Hytaýda Han Imperiýasy b. e. öň III b. e. I asyrlarynda



1. Ilkinji han imperatorlarynyň içerki syýasaty.
Gao- szuyň yzagoýulmasyz işleriniň biri-de ýudyň ykdysadyýetini dikeltmeklik bolupdyr. Sin Şihuanyň alyp baran uruşlary, gozgalaňlar we sin häkimleriniň jeza beriji goşun bölümleriniň hereketi, ahyrynda bolsa tagt üstünde alnyp barylan bäş ýyllyk tozduryjy uruşlar, ýurdyň hojalygyna uly zyýan ýetiripdi. Suw ulgamlary weýran edilipdi, iň hasylly etraplar işlenilmän, ekin meýdanlary azalypdy. Ýüz müňlerçe ilat uruş bilen heläk bolupdy, ondan hem köp ilat bu bulaşyk ýagdaýdan sypmak üçin hojalyklaryny taşlap tokaýlara gaçyp gidipdiler. Gao-szu Sýuý şäherinden geçende geň galyp: ―Welaýat bolaýşyňy! Men ýurdyň hemme ýerlinde boldym, emma diňe Loýanda köp adam gördüm! diýip, ol ýazypdyr. Ýöne şol wagtlar Sýuýda hem bary ýogy 5 müň hojalyk bar eken, emma bu uruşlardan öň ol şäherde 50 müň hojalyk ýaşaýar eken.
Bu ýagdaýdan çykmagyň ýeke-täk ýoluny Gao-szu aşaky gatlaga egilşik edip, olaryň salgytlaryny ýeňletmeklikde görýär. Täze imperator özüniň ilkinji beren permanlarynda welýat merkezine özi bilen bile gelen we şu ýerlerde galmak isleýän esgerlere ýer bölüp bermegi we 12 ýyllap zähmet borçlulykdan boşatmaklygy girizýär. Zähmet borçlulykdan täze çagalary bolan maşgalalar hem boşadylypdyr. Öz şäherlerini we obalaryny taşlap giden ýaşaýjylaryň hem ýerleri we jaýlary gaýtarylyp berilipdir. Ýer salgydy hemhas azaldylypdyr, indi adamlar hasylyň 1/15-den bir bölegini bermäge borçly edilipdir. Gao-szunyň oruntutarlary döwründe hem ýer salgydy öňkisi ýaly saklanypdyr, tebigy betbagytçylyklar bolan ýagdaýynda bolsa (syl alsa) salgyt asla alynmandyr.
B. e. öň II asyryň ilkinji onýyllyklarynda esasy meseleleriň biri hem ýurdy dolandyrmaklyk meselesi bolupdyr. Gao-szu bütewi döwletiň başynda bolmagy arzuw edip, agdarylan Sin imperiýasynyň dolandyryş ulgamyny doly girizesi gelmändir. Oňki patyşalyklaryň ýerlerinde esaslanan has uly harby serkerdeleriň ýedisine wan derejesini bripdir, olaryň iz ýany bilen Gao-szunyň egindeşleriniň 130-na hemişelik myras ýarleri berlip, olar hou diýilip atlandyrylypdyr. Şeýlelik bilen Sin imperiýasyn tarapyndan döredilen welaýatlar we etraplar imperiýanyň ýerleriniň bir böleginde dikeldilipdir. Gao-szu bir näçe ylalaşyklara gidip Sinlara garşy göreşen harby serkerdeleriň arasyndaky gapma-garşylyklary gowşadypdyr we ýurdyň bütewiliginigi saklamagy gazanypdyr. Bir tarapdan Sinler tarapyndan döredilen merkezi döwlet ulgamy dikeldilýär, ikinji tarapdan her bir myrasdar mülk eýeleriniň ýerleri bütin ýurdyň ýeriniň ýarsyna çenli eýeläp, olaryň öz ýerli dolandyryş edaralary bolupdyr. Wanlar (baş ministrden öňňesini ) ýerli emeldarlary aýryp hem belläp bilipdirler, halkdan salgyt ýygnamaga hukuklary bolupdyr, borçlaryň islendik görnüşini öz isleglerine görä girizip bilipdirler.
Gao-szu (b. e. öň 195 ý.) ölenden soň, ýurtda myrasdýşer mülklerde özbaşdaklyga ymtylmaklyk ýüze çykyp başlaýar. ―Ýurtdyň ýagdaýy- aýagy çyşyp ýogynlygy kebzesiniň ýogynlygyndan geçipdir, barmaklary çişip bili ýaly bolupdyr. Olar bilen gymyldar ýaly däl, sebäbi her bir hereket çydamsyz derejede agyry döredýär.. Egerde häzir wagt ýitirilip, bejerilmese, kesel beterläp, onsoň iň ökde lukman hem oňa hiç zat edip bilmez diýip, ýurdyň ýagdaýyny gözi bilen gören ýazypdyr. Wanlaryň içinde U patyşalygynyň wany Lýu Bi
tapawutlanypdyr. Onuň mülkinde elliden gowrak şäherler bolupdyr, ol öz pulyny zikgeläpdir, deňiz kenarynda bolsa onuň baý duz känleri bolupdyr. Lýu Bi halkyň goldawyny almak üçin öz patyşalygynda ähli salgytlary ýatyrýar. B. e. öň 154-nji ýylda beýleki mirasdüşer hökümdarlaryň altysy bilen birleşip, 200 müň goşun bilen ýurdyň paýtagtyna garşy ýörüşe başlaýar.
Emma özbaşdaklyga ymtylan ―Ýedi wanlaryň toplaňy doly ýeňilmekleri bilen tamamlanýar. Han imperatory amatly mümkinçilikden peýdalanyp, patyşalyklaryň hökümdarlaryny ýerlerde emeldarlary bellemeklik we goşun edinmeklik hukuklaryndan kesýär. Emma döwletiň do;andyryş ulgamyny merkezleşdirmekligi, ondaki iki ulgamy ýatyrmaklyk U-diniň (b. e. öň 140- 87ýý.) dolandyran döwründe amala aşyrylýar. Bu döwür Han ipmperiýasynyň gülläp ösen döwri bolupdyr.
2. “U-diniň Altyn asyry”.
Mirasdüşer emeldarlaryň meselesini gutarnykly çözmek üçin, U-di wanlary we houlary bellemekligiň täze düzgünini girizýär. Mundan beýläk miras mülki maşgalanyň uly ogluna bermeklik ýatyrlýar, ony ogullaryň hemmesiniň arasynda paýlamaklyk girizilýär. Bu bolsa özüniň oňyn netijelerini beripdir. Indi myras ýerleriniň möçberi has kiçelip, wanlar öňki uly häkimlik mümkinçiliklerinden kesilipdiler. Şonuň üçin olaryň owunjak patyşalyklarnyň saklanyp galmagy imperiýa üçun hiç hili howp salanakdy.
U-di bir wagtyň özünde döwlet dolandyryş ulgamyny merkezleşdirýän birnäçe özgerişleri hem geçirýär. Ol Sin Şihuan döwründe girizilen we Hanlaryň dolandyran ýyllarynyňň başynda ýatyrlan edaralaryň işlerine gözegçilik edýän ulgamy dikeldýär. Olaryň esasy wezipesi welaýat emeldarlarynyň üstünden gözegçilik etmekden ybaratdy. Emma wezipelere ýolbaşçy bellemeklik ulgamynda ep-esli täzelikler girizilmeli bolýar. Welaýat hökümdarlarynyň wezipesine ýerli edaralara emeldarlary bellemek üçin, ýerli häkimler has ukyýply adamlary yzygiderli hödürläp durmaly bolupdyrlar.
U-di paýtagtda ýörüte döwlet dolandyryş edaralaryň işgärlerini taýýarlaýan akademiýa döredilýär. Ozgertmeler döwletiň iň ýokary wezipede işleýän işgärleriň wezipelerine hem degipdir. Birinji maslahatçynyň hukugy çäklendirilipdir. Imperatoryň täzeden dikeldilen gözegçilik ulgamy hut U-diýiň özüne, ýerdäki ýagdaýlara we döwlet edaralarynyň beýleki şahalaryna gözegçilik etmäge doly mümkinçilik beripdir.
U-di tarapyndan geçirilen çäreler imperiýada häkimligiň merkezleşmegine getirmegi, döwletiň ideologiýasyny işläp düzmek üçin hem laýyk bolupdyr. Bu öne ädilen ädimi konfusiýa mekdebiniň görnükli wekili bolan Dun-Çzun-şu şeýle häsiýetlendiripdir: ―Häzirki wagtda alymlar dürli-dürli wagyz işlerini geçirýärler, emma adamlar olaryň taglymatyna dürli-düli düşünýärler. Ýüz cany akyldarlaryň ylmy usullary hem bir meňzeş däl, olaryň taglymat baradaky pikirleri hem meňzeş däl, imperatorda hem bütewiligi gollar ýaly hiç zat ýok… Konfusiýanyň taglymatynda beýan edilen ―alty sungatyna‖ gabat gelmeýän her bir taglymat ortadan aýrylmalydyr. Garşy gidýän her bir pikir hem ýok edilmelidir. Diňe şondan soň dolandyryş ulgamy bütewi bolup, kanunlar düşnükli bolar, halk bolsa onsaň nämä etmeli, nämeleri etmeli däldigine düşüner‖.
Konfusiýaçylaryň taglymatyny döwlet ideologiýasy hökmünde kabul edilmegi, ilkinji han imperratorlarynyň syýasatyndan el çekmekligi aňladýardy. Emma Han döwrüniň konfusiýaçylary hem bu taglymaty esaslandyryjynyň döwründen has tapawutlanypdyr. Du-Çžun-şu we onyň tarapdarlary legizm akymynyň kä bir düzgünlerini, ilki bilen hem olaryň döwleti dolandyrmakda kanunlaryň ähmiýeti baradaki düzgünini kabul edipdirler. Muňa garamazdan imperiýanyň içerki we daşarky syýasaty meselesinde, konfusiýaçylar bilen legistleriň dünýä garaýyşlary öňküsi ýaly tapawutlanypdyr. Konfusiýaçylar U-dini başga ýerleri pasyp almak syýasatyndan saklamaga çalyşypdyrlar. ―Wagşylar‖ hiç haçan hakyky tabyn raýatlar bolup bilmezler, olaryň ýerleri bolsa özleşdirmek üçin ýaramsyzdyr diýip, olar düşündirmäge çalyşpdyrlar. Emma konfusiýaçylaryň bu pikirleri imperatory yryp bilmändir. Şondan soň ýürduň içinde parahatlygy gazanyp, U-di mundan beýläk nazaryny öz döwletiniň daşyndaky ýerlere dikipdir.
3.Merkezi Aziýanyň çarwalary we sýunnularyň döwletiniň döremegi.
B. e. öň I müňýyllygyň ortalarynda gadymy hytaýlylaryň etniki ýerleriniň demirgazygyndaky sähra zolagynda, Huanhe derýasynyň boýunda ―hunnular ýa-da ―sýunnular diýilýän taýpalarda etniki bütewilik emele gelýär. Sýunnularyň hojalyk ýaşaýyşynyň esasynda çarwa maldarçylyk bolup, olaryň medeniýetiniň we ýaşýşynyň aýratynlygyny kesgitläpdir. Bu ýaşäýyş örän giň ýerlere öz mallary bilen göçüp-gonup ýören, sýunnularyň özboluşly maddy medeniýetiniň ýüze çykmagyna getiripdir. B. e. öň I müňýyllygyň ortalaryna çenli gadymy hytaýlylara düýbünden ýat bolan, sýunnularyň eşiklerindäki üýtgeşikleriň biri-de at mineňde zerur gerek bolan balak (häzirki türkmenleriň gyýma balagy şekilinde), özüniň özboluşlylygy bilen tapawutlanypdyr. Şýunnularyň ýaşaýan jaýlary sökülýän öýler (gara öýler) mallaryň ýüňünden edilen keçeler bilen örtülipdir. Olaryň iýmitleri bolsa esasan gaýnadylýan et we turşy süýt (düýe çaly) boupdyr. Jemgyýetde deňsizligiň ösüpbaşlamagy bilen we çarwa bbaýlarynyň ýüze çykmagy, sýunnularda ozlerinde öndürilmeýän käbir zarlara işlegler artyp başlaýar. Bu ýagdaý çarwa sýunnularyň Huanhe derýasynyň ekerançy ilaty bilen alyş-çalyş etmeklerine getiripdir. Kä halatlarda bu alyş-çalyşlar parahatçylykly häsiýetde bolan bolsa-da, köplenç talaňçylykly we harby çozuş häsiýetinde bolupdyr.
B. e. öň III asyrda sýunnu birleşigi emele gelip, ol ýönekeý döwlet görnüşine eýe bolup başlaýar. Onuň başynda hökümdar-şaýuý otrup, şol wagta çenli onuň häkimli nesilden nesle geçip başlapdyr. Şanýuýa belli bir ýerlere eýeçilik edýän begleriň 24 tabyn bolupdyrlar. Sanýuýlarda borçlulyk bolap, her bir erkek adam hökman harby gullugy geçirmeli ekenler. Şanýuýuň goşuny diňe atly goşundan ybarat düzülip, hytaýlylaryň agyr ýaraglanan piýada goşunyndan köp tarapdan artykmaç bolupdyr. Sýunnular açyk hem aýgytly söweşleri geçirmändirler, duşmana garaşylmadyk ýerden zarba urup, tizlik bilen ýesyrleri we beýleki düşen zatlary alyp duşmandan gizlenip bilipdirler.
Hanlarda patyşalygyň döremegi, sýunnularda gadymy hytaý imperiýasynyň garşysyna durup biljek, uly hem güýçli çarwa taýpalarynyň döwletini esaslandyran Maodunyň şanýunlyga geçmegi bilen gabat gelipdir. B. e. öň 200-nji ýylda Gao-szu sýunnularyň üstüne çozmaga synanşyk edýär, emma ol gabawa düşüp, zordan ýesir düşmän halas bolýar. Han imperatorlary özlerini peseldýän ―ýaran we garyndaşlyk‖ ylalaşygyny baglaşmaga mejbur bolýarlar. Olar Sýunnulara köp möçberde töleg töläp, hytaýyň atly begzadalarynyň gyzlaryny şanýuýa aýallyga berip çarwalaryň çapawulçylygyndan halas bolupdyrlar.
4. B. e. öň II-I asyrlarda Han imperiýasynyň daşary syýasaty. Öz häkimligini berkidip U-di bu ýagdaýdan gutarnykly dynmagy meýilleşdirýär. Ol ýörüte atly gosun bölümleni döredip, ol sýunnulara garşy göreşde esasy güýje öwrülýär. Çarwalara garşy hytaýlylar sýunnularyň duýdansyz çozuş tälimlerini ulanypdyrlar. B. e. öň 127-119-njy ýyllardaky harby çaknyşyklar han goşunlaryna ilkinji ýeňişleri gretripdir.
Harby serhet welaýatlaryny esasy daýanç ýerleri hökmünde ulanyp, U-di sýunnulara garşy aýgytly herekete başlaýar. Şeýlelik bilen uruş häsiýeti kem-kemden üýtgeýär: ilki başda goranyşa geçmeklik, soňra Hanlar üçin täze-täze ýerleri basyp almagyň serişdesine öwrülýär.
Sýunnulara garşy harby ýörüşleriň başlanmagy, Hanyň ilkinji ―Günbatar çetleriň (şol wagtlar häzirki Sinszýan we Orta Aziýa şeýle atlandyrylypdyr) ýurtlary bilen ilkinji gatnaşygy, duşuşmasy bolup geçýär.
Sýunnular bilen uruşmaga taýýarlanyp U-di b. e. öň 139-njy ýylda öz ilçisi Çžan-Sýanýany, sýunnular tarapyndan derbi-dagyn edlen we günbatara süýşen massagetleri tapmagy tabşyrýar. Çžan Sýan 13 ýyldan soň, özüne tabşyrylan işi ýerine ýetirmän ýurdüna dolanyp gelýär. Emma onuň sýýahatynyň ähmiýeti uly bolýar. Çžan Sýanyň üsti bilen gadymy hytaýlylar şol wagta çenli näbelli bolan ýurtlar: Baktriýa, Parfiýa Fergana we Orta Aziýanyň beýleki döwletlweri barada zerur maglumatlary alýarlar. Çžan Sýanyanyň iknji syýahaty döwründe Han imperiýasy şol döwletleriň köpüsi bilen diplomatyk gatnaşyklary ýola goýýar. Bu gatnaşyklaryň diňe bir syýasy taýdan ähmiýeti ýokary bolman, eýsem halklaryň medeniýetde ýeten üstünlikleri bilen tanyşmagy üçin hem ähmiýet uly boldy. Şu döwürden başlap Hytaýa öň näbelli bolan obahojalyk ekinleri (üzüm, bakça, ýorunja tohumlary), saz gurallary, hojalyk gurallary ertilip başlanýar. Gijiräk, ―Günbatar çetiň üsti bilen Hytaýa Hindistandan buddizm dini hem aralaşýar.
Han imperatory U-di günorta-gündogar deňiz kenarynda ýaşaýan Yue taýpalarynyňň arasyndaky oňuşsyzlyklary peýdlanyp U-di b. e. 111-nji ýylda olara garşy öz goşunlaryny sürýär. Hanlara ýeňiş gazanmaklyk başardýar we olaryň ýerleriniň köp bölegi basylyp alynýar.
Hanlaryň günbatarda ýeriniň giňemeginiň esasy sebäbi bolsa, Hindistana ýol açmak bilen bagly bolupdyr Çžan Sýan ―Gübatar sebidine geçiren syýahaty döwründe bu uly hem baý döwletiň bardygyny bilýär. Täjirleriň beren gürrüňlerinden ol Hindi döwletiniň ―günorta-günbatar wagşylar bilen goňşy bolup ýerleşýändigi netije çykarýar. Şeýdip, gadymy hytaýlylar häzirki Ýunnanyň we günorta Syçuanyň köp bölegini eýeläp otran taýpalary atlandyrypdyrlar. B. e. öň IV-III asyrlarda bu ýerlerde birnäçe uly taýpa birleşmeleri döreýär. Olaryň içinde iň irki döwlet birleşmesi bolan Dýan beýlekilere görä thas ähmiýetlisi bolupdyr. B. e. ň 130-njy we 111-nji ýylda U-di iki gezek günorta günbatar wagşylara garşy ýörüş etmäge synanýar. Hindistana ýol tapylmadyk hem bolsa, Han imperiýasyna uly ýerler birleşdirilýär.
Hanlaryň harby ýörüşleri geçiren ýene bir ýurdy, ol hem U-diniň döwründe Koreýa ýarymadasyna geçirilen ýörüşlerdir.
B. e. öň 109-njy ýylda Han Çoson döwletine iki tarapdan zarba urýar: goşunlaryň bir bölegi Lýaodunyň üsti bilen, ikinjisi bolsa Bohaý aýlagynyň üsti bilen geçirilipdir. Basylyp alnan ýerlerde hanwelaýatlary döredilýär.
B. e. öň II ayryňň ikinji ýarymynda Han döwleti öz serhetlerini ep-esli giňeldýär. Şeýlelik bilen, Han imperiýasy Parfiýa we Rim bilen bir hatarda gadymy dünýäniň iň güýçli döwletleriniň birine öwrülýär.
Imperiýada krizisiň başlanmagy. Goňşular bilen, esasan hem sýunnular bilen uzak wagtlap alnyp barylan uruşlar, ýurdyň ykdysady ýagdaýyna düýpli täsirini ýetirýär. Goşunyň üstüni yzygiderli dolup durmaklyk, jemgyýetiň önümçilik ulgamynda, esasan hem ekerançylykda işleýän adamlaryň üňsüni önümçülikden daşlaşdyrýar. Imperatoryň gaznasynyň üstüni b. e. öň II asyryň ahyryna çenli dolup duran hem bolsa, indi urşa çykýan harajatyň üstüni dolup bilmän başlapdy.
Goşmaça girdeji çeşmesini döretmek üçin, U-di b. e. öň 120-nji ýylda duzy gazyp almaklygy we demir önümlerini öndürmekligi döwlete bermekligi, döwletiň öz üstüne ýüklenmegi (monopoliýasy) girizilýär. Duz galla bilen bir hatarda jemgyýetiň giň köpçüligi tarapyndan köp harç edilýän zerur önüm hasaplanypdyr; Şonuň ýaly ekerançylykda demir gurallaryň giňden ulanyp başlanmagy, demire bolan islegiň artmagyna getiripdir. Şonuň üçin duz känleri we metal kärhanalary ep-esli girdeji beripdir. Döwlet monopoliýasynyň girizilmegi bilen imperiýanyň köp welaýatlarynda bu kärhanalary baý täjyirlere we senetçilere berýän ýörüte ederalar döredilipdir. Çig mallary gazyp almak üçin onuň ähli çykgajylaryny potratçy (otkupşyk) öz üstüne alypdyr, döwlet bolsa olary gerek bolan gurallar bilen üpjün edipdir we taýýar edilen önümleri berk goýulannyrhdan satyn almaga borçly edilipdir. Bu monopoliýa döwletiň gaznasyna, ep-esli girdeji beripdir, emma demir önümleriniň görnüşlerine we hiline zyýan edipdir. Şol sebäpli döwlet monopoliýasynyň girizilenden soň, köp sanly döwlet işgärleri onuň garşysyna çykypdyrlar. B. e. öň 81-nji ýylda bu mesele merkezi häkimlikde esasy jedeliň birine öwrülipdir, netijede önümçülige, şol sanda b. e. öň 98-nji ýylda wino bolan monopoliýa ýatyrylýar.
U-diniň dolandyran ilkinji on ýyllyklaryň içinde geçiren syýasatlarynyň biri-de, täze basylyp alnan ýerlerde harby otrumly obalaryň döredilmegi bolupdyr. Esgerler serhetlerde gulluk edýän wagtynda ekerançylyk bilen meşgul bolup, özlerini azyk bilen üpjün etmeli bolupdyrlar. Şeýle otrumly obalaryň(Szýuýýanýanyň ýakynynda, Edzineýgol derýassynyň boýunda) geçirilen gazuw-barlag işleri wagtynda tapylan ýazgylarda, esgerleriň başyna düşen kynçylyklar barada maglumatlar berilýär. ―Bu ýerleriň howasy juda yssy, dumly- daşymyz çägelik, gyşyna bolsa gatyi sowuk diýip, olaryňň biri ýazypdyr. B. e. öň 89 – njy ýylda ýurduň uzak günbatarynda täze
harby obalary döretmek meselesine garalypdyr. Bu mesele boýunça U-diniň çap eden permanlarynda, onuň ýarym asyrlap geçiren işleriniň netijesi berilipdir. Ol harby obalary döretmeklik barada hödürlenen teklibi gaýtaryp, U-di özüniň basybalyjylykly syýasatynyň hiç hili netije bermändigini, onuň diňe döwleti ýadatdandygyny boýun alypdyr. Şonuň üçin, U-di döwlete ―dinç bermekligiň zerdygyny belläp, mundan beýläk sýunnulara garşy harby hereketleri etmejekdigini we ―öňki hereketleri üçin hem çüňňur gynanýandygyny belläpdir. Şeýlelik bilen Han imperiýasy züniň syýasy we ykdysady ösüşiniň çür depesine ýetip b. e. öň I müňýyllygyň ikinji ýarymynda , ýene-de cüňňur krizise düşýär. Öz döwrüniň syýasy we ykdsady ýagdaýyna baha beren Syma Sýan U-diniň dolandyran ilkinji ýyllarynda ―paýtagtyň we ýerleriň ammarlary galladan dolydy, emma ol özüşiň yza gaýtaryp bolmajak pese düşmeklik döwrüne aýak basypdy. ―Ýurdyň yzygiderli uruşlardan bizary-peti çykypdy, adamlary bialaçlyk gurşap alypdy, ammarlar boşap galyp, öz çykdajylaryny üpjün edip bilenakdy diýip ýazýar. Syma Sýan taryhy wakalaryň gýtalanýandygyndan ugur alyp: ―Her bir zat öüniň ýetjek derejesine ýetenden soň pese gaçyp başlaýar, onuň üýtgemekligi bolsa ikiüçsydyr diýip düşündirýär.
5. Biziň eýýamymyzyň başlarynda Hytaýyň durmuş – ykdysagy gatnaşyklary. Han jemgyýetiniň ýokary gatlagyny derejeli emeldarlar düzýärdi. Han zamanynda begzada emeldarlaryň jemi 20 sany derejeleri bolupdyr. Olaryň ondokuzynjy we ýigrimiji derejelerine eýe bolanlar, öz
bähbitleri üçin belli bir möçberdäki öýlerden salgyt ýygnamaga hukuklary bolupdyr. Dokuzynjy we has ýokary derejelere eýe bolan emeldarlar käbir ýeňilliklerden (käbir borçlardan boşadylypdyr) peýdalanypdyrlar. Beglik derejeleri imperator tarapyndan bitiren hyzmatlary üçin berilipdir, ony satyn alamaga hem ygtyýar berilipdir. (b. e. ön 18-nji ýylda soňky her bir beglik derejesi üçin 1000 teňňe bermeklik girizilipdir, ondan öň derejäniň bahasy galla bilen hasaplaşylypdyr). Iň köp sanly hem çylşyrymly gatlagyň biri-de erkin garamaýak adamlar bolupdyr. Olara ilki bilen öndüriji-ekerançylar girizilipdir, b. e. öň III-I asyrlarda olaryň içinde hem bölünişikler bolup başlapdyr, garamaýaklar şeýle-de ownuk we orta senetçiler we söwdagärler girizilipdir.
Han jemgyýetinde gullar aýratyn orny eýeläpdir. Hususy gullar bilen birlikde döwlet gullary hem blupdyr. Eger- de hususy gullaryň esasy çeşmesi bergi üçin özüni ýa-da çagalaryny gulçulyga satan garamaýak adamlar bolan bolsa, döwlet gullary etmişleri üçin ýazgarylan adamlar bolupdyrlar. Han kanunlaryna görä, günäkär üçin onuň ―aýaly hem çagalary gula öwrülip, olara tagma basylýar eken.. Guluňçagalary hem gul bolupdyr. Emma han jemgyýetinde bir sosial gatlakdan ikinji bir gatlaga aňsatlyk bilen geçip bolupdyr. Gurplanan garamaýak adam, amatly ýagdaýda beglik derejäni satyn almaga hukugy bolupdyr, şeýlelik bilen ol ýkarky gtlagyň düzümine goşulypdyr. Han döwletide imperatoryň närazylygyny döreden ýoakrky gatlagyň weilleri, ähli garyndaşlary bilen gulçulyga geçirilip bilnipdir. Gulyň hem erkinlige çykmaga mümkinçiligi bolupdyr, bu bolsa oňa baýlyk edinmäge we beglik derejesine geçmäge ýol açypdyr. Oňa mysal edip hanyň görnükli serkerdesi Weý Siny we onuň aýal doganyny alyp bolar. Olaryň ejesi gyrnak bolupdyr. Weý Sin harby edermenligi üçin beglik derejesini alypdyr; onuň aýal dogany U-diniň gyrnak öýüne düşüp, soňra patyşa aýaly bolup impratorlygy alypdyr.Weý Siniň ikinji aýal dogany serkerdäniň ejesi bolup, ol hem ýokary beglik derejesini alypdyr; onuň üçinji aýal dogany bolsa, köşk emeldarlarynyň birine äre çykypdyr.
B. e. öň II-I asyrlarda Gadymy Hytaýda gullaryň umumy sany barada belli bir maglumat ýok, gullar barada taryhy çeşmelerde kän gürrüň berilýär. Maglumatlaryň habar bermegine görä, U-diniň döwründe baý täjiriň onlarça gullary elinden alnypdyr. Käbir baý adamlaryn ýüzlerçe gullary bolupdyr. Mysal üçin, Cžan An-şi diýen adamynyň 700 guly bolup, olary0 arkasynda uly baýlyk edinipdir.
B. e. öň I asyrda gul satmaklyk, guly satyn almaklyk giň möçberde ýaýrapdyr. ―Häzirki wagtda- gul bazarlary bolup, olar mallar bilen bir agyla salynyp, ol ýerlerde gullary satypdyrlar diýilip, çeşmede habar berilýär. Gullary satyn almak we satmaklyk ýörüte ylalaşyk baglaşylyp resmileşdirilipdir. Guly satyn alýan adam barada b. e. öňki 59- njy ýyla degişli şeýle ýazgylaryň beýany saklanyp galypdyr. Onda: ―Şen-szy-ýuanyň dolandyran üçünji ýylynyň, ilkinji aýynyň on bäşi gününde Wan Szy-ýuan Szy-cžun welaýatynyň adamsy, Ançžiliniň Çendu etrabyndan, heniz onuň äri bar wagty alynan Býan-lýao guly Ýan Hoý diýen aýaldan satyn aldy. Onuň bahasy 15-müň teňňä gepleşildi. Gul aşakdaky ähli görkezilen işleri gepsiz-gürrüňsiz ýerine ýetirmeli… Egerde gul gulak asmadyk ýagdaýynda, oňa ýüz gamçy urulmalydyr... diýilip resmileşdirilipdir.
Bu döwürde gullaryň bahasy juda ýokary bolupdyr. Garran Býan-lýao 15 müň teňňä satyldy; ýaş gulyň bahasy hem şoňça bolupdyr. Uly ýaşly aýal gul 20 müň teňňe bolsa, uly ýaşly erkek gul 40 müň teňňä satylypdyr. (atyňň bahasy şol wagtlar 4 müň teňňä, öküzi bolsa 1,5-dan 4 müň teňňä satyn alyp bolupdyr).
Han imperiýasynda salgydyň iki görnüşi, ýagny ýer we jan salgydy bolupdyr. Han döwletiniň ilkinji ýyllarynda ýer salgydynyň aşak düşürilmegi ýurdyň ykdysadyýetini dikeltmekde ähmiýeti uly bolýar. Emma b. e. öň I asyrda ýagdaýlar üýtgeýär. Ýerleriň kem-kemden iri ýer eýeleriniň ellerinde jemlenmegi, ýer salgydynyň pes bolmagy ilki bilen baý, iri ýer eýeleri üçin bähbitli bolupdyr. Emma, ýönekeý ekerançylaryň gerdenine düşýän jan başyna salynýan salgyt bolsa, barha ýokry galdyrylypdyr.Ýer salgydyndan aýratynlykda jan başyna salynýan salgyt däne bilen tölenmän pul bilen tölenipdir. Jan başyna salynýan salgyt imperiýaniň hem ilaty, ýagny 7 ýaşdan başlap 56-y ýaşa çenli tölemeli bolupdyrlar. Emma U-diniň dolandyran döwründe üç ýaşan çagalardan salgyt ýygnalypdyr. Ilatyň has garyp gatlagy üçin bu ýagdaý, juda çydamsyz ýagdaý bolupdyr. Garamaýak ilat diňe bir salgytlary tölemän, eýsem 20 ýasdan tä 56 ýaşa çenli harby gullugy we zähmet borçlulygy ýerine ýetirmeli bolupdyr. Emeldarlar we begler bu borçlardan boşadylypdyr, olar bu borçlardan boşamak üçin pul harajat etmek bilen boşapdyrlar. Kimiň ýeterlikli harajady bolmasa, zähmet borçlulyk olaryň hojalyklaryny weýran edipdir, ýagny dargamagyna alyp barypdyr. Ownuk ýer eýeleriniň arasynda deňsizligiň güýçlenmegi, daýhanlaryň ep-esli böleginiň ýersiz galmaklaryna getiripdir. Öz ýerlerini elden gideren daýhan, juda amatsyz ýagdaýda iri ýer eýelerinden kärendesine ýer almaga mejbur bolupdyr: Ha eýýamynda kärende tölegi hasylyň ýarsyna tutupdyr. Hakyna tutma zähmet hem barha giň ýaýrap başlapdyr. Dargan ekerançy daýhanlaryň iri ýer eýelerine gul derejesinde garaşly bolup galypdyrlar. Şol bir watyň özünde ýerleriň iri ýer eýeleriniň ellerinde jemlenmegi bolup geçipdir. Dun Çžun-şu imperator U-diýe beren hasabatynda , ol ýere hususy eýeçiligi çaklendirmegi artykmaç ýerleri ýeri az adamlara bermegi, şeýdip ýerleriň aýratyn adamlaryň elinde jemlenmeginiň öňüni almagy maslahat beripdir. Şolar ýaly teklipler soňra hem berlipdir. B. e. öňki 6- njy ýylda hususy eýeçilige we gullara çaklendirme girizmeklik teklip edilipdir. Hususy ýerleriň iň ahyrky möçberi bir adama 30 sin (1 sin = 4, 7 ga); gullaryň sany ýöňekeý adamlarda 30, emeldar beglerde 100, iň ýokarky aristokratik gatlakda bolsa 200-den geçirmezligi girizmeklik teklip edilipdir. Emma bu maksatnama durmuşa geçirilmän galýar, sebäbi ol iň iri ýereýeleriniň garşylygyna duçar bolýar.. B. e. I asyrynyň başyna çenli iri ýereýeçiligi sosial meseleleriň biri bolmagyna galypdyr.




B.Esenow, J.Annaorazow, O.Aşyrow.

Bilim, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir