C++ – bu programmalaşdyrmagyň bir görnüşidir. Ol C programmasyndan gelip çykýar. C++-yň derejesi uly we kiçi effektler we ýazgylar bolansoň, orta derejeli programma hasap edilýär. C++ programmalaşdyrmak görnüşi hem edil Java, Ruby, Python, C, Pascal we C# ýaly işleýär. Bu programmalaşdyrmak dilleriniň tapawudy, olarda kod ýazanyňda, üytgeşik ýazgylar we funksiýalar, grafikalar we başga kiçi aýratynlyklar ulanylýar. C++ bilen programma ýazmak alkhorizmler, ýagny bu ugra degişli programmistler üçin iň aňsadydyr. Şonuň üçinem bu dil ýöriteleşdirilen we ýokary mekdeplerde has gowy öwredilýär. Bu diliň aňsat bolmagynyň sebäbi hem dile berilýän buýruklaryň aňsat bolmagy. Meselem:

“#include” – programmany giriz, ýagny başlat.

“using namespace” – programmadaky kodlary ulan.

“std” – standart.

Bular ýaly operator kodlary birnäçe ädimde ýazylýar. C++-da käbir kodlar işlemeýär, sebäbi her 1-2 ýyldan programmanyň wersiýasy üýtgäp durýar.

Siz kodlamaga başlanyňyzda, köplenç «pylan edesim gelýär» diýip pikirlenseňiz, sizi maksadyňyza iň çalt ýetirýän çözgüdi taparsyňyz. Şonda geçirjek käbir üýtgetmeleriňizi soňra uzatmak ýa-da azaltmak ynjyk bolan programmalaşdyrmak işinde tehniki ýalňyşlara getirip biler. “Möjekler” diýlip atlandyrylýan şol ýalňyşlar ilki bilen 1870-nji ýyllarda Tomas Edison tarapyndan tapyldy. Ýöne mojekler kompýuteri öçürip, işlemez ýaly etmän, tersine programma ýazanymyzda ýeňillikleri döredýär. Ortaça 40-60 müň setir girizýäris, bulam kompýuteriň çydap bilmän, ýagny gyzyp, döwülmegine, bozulmagyna, az ömürli bolmagyna sebäp bolýar. Şonuň üçinem, möjekler ulanylýar, möjekleriň ulanylyşy biziň elimizde däl. Meselem, ol 20% boldy diýsek, möjekler ony 19-18%-e öwürýär we şular ýaly sistemany işlemez ýaly edýär. Bular ýaly ýalnyşlyklar soňky wersiýalarda düzedilýär: 20%%% = 20 edip görkezýär.

Kodlama nähili amala aşyrylýar? Aýdaly, siz bir surat çekýärsiňiz. Çekýän suratyňyzda-da jaý bar diýeli. Jaý çekmek üçin bolsa kod ýazmaly, meselem, bu Pascalda şeýle ýerine ýetirilýär:

Uses graphABC

begin

setpencolor. (clgreen);

line (80,50,110,100);

line (80,50,50,100);

line (80,100,110,10…

Şeýdip, jaýyň depesindäki üçburç şekil ýasalýar.

Programmalaşdyrmak üçin esasan beýni gerek däl-de, DÖREDIJILIK GEREK!

Ýazgynyň awtory Kerem Jumalyýew

Tehnologiýa, Arslanalayew tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir