Türkmenler we Merkezi hem-de Günbatar Ýewropa halklary
Türkmenleriñ ata-babalary Günbatar bilen Gündogaryñ arasynda diplomatik, etnomedeni we ykdysady gatnaşyklaryñ ýola goýulmagynda uly hyzmaty bitiripdirler.
Aziýaly sähra adamlary ㅡ kimiriýler, skifler, sarmatlar-alanlar tolkun-tolkun bolup hut Ýewropanyñ ''ýüregine'' tarap süýşüpdirler. Olaryñ ýewropa halklary bilen gatnaşyklary elmydama parahatçylykly bolmandyr, emma uzak wagtlyk goñşuçylyk gutulgysyz etnomedeni gatnaşyklara eltipdir. IV asyrda Ýewropanyñ araçäginde ''gunlar'' atly halk peýda bolýar. Häzirki türkmenleriñ esasy ata-babalarynyñ biri bolan bu gadymy türki etnos Aziýanyñ jümmüşinden gaýdyp, özüne beýleki prototürkmen etnosy bolan alanlary birleşdirip, tutuş Gündogar Ýewropany basyp alýar. IV asyryñ 70-nji ýyllarynda gunlar Don derýasyndan geçip, german taýpasy bolan ostgotlary ýeñmek bilen täze, taryhda ''Halklaryñ beýik göçi'' ady bilen belli bolan döwri açýarlar''.
L. N. Gumilýowyñ ýazyşy ýaly, gunlaryñ Merkezi Aziýadan has uzak günbatara gitmekleriniñ özi ''bolup bilmejek zat ýaly görnüpdir, sebäbi hakykatdan hem tutuş halkyñ ''hiç ýere'' tarap gaçmagy örän geñdir''. ''Eger gunlar Günbataryñ medeniýeti barada bilipdirler we öñden ýaşaýyş üçin ýaramly bolan ýere bilgeşleýin süýşüpdirler diýilse, onda olaryñ göçmekleri baradaky ikirjiñlenme öz güýjüni ýitirýär''(1).
Gunlar ýewropa dünýäsi bilen özlerinden öñki ㅡ skif we sarmatlaryñ üsti bilen berk baglanyşykda bolupdyrlar. Gunlar ýörelen ýollar bilen ýöräpdirler, olaryñ yzyndan ol ýollardan gadymy türküler, bolgarlar, wengerler, türkmen oguzlary, gypjaklar, mongollar geçipdir.
400-nji ýylda öñde barýan gun goşunlary Pannoniýanyñ (Merkezi Ýewropa) çäginde peýda bolýarlar, 430-njy ýylda bolsa Reýna barýarlar. 434-nji ýylda gun birleşigindäki häkimlik Buzugyñ ogly Attile geçýär. Attila özüni zehinli hökümdar we diplomat hökmünde görkezýär. Öz döwletiniñ araçäklerini giñeldip, ol Balkan ýarym adasyna ýöriş edýär. Tizden gunlar Sirmiýadan Naise çenli 70-e golaý şäheri basyp alýarlar. Gunlar Wolgadan Reýne çenli äpet uly döwleti döredýärler. Baş hökümdaryñ kabulhanasy (stawkasy) Pannoniýada (häzirki Wengriýa) ýerleşýär. Attiliñ tugunyñ astynda slawýan taýpalary, alanlar we germanlaryñ köp sanly taýpalary (ostgotlar, gepidler, týuringler, gerullar, turklingler), protobolgarlar, protowengerler we beýlekiler durupdyrlar(2).
Orta asyr taryhçysy Iordan Attila barada şeýle diýýär: ''Ol halklary geñ galdyrmak üçin dünýä inen är bolupdyr, ol ähli ýurtlar üçin nireden gelýändigi belli bolmadyk gorky döredip, hemmeleri howsala salypdyr, ol baradaky gorkunç pikirler ähli ýerde giñden belli bolupdyr. Ol buýsançly gadam basypdyr, nazaryny dürli tarapa dikipdir, beden hereketleri bilen özüniñ ýokary galdyrylan beýikligini äşgär edipdir. Urşy gowy görýän, tygşytly, sagdyn pikiri bilen örän güýçli, dileg bilen ýüz tutany boş goýbermändir we özüniñ bir gezekde ynamdardygyny görkezenlere merhemetli bolupdyr''(3).
Haçanda Attila bastarnlar, skirler, alemanlar ýaly kelt we german taýpalary, franklaryñ bir bölegi we burgundlar birleşende, ol Galliýany basyp almaga ugraýar. 450-nji ýylda Attila Burgun patyşalygyny syndyrýar; Orleana ýetip, ol Şampani (Fransiýa) tarap çekilýär. Bu ýerde, Katalun meýdanlarynda 451-nji ýylyñ iýunynda ägirt ''halklaryñ söweşi'' bolup geçýär, onda Ýewropa (Rimiñ üsti bilen) Aziýa bilen duşuşýar. Hiç kim ýeñmegi başarmaýar. Emma şol ýyl Attila Ýewropada iñ güýçli Gunlar imperiýasyny döredip, harby hereketleri dikeldýär. 453-nji ýylda imperator burgundy gözeli Ildigo öýlenýär we şol gün ýogalýar. Kassiodoryñ orta asyr ''Senenamasy (hronikasy) Attilanyñ özüniñ Tissy derýasynyñ ýakynyndaky kabulhanasynda ýogalandygyny görkezýär(4).
Beýik imperatoryñ jesedini sähranyñ ortarasynda goýlan ýüpek çadyra geçirýärler. Gwardiýaçylar çadyryñ daşyna aýlanyp, aýdym aýdypdyrlar: ''Gunlaryñ beýik patyşasy Attila, öz atasy Buzukdan doglan, iñ güýçli taýpalaryñ hökümdary! Sen, şu wagta çenli belli bolmadyk güýç bilen skif we german patyşalyklaryna eýe bolduñ, şäherleri basyp almak bilen rim dünýäsiniñ iki imperiýasyny hem gorka gapladyñ...''(5).
Gije serdaryñ jesediniñ ýanynda hazyna we ýarag, şeýle-de boýun egdirilen halklaryñ baýdaklaryny goýup, gizlin jaýlaýarlar.
454-nji ýylda Gun imperiýasy synýar. Attilanyñ uly ogly Ellak söweşleriñ birinde öldürilýär, kiçi ogullary Dengizih we Irnik Gara deñziñ ýakasyndaky demirgazyk-günbatar sähralyklaryna göçýärler. Käbir gun taýpalary ýewropa halklary bilen uýgunlaşyp Merkezi Ýewropada galýarlar. Alanlar hem ýewropa ýurtlaryna ýaýraýarlar. Beýik Britaniýanyñ çäginde 5 müñlük goşun öýlere ýerleşdirilýär.
Attilanyñ ady Baltika kenarynda ýene-de uzak wagtlap dilden düşmeýär. Deñiz kenarynda ýaşaýan adamlar (pomorýanlar) ony ilkinji knýaz diýip ykrar edipdirler. Şotlandiýada häzire çenli Attila ady ''kaka, ata'' diýmegi añladýar(6). Tidrek baradaky rowaýaty ýakyn wagtlara çenli her bir german adamy bilýärdi. Munda Attila-da, onuñ aýaly Erka-da bar. Umuman, german eposynda ol Etzeliñ asylzada şekilinde müdümileşdirilýär(7). Gunlaryñ halk adynyñ özi bolsa nemes dilinde ''hun'' (äpet adam; örän uly adam) diýen söze öwrülýär(8).
Gunlar we Attila baradaky gyzykly maglumatlary biz, takmynan, 920-nji ýylda Sankt-Gallensk monastyrynyñ monahy Ekkehart I tarapyndan ýazylan ''Waltariý güýçli el '' atly poemadan bilip bilýäris. Poemada franklaryñ, burgundlaryñ we Akwitaniýanyñ patyşalary öz çagalaryny girewine goýýandyklary hem-de gunlara ägirt uly salgyt töleýändikleri barada aýdylýar. Attila olary terbiýeleýär we käbir goşun bölümlerine harby serkerde edip belleýär. Akwitaniýanyñ ogly Waltariý Attila tarapyndan gozgalañ turzan dannikleri köşeşdirmek üçin iberilýär. Ondan soñ, ýeñiş gazanan Walteriý sylag-serpaý bilen öýüne gaýdyp gelýär. Ine, poemanyñ kiçijik bir bölegi, onda awtor imperator Attilanyñ ýolbaşçylyk eden gunlaryñ güýjüni, gahrymançylygyny we adalatlygyny ykrar edýär(9):
Ýeriñ üçünji bölegine, doganlar, Ýewropa diýilýär.
Onda köp taýpalar ýaşaýar: atlary, ahlaklary, durmuşy,
Sözleýişleri we Hudaýa ynamy bilen biri-birinde tapawutlanýarlar.
Olaryñ arasynda Pannoniýa welaýatynda ýaşaýan halk bar,
Biz olary ㅡ endik edişimiz ýaly ㅡ ''gunlar'' diýip atlandyrýarys.
Bu batyr halk söweşde gahrymançylygy bilen şöhratlanýar;
Öz häkimine ol diñe bir ýakyn goñşularyny birleşdirmän,
Eýsem ol Ummanyñ kenarynda ýatan ýerlerine-de ýetipdir,
Köpler bilen parahatçylyk şertnamasyny baglaşýar, boýun egmedikleri jezalandyrýar,
Aýdýarlar, olaryñ agalygy müñ ýyldan gowrak dowam edýär.
Bir wagt, gadym zamanlarda, ol ýerde patyşa Attila hökümdarlyk edipdir;
Açgözlülik bilen öñki ýeñişlerini elmydama täzelemäge çalyşýardy.
Gun-türki sözleriniñ galyndylary fransuz diliniñ harby terminologiýasynda saklanypdyr: ''armi'' (armiýa, goşun) türküçe ''urma, urmas'' (güýç-batyrlyk), ''brigad'' (brigada) - ''bryge'', ''birge'' (birleşik), ''soldat'' (esger) - çylşyrymly düzmeli ''sulde'' (harby serkerdäniñ nyşany) sözden we ''atyk'' (atly, esger), işlik ''guýerrouýer'' (söweşmek) - ''kiarahi'' (öldürmek, gan dökmek) diýen manyly sözdendir(10).
VI asyryñ ortasynda Gazagystanyñ we Türkmenistanyñ sähralyklarynda ýaşaýan warwarlar we huniler (hionitler, hunnalar) gadymy türki imperiýasynyñ kaganyndan ýeñilýärler. 558-nji ýylda olar Ýewropada ''awar'' diýen at bilen peýda bolýarlar we alanlaryñ knýazy Sarosiý bilen ylalaşyk baglaşýarlar. Dagynyk gun we slawýan taýpalaryny bir birleşige birleşdirip, awarlar Baýanyñ ýolbaşçylygynda merkezi Pannoniýa bolan döwleti ㅡ Awar kaganatyny döredýärler. 567-nji ýylda germanlaryñ langobard taýpasy awarlardan gepidlere garşy göreşmekde goldaw sorap ýüz tutýar. Bu wagtlar awarlar eýýäm Dunaýyñ sag kenaryndaky birnäçe şäheri eýeleýärler we Dobruja girýärler. Olar germanlara gepidleri derbi-dagyn etmäge ýardam berýärler(11).
568-nji ýylda kagan Baýan Orta Podunawýanyñ we Günbatar Slowakiýanyñ ekerançylyk bilen meşgullanýan slawýan taýpalaryny basyp alýarlar(12). Awar kaganatyny ''Attilanyñ gun imperiýasynyñ gönüden-göni mirasdüşeri'' hasap edýärler(13).
Wengriýada ''warkon'', ýagny warhonitler (awarlar we hunlar) diýen kökli toponimleriñ saklanyp galmagy hem gyzyklydyr(14).
1986-njy ýylda garagalpak alymy awarlaryñ awa türkmen-oguz taýpasyna degişlidigi baradaky çaklamany öñe sürýär hem-de iki etnonimi ''suw saklary'' (skifler) ㅡ apasiaklar bilen deñeşdirýär. Olary, öz gezeginde S. P. Tolstow oguzlaryñ giçki peçeneg taýpasyna eltýär(15). Häzirki zamanda türkmen taýpasy ywa (uwa) bar(16). Bu sözüñ manysyny Abulgazy ''beýik derejeli''(17), Salyr Baba ㅡ Awa (Biwe) ㅡ ''olaryñ atlary hemme zatdan beýik bolupdyr''(18) diýip düşündirýär.
791-nji ýylda awarlara garşy franklar çykyş edýärler we olar sakslar bilen bile çykyş eden awarlaryñ garşylygyna duçar bolýarlar. Emma kaganatyñ özünde eýýäm agzalalyk başlanýar. Kaganyñ emeldarlarynyñ biri franklara ilçi iberýär, 796-njy ýylda ol franklaryñ paýtagy Ahene barýar we patyşa Karl Beýige wepadarlyk kasamyny içýär. Şol ýyl Pipiniñ baştutanlygyndaky goşun Tisy derýasynyñ ýakasyndaky kaganlaryñ kabulhanasyny basyp alýarlar. Göreş garşydaşlaryñ ilki biri, soñ beýlekisi üçin üstünlikli bolup, iñ soñunda franklaryñ ýeñşi bilen tamamlanýar. 805-nji ýylda kagan hristianlygy kabul edýär. Şol wagtlarda awarlar Zadunawýanyñ (Wena bilen Rabanyñ aralygy) bölegini eýeleýärler. Olar baradaky soñky maglumatlar 843-nji ýyla degişli ㅡ Werdensk şertnamasynda Karl Beýigiñ imperiýasynyñ onuñ ogullarynyñ arasynda paýlanyşlary barada ''Awar patyşalygynda'' ýatlanylýar(19).
Awarlar gunlar bilen bilelikde IX asyrda slawýan we german etnoslarynyñ arasyna siñipdirler.
Çehiýadaky ilkinji döwletiñ paýtagtyny (şu wagt häzirki Mikulçise obasynyñ ýanyndaky gadymy şäher harabaçylygy) öwreniji çeh arheology Zdensk Klanisa 2006-njy ýylda gyzykly işi neşir edýär. Ol 1983-nji ýylda ol ýerden syrly ýazgyly ýaýyñ süñkden edilen gundagynyñ bölegini tapýar. Ondaky harplar şol wagtda ýaýran latyn hatyna ýa-da skandinaw runasyna hiç hili meñzeş bolmandyr, emma alymyñ pikirine görä, bu gadymy türki runalary bolup, orta asyrlarda Merkezi Ýewropadan Hytaýyñ araçäklerine çenli giñden ýaýran elipbiýdir(20).
833-nji ýylda moraw knýazy Moýmir I nitran knýazy Pribirnu kowup, Nitran knýazlygyny Morawiýa birleşdirmeginden başlalyñ. Şeýlelikde, IX asyryñ 30-njy ýyllarynda Dunaýdan demirgazygrakda Çehiýanyñ çäginde ilkinji döwlet döreýär. Oña Moýmirowiçler dinastiýasy ýolbaşçylyk edýär we ol Beýik Morawiýa diýen ady alýar. Gysga wagtyñ içinde Beýik Morawiýa döwleti öz täsirini Merkezi Ýewropanyñ uly bölegine, şol sanda özüne Çehiýany, Slowakiýany, häzirki zaman Polşanyñ we Wengriýanyñ bir bölegini birleşdirýär(21).
Beýik Morawiýa X asyryñ başynda synýar, emma ''irki orta asyr roman-german-slawýan dünýäsiniñ taryhynda we medeniýetinde belli yz galdyrýar. Ol Elbadan Wolga çenli uly aralykda dörän ilkinji slawýan döwletleriniñ biri bolupdyr. IX asyrda Beýik Morawiýa franklaryñ gündogar ekspansiýasynyñ ýolundaky güýçli forpost bolupdyr we agyr göreşde ýüz ýyl töweregi Ýewropanyñ irki feodal döwletleriniñ arasynda özbaşdaklygyny saklapdyr. Beýik Morawiýa knýazlary Moýmir, Rostislaw, Swýatopolk Ýewropada ýaýbañlanan çylşyrymly syýasy göreşe ynamly girip, özlerini gujurly döwlet işgärleri we diplomatlar hökmünde görkezýärler''(22).
Arheologik maglumatlardan görnüşi ýaly, morawanlar Çehiýanyñ çäginde VII asyryñ ahyrynda VIII asyryñ başynda peýda bolýarlar. Belli çeh alymy L. Gawlik bular tejribeli söweşijiler (esgerler) bolupdyrlar diýip belleýär. Olar slawýanlardan özleriniñ kämil harby sungaty bilen tapawutlanypdyrlar. Olaryñ ýaşaýyş jaýlarynyñ görnüşleri, atlarynyñ we öý haýwanlarynyñ tohumlary, egin-eşikleriniñ görnüşleri we zergärçilik önümleri Merkezi Aziýada öz analoglaryny tapýar(23).
Ýazuw çeşmeleri morawanlary ilkinji gezek 822-nji ýylda bellige alýarlar. Franklar patyşalygynyñ annallarynyñ şaýatlyk etmeklerine görä, şol ýyl imperator Lýudowik Ynanýanyñ Maýnadaky Frankburgda ýerleşýän köşgüne ähli slawýanlaryñ ilçileri gelýär, olaryñ içinde 10 ýyldan soñ hristianlygy kabul eden morawanlar (latynça, morvonarum) bolýar. Z. Klanisa morawanlar Hriby daglaryna we Pawlowskiniñ depelerine Türkmenistandan, has takygy, Merw oazisinden, Beýik Merwiñ (Margawyñ, Marynyñ) ýerleşen we şol bir wagtda Murgap derýasynyñ akan ýerinden gelipdirler diýip hasaplaýar, şonuñ üçinem Merwden gelip çykanlar öz watanlaryndan has daşda hem öz atlaryny saklapdyrlar, ýagny morawanlar ㅡ bu merwanlar, merwliler. Morawiýada adybir derýanyñ hem akmagy gyzyklydyr, çeh alymlary onuñ adyny ㅡ ''Marus'' (german. ''duran suw, batgalyk'') + ''ahawa'' (german. ''suw''). Netijede ikinji bölegi ''awa'' (suw) görnüşinde üýtgäpdir(24).
Emma eger-de Z. Klanisanyñ pikirine görä, morawanlar Merwden gelen we özleriniñ täze watanynyñ derýasyny şeýle atlandyran bolsalar, onda türkmen çeşmelerine ýüzlenmek añsat dälmidir? Morawa derýasynyñ adynyñ düşündirilişiniñ Merwiñ has gadymy derýasynyñ adynyñ dündirilişine gabat gelýändigi hem gyzyklydyr. Käbir alymlar ''Marw'' (Marg, Merw, Mary) sözüni ''ota bürelen batgalyk ýer'' diýen mana eltýärler, ''ab'' sözi bolsa türkmen we pars dillerinde ''suw'' ''derýa'' diýmegi añladýar(25). Hakyna seredeniñde, näme üçin ''awa'' moraw sözüni german dillerinden çykan ''ahawa'' diýen söze eltmeli, haçanda biziñ günlerimize çenli saklanyp galan gadymy türkmen sözi ''aw'', ''ab'', ''ýap'' (şol manyly) barka. Mysal üçin, Murgap, Sekizýap, Salyrýap we ş.m.
Z. Kalinisa morawlaryñ adyny dündirende, moraw mazarlyklaryndan gadymy runa ýazgylarynyñ tapylmagyna, şeýle-de L. Gawlikiniñ şaýatlyk etmegine görä, morawlaryñ gelmegi bilen aziýa görnüşli öý haýwanlarynyñ tohumynyñ ýüze çykmagy baradaky pikiri we beýlekiler ýene-de morawlaryñ Merkezi Aziýadan gelip çykandyklary baradaky nukdaýzanaryñ bähbidine getirilýän birnäçe deliller hem gyzyklydyr. 1947 ㅡ 48-nji ýyllarda Dunaýowise obasynda VIII asyryñ 7 mazary açylýar, olaryñ birinde türki şamanlarynyñ aýrylmaz zady bolan on bir sany bitin jañjagaz tapylýar. 1983-nji ýylda Mikulçisada türki görnüşli ýaýyñ süñk örtüginiñ bölegi tapylýar. Z. Klanisa şeýle ýazýar: ''Günorta Morawiýada gelip çykyşy Orta Aziýaly bolan ýaýly esgerler eýýäm VII asyryñ ahyrynda belli bolupdyr. Şeýle goşunlar eýýäm gunlar we awarlar döwründe döredilipdir. VII asyryñ ahyrynda tutuş etnik toparlarynyñ ýerlerini köp üýtgedýärler we olaryñ Eýranyñ demirgazyk araçäkleriniñ golaýyndaky Gündogar we Merkezi Ýewropa çenli aralykdaky ýerlerden gaýdýar. Bu wakalaryñ ýüze çykmagynyñ taryhy sebäpleri häzire çenli anyk däl. Ýöne bu göçler Samo patyşalygynyñ synmagyna eltipdir. Morawiýadaky syýasy agalyk elden-ele geçýär; pra£ görnüşi diýip atlandyrylýan keramikaly şäherçejikler pese düşýär, olara derek Morawa derýasynyñ kenaryndaky berkidilen Olomus, Uger gadymy şäher harabaçylygy we Mikulçise ýaly adada ýerleşen obalar ýüze çykýar''(26).
Soñra Z. Klanisa ''özümizden morawanlaryñ aýratyn abraýy nireden gelip çykýar diýip sorasak, ... biz VII asyrda özboluşly ýaýlar bilen ýaraglanan harby goşunlaryñ gelip çykýan ýerine, ýagny Eýranyñ demirgazyk araçäklerine we Türkmenistana, Merw şäherine barmalydyrys'' diýip ýazýar(27).
Ajaýyp! Emma bizi bir zat gynandyrýar, Z. Klanisa morwanlary parslar bilen deñeşdirip, hemişe parslar we olaryñ däp-dessurlary barada gürrüñ edýär. Emma Merwde has irki döwürlerden bäri gadymy türki etnoslar (saklar, eftalitler, oguzlar) ýaşapdyrlar. Mundan başga-da, taryh pars taýpalarynyñ öz watanlaryndan has daşa göçendiklerine (migrasiýasyna) degişli delilleri bilmeýär. Muny diñe türki we mongol taýpalarynyñ başarandygyny köp sanly çeşmeler görkezýär. Olar barada gürrüñ edilmese-de bolar.
(dowamy)
Ýene-de bir mysal getireliñ. Z. Klanisa morawanlaryñ dini düşünjelerinde guşlaryñ uly ornuny belleýär ㅡ moraw hökümdarlarynyñ jygasynyñ guş ýeleklerinden bolmagy, guş şekilleri çekilen bezeg şaýlary we ş.m(28). Moýmirowiçiñ dinastiýasyny esaslandyryjylarynyñ we Morawiýanyñ ilkinji hökümdary Moýmir I adyny diñe türki dillerine esaslanyp düşündirmek bolýar ㅡ Moýmir (türküçe mamyr) ''ýaş guş'' diýmegi añladýar(29).
Biz üçin, ilkibada wajyp däl ýaly bolup görünýän delil hem gyzyklydyr. Uger gadymy şäher harabaçylygyndan uzak bolmadyk ýerde elinde laçyn tutup duran atly şekillendirilen kümüş medalion tapylýar(30).
Häzirki döwürde aw guşlary bilen aw awlamak däbiniñ gadymy aziýa çarwalarynda ýüze çykandygy subutnama talap etmeýän delildir. Olar irki orta asyrlarda ony Ýewropa eltipdirler(31). Emma etnogenezinde, esasan, gypjak taýpalary gatnaşan mongollar, ruslar, gazaklar, gyrgyzlar we beýleki halklaryñ aw guşlaryny sag elinde tutýandygyny ýörite bellemek gerek. Diñe türkmenler hem Günbatar we Merkezi Aziýanyñ halklary laçynlary çep ellerinde tutýarlar(32). Bu elmydama ýyrtyjy guşlary eldekileşdirmegiñ we ulanmagyñ dürli däpleri bilen ýüze çykan etnografik aýratynlyk bolupdyr. Uger medalionyndaky laçyn guşly edil türkmenler ýaly guşuny çep elinde tutýar, bu Z. Klanisanyñ morawanlaryñ Türkmenistanyñ çäginden göçendikleri baradaky çaklamanyñ peýdasyna ýene-de bir subutnama bolup hyzmat edýär.
Uger gadymy şäher harabaçylygynyñ gadymy şäherinden hyýaly guşlaryñ suraty zikgelenen öz aralarynda birleşdirilen üç medalionly şaý-sep tapylýar. Z. Klanisanyñ aýtmagyna görä, guşlaryñ şeýle şekilleri hut Merkezi Aziýada duşýar(33). Hakykatdan, çüñkünde monjuk tutup duran ''ugerleriñkä'' meñzeş tawus guş VII ㅡ VIII asyrlarda Merkezi Aziýada matalaryñ we diwarlaryñ ýüzünde has ýaýran sýu£etdir (asyrlaryñ morawanlaryñ Ýewropada peýda bolan wagtlaryna gabat gelýändigini bellemek gerek)(34).
Meniñ pikirimçe, gürrüñ, umuman, sözüñ göni manysynda tawus guşlar barada däl-de, Merkezi Aziýada giñden ýaýran Symrug guş hakynda düşünje hakynda barýar. Ol jennediñ dagyndan adamlara dirilik suwuny getirýär. Türkmen ertekilerinde Symrug elmydama gahrymanlary tylladan doly hyýaly daga eltýär. Ine, ''Kasym oglan'' diýen ertekide Symrug Kap dagyndan dirilik suwuny getirýär (edil otparazlykdaky Symrug ýaly). Türkmenlerde Burkut baba (''Bürgüt ata'') barada hem düşünje saklanypdyr. Ol ýagyş hudaýy bolup, gurakçylyk ýyllarynda onuñ ýoluna owlak aýdypdyrlar. Oguzlar yslamy kabul etmänkäler, olaryñ hökümdarlary şol bir wagtda ýokary şaman (porhan) hem bolupdyrlar, olaryñ atributlarynyñ guşuñ bedeniniñ böleklerine we onuñ ýeleklerine gabat gelmegi (ilkinji moraw hökümdarlarynyñ başgaplaryndaky ýelekler hem şu ýerden) hem gyzyklydyr. Porhanlyk wagtynda şamanlar guşlaryñ we haýwanlaryñ sesine öýkünipdirler. Bu däpleriñ hemmesi häzir diñe türki we fin halklarynda saklanypdyr(35).
Gelmişek morawanlaryñ obalary ýerli slawýanlaryñ şäherçelerinden bellibir derejede tapawutlanypdyr. Mysal üçin, hökümdaryñ paýtagt şäheri Mikulçisede berkitmeler daşyna daş örülen uzynlygy 10 m bolan gaçydan bolupdyr, oña barýan girelgeler haýatlaryñ, garymlaryñ birnäçe hatarlary we Morawa derýasynyñ hanalary bilen goralypdyr. Hökümdaryñ köşgüniñ daşyna daş diwarlar we haýatlar bilen gurşalan goşunyñ berkitmeleri we asylzada adamlaryñ howlulary ýerleşipdir. IX asyr üçin bu güýçli gala bolup, morawanlaryñ garşydaşlaryny, ýagny bawar feodallaryny haýran galdyrypdyr(36). Emma morawanlaryñ gelen ýeri bolan Merkezi Aziýa üçin şeýle berkitmeler adaty gala hasaplanypdyr. Morawanlar öz täze watanlarynda diñe Merkezi Aziýanyñ şäher däplerini dikeldipdirler.
''Çehoslowikiýanyñ gysga taryhynyñ'' awtorlary, irki morawanlaryñ demir ussaçylygynda, ýarag ýasamakda, külalçylykda we şaý-sep ýasamakda hem IX asyryñ ortasynda ýiten däplerini ulanypdyrlar diýip ykrar edýärler(37).
Biziñ üçin, hut Beýik Morawiýada ilkinji slawýan elipbiýiniñ IX asyryñ 60-njy ýyllarynda Wizantiýa imperatorynyñ iberen missonerleri Kirill (Konstantin) we Mefodiý tarapyndan döredilendigi gyzyklydyr. Imperator Morawiýa kimi iberipdir? Wizantiýanyñ ýerli ilatyny däl-de, türki-bolgar halkynyñ wekilini iberýär. Bu halk slawýan Balkanlary bilen işjeñ garyşyp, hristiýanlygy kabul edýär. Emma bolgarlar Ýewropa gadymy türki runa ýazgylary bilen gelýärler, şol döwürde slawýanlaryñ ýönekeý suratly haty bolupdyr. Missionerler ㅡ bolgarlar öz garyndaşlary türki-morawanlaryñ ýanyna gelýärler. Beýik Morawiýada bir tuguñ astynda Ýewropada german agalygyna garşy durup biljek türküleriñ we slawýanlaryñ bir baýdagyñ astynda birleşmegi (edil Kiýew Rusundaky ýaly) üçin esas döreýär. Doganlar ㅡ missionerler kirill hatyny döredipdirler diýen berk ornaşan pikiriñ nireden dörändigi belli däl? Bu pikir, esasan, rus derñewlerinde ýaýrandyr. Kirill glagolisany döredendir!
Hatyñ nemes taryhçysy I. Fridrihiñ belleýşi ýaly, Kirilliñ glagolisasy görnüşi boýunça adaty bolmadyk belgilerdir. Olar dürli çaklamalary ýüze çykardy diýip belleýär. Onuñ öz pikirine görä, elipbiý täzeden işlenen grek harplarynyñ esasynda döräpdir, emma käbir detallary düşündirilişi talap edýär(38).
Emma grek haty bilen gowy tanyş bolan orta asyr ýewropaly awtorlar glagolisanyñ hiç bir ýewropa hatyna meñzemeýändigini belleýärler. Mysal üçin, bogemaly Dobner şeýle ýazypdyr: ''Hakyky Kirilliñ elipbiýi Glagolisadyr. Glagolyñ harplary gödek hem gelşiksiz, gadymylygyñ ähli alamatlary onda bolup, başga hiç birine meñzemeýär. Kirilliñki bolsa grekleriñkiden tapawutlanýar we onuñ IX asyrda täze oýlap tapylan bolmaga haky ýokdur. Biz olaryñ arasynda diñe ýedi sany glagol elipbiýinden alnan, grek däl harplary görýäris''(39).
Dagestan taryhçysy M. Ad£i Kiril bilen Mefodiniñ hut türki runa ýazgylarynyñ esasynda döredendigi barada hiç hili ikirjiñlenmeýär. Onda-da elipbiýde onuñ pikir edişi ýaly, diñe türki dillerine mahsus bolan ''ýumşak ㅡ g'', burun sesler, ýota ㅡ sesler mahsus bolan harplar duşýar(40).
Ö. Gündogdyýew
(dowamy bar)