kömegi üçin ýüz tutuň!

6. Eger siz näsaglamankaňyz haýsydyr bir ýurtlara gidip-gelen bolsaňyz, bu barada lukmana aýdyň!

7. Elleriňizi ýuwuň. Eller gaty hapa bolan ýagdaýynda, olary sabyn bilen akar suwuň aşagynda ýuwuň!

8. Elleriňiz o diýen hapa bolmadyk ýagdaýynda bolsa-da, olarda göze görünmeýän kesel döredijiler köp mukdarda bolmagy mümkin, şol sebäpli dürli zyýansyzlandyryş erginleri bilen tämizläň ýa-da sabynlap, suw bilen ýuwuň!

9. Asgyranyňyzda we üsgüreniňizde agzyňyzy we burnuňyzy tirsegiňizi epip ýa-da desmal bilen ýapyň. Desmaly şol bada taşlaň we elleriňizi ýuwuň!

10. Gyzgyny ýokary ýa-da üsgürýän adamlar bilen ýakyn galtaşykda bolmakdan saklanyň!

11. Ýabany ýa-da oba hojalyk haýwanlary bilen goralmadyk galtaşyklardan saklanyň!

Dünýädäki epidemiologik ýagdaýy nazara alyp, howply ýokanç keselleriň ýurdumyzyň çägine aralaşmagynyň öňüni almak boýunça toplumlaýyn işler amala aşyrylýar.

Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak, arassaçylyk tertip-düzgüni barada giň gerimli düşündiriş işleri alnyp barylýar, maslahatlar çap edilýär, ilat arasynda ýokanç keselleriň öňüni alyş işleri barada yzygiderli wagyz-nesihat işleri alnyp barylýar. Maşgala lukmanlary tarapyndan ilatyň arasynda ýiti respirator kesellerine garşy sanjym işleri geçirilýär, çagalar bagyna gatnaýan çagalaryň we olaryň ene-atalarynyň, talyplaryň hem-de mekdep okuwçylarynyň arasynda ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça geçirilýän wagyz-nesihat işleri has-da güýçlendirildi we berk gözegçilige alyndy.

Saglygy goraýyş edaralarynda ýokanç keseller barada amaly-okuw maslahatlary guralýar. Baş dermanhana birleşigi we «Lukmançylyk enjamlary» önümçilik birleşigi tarapyndan ähli zerur bolan dermanlar we saglyk maksatly enjamlar bilen üpjün etmek işleri doly amala aşyryldy.

Bilim, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir