Gabanjaňlyk
Gabanjaňlyk – munuň özi haçan-da kimdir biriniň söýýändigine, wepadarlygyna, durky bilen berilendigine şübhelenmedir. Gabanjaňlyk hemme kişä mahsusdyr. Ýöne biri gizlin gabansa, beýlekisi aç-açan gabanýar. Biriniň gabanjaňlygy seresapdan çalaja bolsa, beýlekisiniňki gödekden namysa degiji bolýar. Gabanjaňlyk köplenç bir taraplaýyn bolýar – äri gelnini ýa-da tersine gelni adamsyny gabanýar, iki taraplaýyn gabanjaňlyk gaty seýrek duş gelýär.
Gabanjaňlyk diňe bir är-aýal arasynda bolýar diýip düşünmek bolmaz. Käbir halatlarda gaýynene, gaýynata hem gelnini özgelerden gabanýarlar. Ogluna gep berip, onuň ýüregini çişirip, oglunyň ýüreginde gabanjaňlyk duýgusyny döredýärler, öz elleri bilen çagasynyň gününi bulaýarlar. Ýene bir ýagdaýda ogluny gelninden gabanýarlar, gelni ogluny azdyrýan, ony özlerinden sowaşdyryp duşman edip, ellerinden ogluny alyp barýan ýaly duýýarlar.
Gabanjaňlygyň ýene bir görnüşi bolýar. Ol hem erkegiň ýa-da aýalyň ýoldaşyny ýürekden söýüp, ony ýelden-günden, sowukdan, dilden-gözden gorap, agyr surnukdyryjy işden gorap, şoňa bir zatlar bolaýmasyn diýip, alada-ünjüde, ýanýoldaşyny yzarlap ýaşamakdyr.
Kähalatlarda çalaja, ýönekeýje gabanma birek-birege bolan mähir söýgini artdyrýan, ysnyşygy has hem berkidýän bolsa, gabanjaňlygyň gödek, ezýet beriji, zalym, namysa degiji görnüşi maşgala agzalylyk aralaşdyryp, hojalygy yrandyrýar, dargadýar. Esasly gabanmada erkek gelniniň ýüz-gözüni reňkläp, üýtgeşik geýnip, işden gijiräk gelip başlasa, biri bilen ýylgyryp, gülüşip duranyny göreninde ýa-da öýünde del adam görende müňkürlik döreýär, gabanyp başlaýar.
Gabanjaňlyk seksual gatnaşygyň peselmegi esasynda, ýagny oňa nädogry düşünmeden müňkürlik döräp hem ýüze çykyp biler. Muňa mysal, gaýgy- gussadanmy, näsaglykdanmy seksual islegi peselen gelni ärini ýanyna goýbermeýär. Gelniň bu bolşuna äri özüçe düşünip «äh-ä, bu birini tapypdyr öýdýän» diýip, şübhelenip, gabanyp başlaýar. Edil şunuň ýaly-da äri haýsy hem bolsa bir sebäpden seksual islegi peselip, gelniniň ýanyna barmasyny seýrekletse, gelni adamym birini tapypdyr diýip, müňkür bolýar, gabanýar.
Adamyň terbiýesi, bilimi, akyl-paýhasy, medeniýeti pes boldugyça, şonça-da gabanjaňlyk, gödek häsiýete eýe bolýar. Gabanjaňlygyň birnäçe görnüşleri bar: – erkegiň gelnine öz hususy zady ýaly garaýyş bilen gabanmagy; – gabanjaňyň her bir adama öz bäsdeşi hökmünde garamagy;
– sütemli gabanma – bu gabanjaňyň gabanýanyna sütem bermeden köşeşmegi; – erkek adamyň özüni kemis hasaplamagy netijesinde ýüze çykýan gabanjaňlykda – gelnim haçan hem bolsa bir wagt meni taşlar, men ýaly gowşak äri bilen uzak ýaşasy ýok – diýip pikir edýär we mydama howsalaly ýaşaýar;
– är-aýalyň özüne osup gabanmasynda, olaryň birden-biri gezýän bolsa, ýanýoldaşym hem menden gowy däldir, ol hem gezýändir diýip beýlekisi gabanýar;
– adaty gabanjaňlykda aýalyň ýa-da erkegiň biwepalyk etmeýäni barmy diýen pikire gulluk edilýär.
Ýönekeý adaty, sagdyn gabanjaňlyk, ruhy taýdan kesellileriňkiden nähili tapawutlanýar? Ýönekeý, sagdyn gabanjaňlyk köplenç anyk sebäpli, şübhelenme esasynda döreýär. Gabanýana müňkür bolmaga delil, subutnama ýokdugyny, munuň biderek ýere alada galmakdygyny düşündirseň, ol muňa ynanýar. Olar adatça, assyrynlyk bilen yzarlaýar, şübhelenmesine logiki esas bolýar, emma şonda-da gabanjaňlyk zerarly hetden aşmaýarlar.
Ruhy keselli kişileriň gabanjaňlygy düýpgöter başgaça bolýar. Olar esas ýok ýerinden ugur-utgasyz gabanyp, hetden aşyp, juda gödek bolýarlar. Şeýle adamlara ýalňyşýandygyny, muňa hiç hili esasyň ýoklugyny asla düşündirip, ynandyryp bolmaýar. Ruhy kesellilerdäki gabanjaňlykda, olaryň gulagyna gelni biri bilen pynhan gürleşýän, ogşaşýan... ýaly sesler ýa-da kimdir biriniň gelniniň adyny tutup gygyrýan ýaly sesler gulagyna gelýär. Bu hili gabanjaňlar öz gelinleriniň yzyndan aýrylmaýarlar, her ädimini yzarlap ýörýärler. Bardy-geldi erkek kişi bilen duranyny, onuň bilen ýylgyryşanyny göräýse, gödeklik edip, gelnini urmakdan, oňa dürli agyr sütemleri etmekden birjik-de çekinmeýärler. Käte olar gelni işden gelse, onuň eşiklerini ysgap, bedeninden nähili bir yz-yşarat tapjak bolup gözlemekden gaýtmaýarlar.
Eger-de kimdir biri gabanjaňlyk zerarly şu ýagdaýlara düşse, onda hökman psihiatr lukmana, seksopatologa ýüz tutmak zerurdyr.
Gabanjaňlyk duýgusy aýal-gyzlaryňka garanyňda erkeklerde has agdyklyk edýär. Aýal-gyzlarda erkek adamlara garanyňda müňkürlik, was-waslyk az. Munuň tersine olarda söýgi gabanjaňlygy agdyklyk edýär.
Gabanjaňlygyň islendik söýgä-de özüniň ölüm howply hanjaryny urup bilýändigini belleýärler. Şeýle-de, gabanjaňlyga öz-özüňi kösemeklik diýip baha berýänler-de bar. Eger-de ýersiz-ýere gabanylmaga uçrasaňyz, bu mesele boýunça uzaga çekdirmezden ýakyn hossarlaryňa, lukmana ýüz tutmak gerekdir.
Artyknur NOHUROW
Aşgabat NOHUROW
Perhat Sabirovv 4 years ago- Iñ halamaýan zatlarymyñ biri - Gabanjañlyk
Sps. Like😆