Aşgabatda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilen Konstitusion toparyň nobatdaky mejlisinde iki palataly Parlamentiň — Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň düzümi seljerildi we käbir guramaçylyk meseleleri maslahatlaşyldy.

Şeýle hem dünýäniň köp ýurtlarynyň tejribesinde bolşy ýaly, ýurduň Prezidentiniň haýsydyr bir sebäbe görä, öz borçlaryny ýerine ýetirmäge mümkinçiligi bolmadyk ýagdaýynda, kada bolşy ýaly, onuň ygtyýarlyklarynyň Parlamentiň wekilçilikli palatasynyň Başlygyna geçýändigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, oňyn halkara tejribeden ugur alyp, ýurduň Prezidentiniň haýsydyr bir sebäbe görä, öz borçlaryny ýerine ýetirmäge mümkinçiligi bolmadyk ýagdaýynda, Prezident saýlanýança, onuň ygtyýarlyklarynyň Halk Maslahatynyň Başlygyna geçýändigi Esasy Kanunda beýan ediler.

Şeýle hem Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygyny, Baş prokuroryny, içeri işler we adalat ministrlerini Halk Maslahatynyň razylygyny almak bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipä belleýändigi hem-de wezipeden boşadýandygy görkeziler.

Şeýle hem Esasy Kanunyň taslamasynda Halk Maslahatynyň we Mejlisiň ygtyýarlyklary bellenildi.

«Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakyndaky» Konstitusion Kanunyň taslamasy köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde fewral aýynyň dowamynda dolulygyna çap ediler. Onuň gutarnykly görnüşi Konstitusion toparyň iýul aýynda geçiriljek mejlisinde garamaga hödürleniler.

Bilim, 12 tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir