Göwrelilik döwründe seksuallyk
Göwrelilik döwründe birnäçe aýallarda seksual talap artsa, beýlekilerinde seksual talap peselýär, käsinde öňküsi ýaly bolup, üýtgeşiklik ýüze çykmaýar. Göwreliligiň 1-nji, 3-nji aýlarynda toksikoz geçirýänlerde seksual isleg azalsa, toksikozdan ejir çekmeýänlerde seksual isleg öňküsi ýaly bolýar. Göwreliligiň 2- nji, 3-nji aýlarynda zenanlaryň 80 göteriminde seksual isleg artýar. Göwreliligiň 3- nji 3 aýlygynda seksual talap ýene-de peselýär.
Çagasy düşegen aýallara göwreli wagtynda seksual gatnaşygy geçirmek maslahat berilmeýär. Seksual işjeňlik (çaga saklanmasy kyn bolanlarda) çaganyň düşmegine getirip bilýär. Göwrelilik döwründe göwredäki çaga hapa düşmez ýaly, seksual gatnaşyk juda arassaçylykly geçirilmelidir. Rezus konflikti (oňşuksyzlyk)
Rezus faktor – eritrositleriň toplumynyň häsiýeti bolup, öz düzüminde antigen rezusy saklaýar. Ol nesilden-nesle geçip, ynsanyň bütin ömrüniň dowamynda saklanýar. Adamlaryň 85 göterimi rezusy položitellerdir, 15 göterimi otrisatellerdir.
Rezus faktor adatça, haçan-da enäniň rezusy otrisatel, göwresindäki çaganyňky bolsa, kakasyndan geçen položitel bolanda döreýär. Bu ýagdaý haçan- da çaganyň eritrositleri plasentanyň üsti bilen enäniň ganyna geçip, onuň ganynda rezus antitelalary döredende ýüze çykýar. Şol antitelalar yzyna plasentanyň üsti bilen çaganyň ganyna geçende, onuň ganyny gemolizleýär. Şeýlelikde, çagada gemolitiki kesel döreýär. Onuň esasy alamatlary sarygetirme, anemiýa, ýellenme. Rezus konflikt birinji göwrelilikde adatça bolmaýar. Soňky göwrelilikde çaga rezusy položitel bolanda, şeýle-de, rezus otrisatel ganly ejä, rezus položitel gan goýberlende, onuň ganyndaky antitelalaryň mukdary artýar. Ol esasan hem göwreliligiň soňky aýlarynda artyp bilýär. Bu bolsa rezus konfliktiň döremeginiň mümkinçiligini artdyrýar. Şu ýagdaý döremez ýaly lukmanlar tarapyndan göwreli aýallar hasaba alnyp, rezus faktoryny anyklap, öňüni alyş we bejeriş çärelerini geçirip durmaly.
Göwredäki çaganyň ösüşi
Seksual gatnaşykda hromosomlaryň nähili goşulyşyna baglylykda, geljekki nesliň jynsy kesgitlenilýär. Erkegiň X bilen aýalyň X birleşse gyzjagaz, erkegiň Y-i bilen aýalyň X-sy birleşse oglanjyk dünýä inýär. Çaga göwredekä onuň jyns ösüşi biologiki faktorlaryň täsirinden kämilleşýän bolsa, doglandan soň oňa psiho-sosial
täsir ýetirilýär. Oglanjygyň embriony 8 hepdä ýetende ýumurtgajyklary kämilleşip, ol 2 görnüşli erkek adama mahsus bolan sekret bölüp çykarýar: testosteron, digidrotestosteron. Digidrotestosteron daşky jyns organlaryň, erkeklik mäziň, inegiň, ujydyň ösmegini stimulirleýär, testosteron bolsa, içki jyns organlaryň ösüşini üpjün edýär. Ýokarda agzalan iki sekrede androgenler diýilýär. Gyzjagazyň embriony 12 hepdä ýetende olaryň daşky we içki jyns organlary ýüze çykyp, kämilleşip başlaýar. Jyns differensirlenýän döwründe androgenleriň täsiri astynda erkek adama häsiýetli bolan gipotalamus formirlenýär. Androgenleriň mukdary juda pes bolanda-da aýal adama mahsus bolan gipotalamus formirlenýär. Gormonal programmirleme pubertat we soňky döwrüni gipotalamusyň, şeýle-de gipofiziň nähili ýagdaýda funksionirlemegi kesgitleýär. Şeýlelikde, gyzjagazlarda jyns gormonlarynyň sikliki sistemasy emele gelip, aýbaşy aýlawy döreýär, erkek adamlarda gormonlaryň işleýşi känbir üýtgäp durmaýar. Jyns gormonlarynyň embrionyň beýnisine täsiri soň kämillik ýaşyna ýetende-de öz täsirini ýitirmän, onuň häsiýetini kesgitleýär. Prenatal döwürde daşky we içki otrisatel täsirleriň netijesinde jyns differensirlenmesi ýoýlup, anomaliýalara eltýär. Klaýinfelteriň sindromynda 1 X hromosoma artyk bolup, ol oglanjyklarda testosteron ýetmezçiligi netijesinde ýumurtgajyklary ösmän, sperma çykarylmaýar – önelgesiz (tök) bolýar. Olaryň boýlary uzyndan myşşalary gowşak ösen bolup, göwüsleri aýallaryňky ýaly uly bolýar. Olaryň häsiýeti passiw bolýar.
Terneriň sindromynda 1 X hromosom kem bolýar. Gyzjagazlaryň ýumurtgalyklary kadaly ösmeýär, aýbaşy gelmeýär. Daşky jyns organlaryň ösüşi kän bir kadadan çykmasa-da, olar önelgesiz bolýar. Boýnunyň iki gapdalynda ganat şekilli gasyn bolýar, olar girdenek bolýarlar.
Androgenital sindromy – embrion döwründe androgeniň mukdarynyň artykmaç çykarylmasy netijesinde döreýär. Şonda çaganyň daş keşbi oglanjyga meňzese-de, onuň jyns organlarynyň gurluşy gyzyňky ýalydyr. Germafraditizmde daşky jyns agzalary aýalyňkyny hem erkegiňkini ýatladýar.
Artyknur Nohurow,
Aşgabat Nohurow