(Louell Tomas)
MEŞHURLYGA TARAP IŇ GYSGA ÝOL
Geçen ýylyň ýanwarynyň sowuk agşamlarynyň birinde iki ýarym müň adam Nýu-ýork «Pensilwaniýa» myhmanhanasynyň uly tans zalyna ýygnandy sekiziň ýarynda hemme ýerler eýelendi. Zala girmek isleýänler sekizde-de topar-topar bolup gelip durdular. Birsalymdan uly eýwan hyryn-dykyn boldy. Indi zala alma atsaň ýere gaçjak däldi. Uzyn gün işden aryp gelen adamlar şol agşam bir ýarym sagat aýak ustünde dik durdular. Nämäniň hatyrasynadyr öýdýärsiňiz?
Täze egin-eşikleriň modalaryna ýa-da welosiped sürüjileriň alty günlük ýaryşynyň finalyna tomaşa etmek üçinmi, ýa bolmasa kinoaktýor Klark Geýbliň ýüzüne seretmek üçinmi?
Ýok! Gazetde çykan bir bildiriş adamlary bu ýere ýygnapdy. Gazetiň bir sahypasyny tutup duran şol bildiriş Nýu-ýorkuň «San» gazetinde mundan iki gün öň peýda bolupdy. Köpleriň gözüne ilen şol bildirişde şeýle sözlem bardy: «Girdejileriňizi artdyryň;
Sözi başarnykly peýdalanmagy öwreniň; Ýolbaşçy bolmaga taýynlanyň». Könemi? Hawa, ýöne ynansanyz ynanyň, ynanmasaňyz ynanmaň welin, şeýle wakanyň bolany çyn. Dürli täsin habarlardan ýaňa eljirän, halkyň ýigrimi prosenti işsizligi üçin kömek alýan şäheriň iki ýarym müň adamy agşamlaryny maşgalalarynyň arasynda geçirmän, «Pensilwaniýa» myhmanhanasyna howlukdylar.
Onsoňam ol bildirişiň hälki bir köçe gazetinde çykman, Nýu - Ýorkuň iň bir konserwatiw gazeti bolan «San» gazetinde
çykandygyny bek belläň. Bildirişe imrinenler bolsa, jemgyetiň ykdysadyýet bilen iş salyşýan adamlarynyň ýokary gatlagyna degişliler boldy. Olaryň köpüsi ýyllyk girdejileri ondan elli müň dollara ýetýän ýolbaşçy, spesialist hem işewür adamlardy.
Bular oratorlyk sungaty hem adamlaryň aragatnaşyk meseleleri boýunça iň bir döwrebap, gündelik durmuşda ulanmak üçin ähmiýetli usuly öwrenýän Deýl Karnegiň Instituty tarapyndan hödürlenýän «Sözi başarnykly peýdalanmagyň sungaty we işewür dünýäde adamlara täsir etmegiň usullary» diýen kursuň açylyşyna gatnaşmaga ýygnanypdylar.
Ýurduň işewür toparlarynyň wekilleri bolan iki ýarym müň aýal-erkegiň bu kursa teşneliginiň sebäbi nämekä?
Belki, ýurtda dörän ykdysady durgunlyk zerarly, olarda bilimlerini artdyrmak islegi dörändir?
Ýok, bu çenimiz hakykata gabat gelenok. Sebäbi Nýu-ýorkuň hyryn-dykyn adamly auditoriýalarynda soňky ýigrimi dört ýylyň dowamynda hut şeýle kurslar her ýyl okadylyp gelinýärdi ahyryn. Şonça wagtyň dowamynda on bäş müňdenem gowrak spesialistler we işewür adamlar Deýl Karnegiden tälim alypdylar. Hatda: «Westigauz elektrik», «Mak-Grou-Hill pablişing kampani», «Bruklin ýunion ges kampani», Brukliniň söwda palatasy, amerikanyň injener-elektrik instituty, «Nýu- Ýork telefon kampaň» ýaly uly hem şeýle kurslara kinaýaly garaýan konserwatiw guramalar hem gullukçylaryny, ýolbaşçy işgärlerini şu programma bilen okadýardylar.
Başlangyç we orta mekdepleri, kollejleri gutaran adamlaryň on-on iki ýyldan soň ýokardaky ýaly kurslarda okamaly bolýanlygy, biziň bilim beriş sistemamyzyň düýpli kemçiligidir.
Hakykatda uly adamlar nämäni öwrenmek isleýär? Bu örän möhüm sowala jogap bermek üçin Çikago uniweresteti uly adamlary okatmagyň amerikan assosiasiýasy we HaML birleşen mekdepleri ýigrimi bäş müň dollar harç edip, iki ýyllap ýörite barlaglar geçirdiler.
Geçirilen barlaglar: uly adamlary esasy gyzyklandyrýan zat — olaryň saglygydyny kesgitledi. Uly adamlary ikinji nobatda gyzyklandyrýan zadam: adamlar bilen aragatnaşygy gowy ýola goýmak, oňşup ýaşamak we olara täsir etmek bolup çykdy. Adamlaryň köpüsinde orator bolmak niýeti ýok, şonuň üçinem olara psihologiýa barada agyz dolduryp eden gürrüňleriň ýokanok. Şonuň üçinem uly adamlara işde, öýde, tanyş-bilişleri, dogan-gardaşlary bilen aragatnaşykda ulanar ýaly ýönekeý maslahatlar gerek.
Şunlukda, uly adamlar hakykatdanam şu zatlary öwrenmek isleýärler diýen netijä gelip bolarmy?
Barlagçylar muny«bolar» hasaplap, bu islegleri kanagatlandyryp biljekdiklerine heşelle kakdylar.
Emma, haçanda şu ugra degişli okuw kitaby gözlenip ugralanda, ynsanara gatnaşyklarda gündelik gabat gelýän kynçylyklary asan edip biljek gündelik maslahatçy bolmaly kitap heniz hiç kim tarapyndan ýazylmandygy mälim boldy.
Haýran galmaly ýagdaý! ýüzläp ýyllaryň dowamynda sada adama gerek bolmajak grek, latyn dilleri, ýokary matematika degişli bir näçe ylmy işler ýazylypdyr. Emma ýönekeý adama günüň-gününe gerek bolup duran, oňa maslahatçy, ýol görkeziji bolup biljek derse degişli hiç bir iş edilmändir.
«Pensilwaniýa» myhmanhanasynyň tans zalynda iki ýarym müň adamyň sabyrsyzlyk bilen garaşýan zadynyň sebäbi ine,
şundadyr. Olaryň köp wagtlap gözlän zadyny edil şu ýerde tapýan bolmaklary mümkin. Gazetdäki bildirişe munça aýal- erkegiň höwesek imrinmesiniň sebäbini hem şundan gözlemeli.
Bular orta mekdepde, kollejde jan edip, kitap baryny agtaryp okap ýörkäler, hunärleri boýunça şowly işlemek diňe aljak bilimlerine bagly bolar şolam maşgalany, kärhanany dolandyrmaga, baýlyk toplamaga kömek eder öýdýärdiler.
Emma hakykat bularyň garaşyşyndan gödegräk bolup çykdy iş ýüzünde gabat gelýän zatlar diňe bilime bagly däldi. Birnäçe ýyl geçenden soň bular näumyt bolup başlady. Şunlukda lapykeçlik döredi. Bilimli, hünäriňe ökde bolanyň bilen üstünlik gazanyp bolmaýardy. Işewür dünýäde has uly üstünlikler gazanmak üçin bilimden, hünäriňe ökdelikden daşgaryn, ýerlikli geplemäni, özgeleri öz garaýyşlaryna imrindirmäni hem öz matlaplaryňy wagyz etmäni, şu zatlaryň üsti bilenem özüňi ile tanatmany başarmalydy.
Senagat we maliýe işleriniň çäginde ýolbaşçy wezipeleri eýelemekde ugurtapyjylygyň, hususy häsiýetleriň we gepe çeperligiň latyn işliklerini bilmekden ýa-da Garward uniwersitetiniň diplomyndan has zerurdygyna olar göz ýetirdiler.
«San» gazetinde peýda bolan bildiriş «Pensilwaniýa» myhmanhanasyndaky ýygnagyň gyzykly boljakdygyna wada beripdi. Bu şeýle-de boldy.
Gürrüňi edilýän kursy gutaran adamlaryň on sekizi mikrofonyň öňünde hatara durdy. Şolaryň on bäşisine öz hekaýatlaryny aýtmak üçin bary-ýogy ýetmiş bäş sekuntdan wagt berildi. Şondan soň serenjam beriji ýolbaşçy çekijini urup:
«Siziň wagtyňyz gutardy! Indiki orator!» diýip, yglan edýärdi.
Düzlükden dabyrdaşyp eňip barýan ýabany öküzleriň sürüsiniň tizligi ýaly, hereket çalt dowam edýärdi. Tomaşaçylar bu spektakla dik durup bir ýarym sagat seretdiler.
Çykyş edenleriň arasynda ABŞ-yň işjeň toparlarynyň dürli wekilleri bardy. Olar: birmeňzeş ownuk söwda magazinlerine eýelik edýän firmanyň administratoryndan, çörek bişirijiden, haýsydyr bir söwda assosiasiýasynyň prawleniýesiniň başlygyndan, iki bankirden, ýük maşynlaryny satyjy agentden, himiki önümleri satyjy agentden, strahowaniýe agentinden, kerpiç örüjiler assosiasiýasynyň sekretaryndan, buhgalterden, diş doktaryndan, «Hristian ylmy» guramasynyň wekilinden, Indianapolisden Nýu-Ýorka kursda okamaga gelen dermanhana eýesinden, diňe üç minutlyk örän möhüm çykyşa taýýarlanmak üçin Gawanadan gelen aklawjydan ybaratdy.
Birinji çykyş eden oratoryň ady şotlantlardan bölünip çykan millet bolan gelleriň adyna meňzeşdi. Oňa Patrik J. 0’Heýr diýýärdiler. Ol Irlandiýada doglupdyr, bary-ýogy dört ýyl mekdebe gatnapdyr amerika gelip, ilkibada mehanik, sonra şofýor bolup işläpdir.
Şunlukda, onuň kyrk ýaşy dolupdyr, çaga basypdyr, olary eklemek üçin köpräk harjy gerek bolupdyr. Şonuň üçinem ol ýük maşynlaryny satýan agent bolup işe geçmäge synanyşypdyr. Özüniň aýtmagyna görä, bu adam özüne kembaha garamakdan ejir çekýän eken. Şol sebäpli ýaňky täze işe girjek firmasynyň gapysyny açmaga utanyp, onun töwereginde zowzanaklap ýörüpdir ahyry işe girenden soňam söwda agenti bolmak onuň maňzyna batmandyr. Işden çykarman bolup, öňki kärini dowam etdirjek bolup ýörkä-de
Deýl Karnegiň ýerlikli geplemek sungatyny öwredýän kursunyň diňleýjileriniň guramaçylyk ýygnagyna çagyrylypdyr. «Barsam ýokary bilimli sowatly adamlaryň arasyna düşüp aljyraryn» diýen gorky bilen, onuň ýygnaga-da gidesi gelmändir.
Güzeran zerarly herki zatdan dalda gözläp, ýapyşalga tapsa, ýapyşmaga kaýyl aýalyna ony yrmak başardypdyr. Ol: «Munuň saňa delalaty degmegi mümkin. Pat, hudaýyň nireden berjegini bilip bolmaz, sen şoňa git» diýipdir. Ol ýygnak geçjek ýere gaýdypdyr. Gelip jaýa girmäge het edibilmän, bäş minut dagy gapyda durupdyr.
Ilkibaşda çykyş etmäge birnäçe gezek synanyşanda, onuň gorkudan ýaňa başy aýlanypdyr. Hepdeler geçipdir, onda özüne ynam güýçlenipdir. Kem-kem ýaňkyda çekinjeňlikden, gorky- ürküden nyşan galmandyr, gaýtam uly auditoriýanyň öňünde çykyş etmek oňa ýarap başlapdyr. Diňleýän adam näçe köp boldugyça, onuň gepläsi gelip ugrapdyr. Şunlukda ol käbir adamlardyr müşderilerinden çekinmesini düýpgöter taşlapdyr. Patyň girdejisi birden ýokary galypdyr. Häzir ol Nýu-Ýorkuň iň gowy söwda agentleriniň biridir. Şol gün agşam Patrik 0’Heýr «Pensilwaniýa» myhmanhanasynda, iki ýarym müň diňleýjiniň öňünde öz üstünlikleriniň geň galdyryjy taryhyny gürrüň berdi. Zal gülküden ýaňa ýarylaýyn diýýärdi. Şeýle şowly çykyş, diňe käbir professional oratorlara başardar.
Indiki sözi on bir çaganyň atasy, ak saçly bankir alýar. Ol birinji gezek klasda geplejek bolanda onuň dili tutulan eken. Godfri Meýer diýilýän bu adamyň şonda beýnisi işlemändir. Meýeriň taryhy— ýolbaşçy poýetlary diňe ussat geplemegi başarýan adamlaryň eýeleýändiginiň aýdyň mysalydyr.
Meýer häzir Uolli-stritde (Nýu-Ýorkdaky esasy banklaryň uly konsernleriň, birja fondlarynyň ýerleşýän köçesi) işleýär. Ol ozal ýigrimi bäş ýyllap Nýu-Jersi ştatynyň Klifton şäherinde ýaşapdyr. Şol wagtlar Meýer jemgyetçilik işlerine işeňňir gatnaşmandyr. Ony şäheriň bäş ýüz töweregi adamy tanaýar eken.
Karnegiň kursuna gatnap ugranynyň yz ýanlary oňa salgyt töleginiň hatyny gowşurýarlar. Salgydy adalatsyz hasap edýänligi üçin, ol gahar atyna atlanýar adatça şeýle halatlarda ol öýünden çykman hum ýaly çişip oturar eken. Haty goňşularyna görkezip, zeýrenip, jibirdäp içini sowadýarmyşyn. Emma şol agşam ol adaty häsiýetinden el çekip, şlýapasyny kellesine sokupdyr-da, şäher boýunça ýüze çykýan meseleleri çözmek üçin ýygnanýan saýlawçylaryň ýygnagyna düňk ýasapdyr. Şol ýerdede köpçüligiň öňüne çykyp, gepläp göwün solpudan çykypdyr.
Şeýle gahar-gazaply çykyşyň täsirine düşen Kliftonyň grajdanlary, geljekki saýlawda öz kanditaturasyny şäher munisipalitetine görkezmegini tutanýerli haýyş edip başlapdyrlar. Şunuň bilen baglylykda ol bir ýygnakdan çyksa, beýlekä baryp, şäheriň munisipal häkimýetleriniň serişdeleri bisarpa tutuşyny, harajatlary artykmaç sowuşlaryny ýazgaryp, birnäçe hepdäniň dowamynda yzygiderli çykyş edýär.
Şäheriň munisipalitetine togsan alty sany kandidat görkezilipdir. Haçanda sesler sanalanda Godfri Meýeriň ady birinji ýerde eken, Ol sähelçe wagtyň içinde kyrk müň ýaşaýjyly şäherde iň bir tanymal adama öwrülip ötägidipdir. Köpçüligiň öňünde çykyp geplemeler Meýere ozalky ýigrimi bäş ýyldaky tutan dostlaryndan segsen esse köp dost gazanmaga
mümkinçilik berdi. Bu hadysanyň bary-ýogy alty hepdäniň içinde bolup geçendigi has-da geň galdyryjydyr.
Onuň aýlyk gazanjy bolsa munisipalitetin çleni hökmünde ozalkysyndan müň prosent artdy.
Üçünji orator gaty iri azyk önümleri fabrikantlarynyň assosiasiýasynyň başlygydy. Ol ozal direktorlaryň sowetleriniň ýygnaklarynda ýerinden turmaga-da çekinýändigini gürrüň berdi. Ýaňky öz pikirini köpçülige ussatlyk bilen düşündirip ugrandan soň, iki sany geň hadysa bolupdyr. Ony basym öz assosiasiýalarynyň prawleniýesiniň başlyklygyna saýlapdyrlar. Bu wezipe ony ABŞ-yň dürli künjeklerinde çykyş etmäge borçly edipdir. Onuň eden çykyşlarynyň käbiri assoşeýted Press agentligi tarapyndan ýurduň gazet-jurnallarynda çap edilip giňden ýaýradylypdyr.
Ol çykyş etmäni öwrenenden soňky geçen iki ýylyň dowamynda kompaniýalarynyň we onuň goýberýän önümleriniň reklamasyny öň çärýek million harçlap ýaýradýan gönümel reklamalaryndanam giň propagandirlemegi başardy. Ol ozal aşaky Manhettendäki käbir ýolbaşçylara jaň etmäge-de, olary käte nahara çagyrmaga-da çekinip gezendigini boýun aldy. Emma indi welin şol adamlaryň özleri oňa jaň edýärler, ertirlik nahara çagyrýarlar, üstesine-de gymmatly wagtyny alandyklary üçin ötünç soraýarlar. Ýerlikli geplemegiň gudraty gör, nähili eken.
Çykyş etmegi başarmak tanymallyga sary barýan iň gysga ýoldur. Bu ukyp adamy adamlaryň üns merkezinde saklaýar adatça gowy, ýerlikli gürlemäni başarýan adamlara onuň asla ukyby bolmadyk zatlaryny hem başarýandyr öýdýärler. Häzirki günlerde biziň ýurdumyzda uly adamlary okatmak
hereketi diýseň okgunly ösýär. Bu hereketiň iň netijeli wekilleriniň biri Deýl Karnegidir. Ol uly adamlaryň çykyşlaryny iň köp diňlän we olar barada taňkydy belliklerini aýdan adamdyr. Riplişn ýaňy-ýakynda peýda bolan «Ynansaňyz ynanyň, ynanmasaňyz özüňiz biliň» diýen karikatura toparyna salgylansak, Deýl Karnegi bir ýüz elli müň sany çykyşa tankydy analiz beripdir. Eger sizi şeýle uly san haýran galdyrmadyk bolsa, onda siz başga bir zady göz öňüne getiriň. Bu, Kolumbyň amerikany açaly bäri, tas her gün bir çykyş edildi diýildigidir. Başgaça aýdanymyzda, her kim Karnegiň gatnaşmagynda bary- ýogy üç minut çykyş eden bolsa, onda oňa gije-gündiz ýatman, bir ýylyň dowamynda olary diňlemek gerek bolardy.
Deýl Karnegiň dürli gapma-garşylyklara baý ömri özboluşly ideýa maýyl hem ony uly ruhybelentlik bilen durmuşa geçirjek bolan adamyň ýetip biljek derejesini görkezýän aýdyň mysaldyr.
Ol Missuri ştatynda, demir ýoldan on alty kilometrlikde ýerleşýän fermada eneden doglupdyr. Karnegi on iki ýaşynda birinji gezek tramwaýy görüpdir. Şuňa garamazdan ol kyrk altyýaşynyň içinde ýeriň iň uzak künjekleri bilen tanyş bolmaga ýetişdi. Gonkongdan Hammerfeste çenli, bir gezek bolsa Demirgazyk polýusyna-da ýakyn bardy: Onuň Demirgazyk polýusyndaky baran ýeri admiral Berdiň Litl-amerkadaky ştab- kwartirasynyň duran ýerinden Gunorta polýusa çenli bolan aralykdanam golaýdy.
Bir wagtlar sagadyna bary-ýogy bäş sent hak alyp, ýer tudanasyny ýygan, ot oran bu missurili oglanjyk indi her minudyna bir dollar alyp, uly korporasiýalaryň ýolbaşçylaryna pikirlerini aýdyň beýan etmek sungatyny öwredýär.
Bir mahallar Günorta Dakotynyň gunbatar böleginde göle tagmalap, ýabyň üstünde selkildäp sygyr bakan padyman indi Ueleiň şazadasynyň hemaýaty bilen Londonda çykyş edýär,
Märeke öňündäki ilkinji bäş-alty çykyşynda düýpli şowsuzlyga uçran bu ýigit soňra meniň hususy iş dolandyryjym boldy Deýl Karnegiň ýolbaşçylygy astynda okamagym, meniň köp üstünliklerimiň hemrasy boldy.
Ýaş Karnegiň bilim almak üçin söken ýoly kyn boldy. Missury ştatynyň demirgazyk günbatar böleginde ýerleşen köne fermanyň üstüne köp betbagtçylyklar inip durardy. «102» atly derýa ýylyň-ýylyna joşýardy, ak ekinleri suw basýardy, bedäni sil alyp gidýärdi. Her ýyl diýen ýaly semiz doňuzlara mergi keseli degip, olaryň sany azalýardy. Iri şahly mallaryň we gatyrlaryň bahasy iň pes derejä düşeni sebäpli, bank ferma hojaýynlarynyň goýan girewini tölemejekdigi barada haýbat atýardy.
Halys ruhdan düşen Karnegiň maşgalasy ozalky fermalaryny satyp, Missuri ştatynyň Uorrensbergdäki mugallymçylyk kollejiniň golaýynda ýerleşýän täze bir fermany satyn aldylar. Şol mahallar günüňe bir dollara kireýine jaý alsaň, iýmitiňem berýärdiler. Emma ýaş Karnegiň şoňa-da mümkinçiligi ýokdy. Şu ýagdaý sebäpli ol fermada ýaşap, bäş kilometr töweregi daşlykdaky kolleje ýabyly gatnap okamaly boldy. Ol fermada sygyrlary sagýardy, odun aýyrýardy, doňuzlary naharlaýardy. Işden dynandan soňra bolsa, tä gözi ýumlup, maňlaýyny kitaplara urýança, ýag çyranyň yşygyna latyn işliklerini gaýtalap-gaýtalap okaýardy.
Ol ýarym gije ýerine girse-de sagadyny daňdan üçe gurup ýatmaly bolýardy. Sebäbi kakasy dýurok-jersi atly tohum
doňuzlaryny köpeltmegiň arzuwyndady. Gyşyň sowuk gijelerinde jojuklaryň sowuk alaýmak howpy bolansoň, olary ilkagşamdan sebede salyp aşhananyň pejiniň ýanynda getirip goýýardylar. Üstlerini çit halta bilen basyrýardylar. Jojuklar dilleşen ýaly, daňdan sagat üçde süýt talap edip jygyldaşyp başlaýardylar. Şol mahalam sagat jyňňyrdap, Deýlini oýarýardy. Gije jojuklary enesiniň ýanyna äkidip, emip bolansoňlaram ýene yzyna alyp gaýtmak onuň boýnunady. Deýl her gyş gijesi syňsyraklap bu işi edýärdi.
Mugallymçylyk kollejiň alty ýüz studenti bardy. Şolaryňam diňe alty sanysynyň şäherde ýaşamaga mümkinçiligi ýokdy. Şolaryň biri hem Deýl Karnegidi. Ol her gün okuwdan gelip, sygyrlary sagmaly bolýardy. Özüne dar bolýan paltosyny, kelte bolýan jalbaryny geýip kolleje baranda, garypdyklaryna utanýardy, kemsinýärdi.Şeýdip egnini gysyp ýörşüne, onda özüne kembaha garamak duýgusy gitdikçe ösýärdi. Şu zerarly Karnegi deň-duşlaryndan saýlanmagyň iň gysga ýoluny gözläp başlaýar. Kollejdäki futbol oýnaýan hem oratorçylyk çekişmelere gatnaşyp, ýeňiji bolýan studentleriň beýlekilere görä abraýlarynyň galadygyny ol tiz saýgardy.
Sportda tapawutlanyp bilmejegine gözi ýeten Karnegi dilewarçylyk boýunça geçirilýän ýaryşlarda üstün çykmagy niýet edinip. Ol birnäçe aýyň dowamynda çykyş etmäge taýynlandy. Sygyr sagyp otyrka-da, ýabyly kolleje barýarka-da onuň pişesi owadan geplemekligi öwrenmek boldy. Soňabaka ol saraýdaky küdäniň üstüne münüp, ellerini kelemenledip, ürküp pasyrdaşyp uçýan kepderileriň arasynda ýaponlaryň amerika göçüp gelmegini togtatmak barada uly joşgun bilen söz sözlemäge türgenleşmäni çykardy.
Şeýle yhlas bilen ýapyşsa-da, oňa şowsuzlyk yzyna şowsuzlyk uçrady. Ol wagtlar Karnegiň bary-ýogy on sekiz ýaşy bardy. Özem öýkelekdi, tekepbirdi. Şowsuzlyklar ony aljyratdy, sussypesligini has-da artdyrdy, hatda janyna kast etmek pikirine hem ýolukdyrdy. Emma garaşylmadyk ýerden ol kollejde geçirilýän oratorlyk sungatynyň konkurs ýaryşlarynda üstün çykyp ugrady.
Şeýlelikde özlerini konkursa taýýarlamagy haýyş edip oňa beýleki studentler hem ýüz tutup başladylar. Onuň kömegi bilen dilewarlyk ýaryşynda üstün çykanlaram boldy.
Ol kolleji gutaransoň, Günbatar Nebraskiniň we Gundogar Waýomingiň çäge depeleriniň arasynda ýaşap ýören fermerler uçin gaýybana kurs açdy.
Karnegiň gujur-gaýratyna, tüýs ýürekden eden yhlasyna garamazdan, başlan bu işi üstünlik getirmedi. Şonda ol janyna jaý tapmandy. Halys ruhdan düşen günleriniň birinde ol Nebraska ştatynyň allaýan şäherindäki ýaşaýan myhmanhanasyna gelip, ýaşaýan otagyndaky krowadyna özüni taşlap, gündüziň günortany möňňürip aglapdam. Onuň ters täleýinden gaçyp sypasy gelen saparlary kän bolupdy. Bu gezegem Deýliniň durmuşyň keç hem ýowuz göreşinden gaçasy geldi. Onuň şol wagtky niýeti ýene kolleje gaýdyp barmakdy. Emma muňa bogny ysmady. Şonuň üçinem ol Omaha gidip, kärini başlamagy ýüregine düwdi. Karnegiň şol wagt otla münere bilet pulam ýokdy. Şonuň üçinem ol ýük wagonyna mündi. Bilet pulunyň deregine-de ýolda iki wagon ýabany ýabynyň ot-suwuna seretmegi boýun aldy.
Deýl Günorta Omaha gelip, «armor end kampaniýasynda» işe durdy. Onuň indiki wezipesi Günorta Dakotdaky hindileriň
ýaşaýan ýerlerinde we beýleki maldarçylyk raýonlarynda duzlanan, tüssä tutulan doňuz etini, doňuzyň ak ýagyny hem sabyn satmakdan ybaratdy. Ol şol ýerlerde ýük otlularynda, paýtunda ýa-da ýabyly ençeme ýollary sökdi. Amerika ilki göçüp gelenleriň döwründäki arasy mytgal mata bilen bölünen myhmanhanalarda ýatyp-turdy. Ol gezme söwda agentleriniň gollanmasyny öwrendi, doly baş öwredilmedik ýarym ýabany ýabylarda çapdy, hindi gyzlaryna öýlenen ýerli adamlar bilen kart oýnady, bergidarlardan algysyny almagyň tärlerini öwrendi. Gyrak-bujakda ýerleşýan dükanlaryň käbir hojaýynlaryň sargan zadynyň bahasyny nagt tölemäge gurby çatmasa, Karnegi öz harydynyň deregine onuň harydyndan alyp, ony hem başga ýerde satyp, «armor end kampaniýaň» girdejisnni köpeltmek üçin jan edýärdi.
Onuň ýük wagonynda günde ýüz mildenem köpräk geçmeli wagtlary seýrek bolmaýardy. Duralgalarda otlynyň ýüki düşürilýänçä, ol şäheriň kwartallaryna aýlanyp söwdagärlerden sargyt alardy. Haçanda otly zoguny çalanda bolsa, aýak aldygyna ylgap gaýdyp, bat alyp ugran otla böküp münerdi.
Karnegiň söwda edýän ýeri bolan Gunorta Dakota Günorta Ýumahadan ýigrimi dokuz sany awtomobil ýoly gelensoň, bu ýerlerde haryt çöl däldi. Şu oňaýsyzlyga garamazdan, Deýl hyzmatyny edýän firmasynyň söwdasyny ýigrimi bäşinji ýerden welaýatda birinji ýere çykardy. «armor end kampani» firmasy onuň juda müşgül işi asan edenligini belläp, oňa öňkä görä ýokarrak wezipe hödürledi. Emma Deýl ol wezipeden ýüz dönderip, işden çykdy. Şondan soň ol Nýu-Ýorka gidip, teatr sungaty akademiýasynda okady, «Sirk artistkasy Polly» diýen
pýesada Hartli diýen doktoryň rolunda oýnap ýurtda aýlandy.
Ol özüniň But ýa-da Barrimor ýaly şöhratly aktýor bolup bilmejekligine akly çatýardy. Şonuň üçinem ol ýene-de gezme söwda agenti kärine dolanyp bardy we «Pakkard motorkar kompani» firmasynyň ýük maşynlaryny satyp ugrady.
Deýliň maşyndan düýbünden başy çykmaýardy, ony öwrenmek höwesi hem ýokdy. Ol özüni iň betbagt adam hasaplaýardy, her gün halamaýan işine sary ugramak onuň üçin uly güzapdy. Kollejde okaýarka arzuw eden kitaplaryny ýazmak isleýärdi. Şol sebäpli Karnegi işden çykyp hekaýadyr roman ýazmagy, gazanç üçin bolsa agşamky mekdeplerde mugallym bolmagy ýüregine düwdi.
Ýöne haýsy sapagy okatmaly? Şu sowal ýüze çykanda, ol geçen ýoluna, kollejde eden işlerine ser saldy. Görüp otursa, oratorçylyk sungaty boýunça gören taýýarlygy oňa beýleki predmetlerden köp peýda getiren eken. Özüne bolan ynamy, batyrgaýlygy, sowukganlylygy, işewür adamlar bilen gurleşmäni öwreden hut şu sungatdy. Şonuň üçinem ol Nýu- ýorkdaky ÝaÝHa-nyň mekdebiniň administradiýasyna şeýle teklip bilen ýüz tutdy. Mekdepde oratorçylyk sungatyny okatmaga mümkinçilik döretmeklerini erjellik bilen haýyş etdi.
Näme? Biznesmenleri orator etmelimi? Samsyklyk! ÝaÝHa- nyň ýolbaşçylary ozal şu kybap kurslary açmaga synanyşyk edipdiler, olaryňam bary puç bolup çykypdy. Şonuň üçinem administrasiýa Karneginiň teklibine pitiwa etmedi. Direktor Deýliň özi gaçyp gider ýaly teklip girizdi. Her leksiýa üçin mugallymlara töleýän iki dollaryny oňa tölejek däldigini aýtdy. Karnegi açyljak kurslardan düşjek puluň belli bir prosentine kaýyl bolup mugallymçylyk etmäge razy boldy. Emma iki
dollara dözmedik administrator üç ýyl geçip-geçmänkä, onuň her agşamky leksiýasy üçin otuz dollar töläp başlamaga mejbury razylaşdy.
Kurs örän uly üstünlik getirdi. Ol hakda ÝaÝHa-nyň beýleki bölümleri, soňra başga şäherlerdäki mekdepleri eşidip başlady. Tiz wagtdan Deýl Karnegi meşhur gezme lektor adyny aldy. Ol Nýu-Ýorkda, Filadelfiýada, Baltimorda birneme gijiräk bolsa Londonda, Parijde leksiýalar bilen çykyş etdi. Onuň kursuna teşnelik bilen eňýän işewür adamlar üçin häzire çenli taýýarlanan okuw kitaplary durmuşdan üzňedi, has ylmydy we guraksydy. Deýl bu ugurdan kitap ýazmaklyga batyrgaý girişdi. Onuň ýazan «Ortorçylyk sungaty we işewür dünýäde adamlara täsir etmek ukyby» diýen kitaby häzir ÝaÝHa-nyň hemme bölümlerinde, bankirleriň amerikan assosiasiýasynda, kredit tölemek mümkinçiligini öwrenýän ekspertleriň milli assosiasiýalarynda resmi okuw kitabydyr.
Häzir her möwsümde Karnegiň ýanyna jemagat öňüňde çykyp, geplemäge türgenleşmegi öwrenmäge gelýänleriň sany, Nýu-Ýorkuň ýigrimi iki kollejidir uniwersitetleri tarapyndan oratorçylyk sungatyny öwretmek üçin guralýan kurslara gatnaşýanlaryň ählisinden kändir.
Karnegi sabyr käsesi dolup, özüni unudan adam çeper geplär diýip hasap edýär. Eger şäherdäki iň bir nadan adamyňam eňegine ýumruk bilen urup ýykaýsaň, ýerinden turup şeýle bir saýrar welin, Uilýam Jennings Braýnyň men diýen wagtyndakysyndanam zor çykar diýip, Deýl ynamly aýdýar. Özüne we ony,örän tolgundyrýan ideýa ynamy bolan her bir adamyň şowly çykyş etmäge mümkinçiliginiň bardygyna Karnegi güwä geçýär.
Karnegiň pikiriçe, öz-özüňe ynamy berkidip, başarmaýandyryn öýdýän işleriňede hyjuwly ýapyşyp, ol işe hötde gelmäniň ugruny tapsaň, il içinde işi şowly adam hökmünde şöhratlanyp bolar. Şonuň üçinem ol dinleýjilerini her sapakda çykyş etmäge mejbur edýär. Zalda oturanlar çykyş edýan bilen ýürekdeş, sebäbi diňleýjileriň hemmesiniň ýagdaýy birmeňzeş, olar yzygiderli türgenleşmegiň netijesinde, özlerinde batyrgaýlyk, ynam we ruhybelentlik duýýarlar. Soňra bu zatlar özara gürrüňlerde gowy peýda berýär.
Bu geçen ýyllaryň dowamynda adamlara köpçülikde çykyş etmegi öwretmeklik meniň baş wezipäm däldir diýip, Karnegi leksiýalarynda aýdar eken. Onuň esasy maksady adamlaryň gorkyny ýeňip, batyrgaý bolmagyny gazanmakdan, şunuň usulyny öwretmekden ybarat bolupdyr.
Ilkibaşda ol işewür dunýäniň wekillerine diňe oratorçylyk sungatyny öwredip başlapdyr. Klas partasynda oturanlary bäri otuz ýyl töweregi geçen bu adamlar ilki Karnegiň sapagyna şübheli garapdyrlar. Şonuň üçinem okuw üçin tölegi başbitin däl-de bölekleýin töläpdirler. Olar ertirki boljak işewür gürrüňde, giň auditoriýanyň öňündäki çykyşynda ulanaýar ýaly, şu günki okuwdan ertesi netije gözläpdirler alňasapdyrlar.
Şonun üçinem Deýl tiz, maksadaokgunly işlemeli bolupdyr, şeýdibem köpçülikde çykyş etmegi, ynandyrmak sungatyny, adam aragatnaşyklarynyň meselelerini işde ulanmaga amatly psihologiýany özünde jemleýän täsin hem ýeke-täk köptaraply kursy döredipdir.
Şeýlelikde, Deýl Karnegi adaty okuwlardaky berk düzgün- nyzamy talap etmeýän, iş ýüzünde ulanmasy aňsat örän gyzykly kursy işläp düzýär.
Şeýle kursy gutaranlaryň özleri hem soňra klublary döredip, uzak ýyllaryň dowamynda ol ýerde iki hepdeden bir gezek duşuşyp durýarlar. Filadelfiýada on dokuz adamdan ybarat şeýle toparlaryň biri indi on ýedi ýyl bäri her gyş, aýda iki gezek duşuşýarlar. Duşuşyga gelýänler awtomobilli elli, ýüz mil geçmeli bolýarlar. Bir diňleýji bolsa Nýu-Ýorka Çikagodan hepdede bir gezek gatnapdyr.
Garward uniwersitetiniň professoryUilýam
Jeýmsiň aýtmagyna görä, ortaça adam özüniň akyl ýetiriş ukyplarynyň diňe on prosentini ulanýar. Deýl Karnegi işewür toparlaryň wekillerine özleriniň gizlin mümkinçiliklerini ösdürmäge kömek edip, uly adamlary okatmagyň ajaýyp sistemasyny dörediji boldy.