Seksual islegiň ýüze çykýan we has möwjeýän, peselýän döwürleri

Mekdepde 4-5-nji synplarda okaýan çagalaryň aglabasy platoniki söýgini (daşyndan guwanmak, söýmek) başdan geçirýärler. Ol söýgi arassalygy, päkligi bilen tapawutlanýar. Şonda olar bir-birini görmeseler, bir zady kem ýaly, daş- töweregine garanjaklap, özlerini bimaza duýýarlar.
Soňra 12-14 ýaşlarda olaryň jyns organlary kämilleşip, kemala gelip başlanda, platoniki söýgi, erotiki söýgä geçýär. Şol döwürde oglanlar gijelerine düýşünde gyzlary görüp «şeýtany» bolsalar, gyzjagazlar görüm görüp başlaýarlar. Isleglerini kanagatlandyrmak üçin oglanlaryň aglabasy, gyzlaryň bolsa bäşden birisi masturbirleme bilen meşgullanýarlar. Şeýle-de, göz öňüne getirmegiň üsti bilen (oglanlar çyplaň geýnen gyzlaryň suratlaryna ýa-da erotiki telefilmlere we ş.m. gyzykýarlar. Gyzlara-da şeýle häsiýetler mahsus bolýar.) lezzet almaga çalyşýarlar.
Endokrin mäzler mazaly kämilleşip, seksual ukyby durnuklaşanda, erotiki söýgi seksual söýgä geçýär. Şeýlelikde, oglanlar öýlenýär, gyzlar durmuşa çykýar. Şol döwürde ilki başda gyzlaryň aglabasy seksual tarapdan sowuk-sala bolsa, oglanlar işjeň bolýar. Şonuň üçin oglanlar bu döwürde başga zenanlara göz gyzdyragan bolýarlar.
Erkekleriň seksual taýdan has güýçli döwrüniň möwriti 17-30 ýaşlarda bolup, soň ýuwaş-ýuwaşdan peselmek bilen bolýar. Onuň tersine, aýal maşgala ýaşka sowuk-sala bolsa, otuz bäş bilen kyrk bäşiň arasynda olaryň islegi ýokarlanyp, barjak derejesine barýar. Emma zenanlaryň ýaşy 50-ä golaýlanda aýbaşysynyň kesilmegi bilen baglylykda, olaryň köpüsiniň islegi peselýär, birnäçeleriniňki bolsa, şol öňki derejedesinde galýar, hatda möwç alýanlary hem bolýar.


Artyknur Nohurow,
Aşgabat Nohurow

Bilim, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir