Gyjynma hem orgazm
Gyjynma garşydaş jynsa fiziki we psihiki ymtylmada (islegde) döreýär. Ol gyjynma diňe bir galtaşma esasynda ýüze çykman, görüş, ys alyş merkezleri oýananda, şeýle-de, birini oý-pikiriňe getireniňde döräp biler.
Aýal maşgalada gyjynmanyň alamaty onuň uýat lülesiniň, uýat ýerleriniň çygjarmasydyr. Çygjarma seksual gatnaşygynda agyry-ynjynyň ýüze çykmagynyň öňüni alýar. Şeýle-de, şol wagtlar gan damarlary giňelip, uýat ýerleriniň organlary gabakçaklanýar, zenanyň göwsi az-kem ulalýar.
Erkek adamlarda gyjynma başlandan ujytdaky öýjükleriň içi gandan dolýar we dyňzap gelen ganlar yzyna gaýtmaz ýaly, ýörite klapanlar ýapylýar. Şonda ujyt 1,5 esseden 2-3 essä çenli uzalýar we ýognaýar. Şol daýanma ereksiýa diýilýär. Şeýlelikde, zenan hem, erkek kişi hem seksual gatnaşyga taýýar bolýar. Seksual gatnaşyk wagtynda ujydyň daýanmasyny daşky we içki otrisatel täsirler gowşadyp, ony ýatyryp hem biler (takyrdy sesler, telefon sesi, gapy kakylma, ulag signaly, pozanyň üýtgedilmegi, içegäniň jugurdysy we ş.m.).
Seksual gatnaşygyň öň ýanynda ysnyşylmaly, iki ýürek birleşmeli, ýarym sagada golaý birek-biregi sypalamaly, öpmeli. Ondan soň seksual gatnaşyga başlamaly. Şol seksual gatnaşykda hereketi bir-birege ýaraşykly etmeli. Hereketiň uzaklygy 3-5 minut bolup, seksual gatnaşygyň lezzeti gitdigiçe süýjäp, barjak derejesine baranda, orgazm ýüze çykýar. Ol güýçli süýjülikli döwür erkeklerde birnäçe sekunt bolýar. Aýallarda ýanaşyk döwründe çömmegi, göwsi, dyllyklary gyjynma netijesinde çygjarýar, güberçeklenýär. Soň uýat lülesiniň başlangyç üçden biri sudorog bolup ýygrylýar. Kiçi we uly dyllyklar tipirdäp lezzet berip başlaýar. Şol lezzet alma döwri aýallarda birnäçe minuda çekýär. Ýöne bir zady belläp geçmek gerek. Şol alynýan lezzet käbir aýallarda erkegiňki ýaly birnäçe sekunt, ýagny gysga hem bolup biler. Aýal maşgala orgazm alýan wagty erkek kişi orgazm
alyp ýetişmän, hereketini dowam etse, aýal maşgalanyň orgazmyny bozýar. Şeýlelikde, erkek kişä bolan nägilelik döreýär.
Orgazm erkek kişide-de, aýal maşgalada-da her hili geçýär. Käsinde güýçli süýjülikli geçse, käsinde rahadrak geçýär. Güýçli geçende beden dartgynly ýagdaýda bolup, ýokarda agzalan jyns organlaryndaky bolup geçýän özgermelerden başga-da, yňňyl-çyňňyl, dem alşyň üýtgemesi, ýüregiň çalt urmasy ýaly pursatlar döräp, adam rahatlanyp indefferentlik (biparhlyk) ýagdaýyna düşýär.
Artyknur Nohurow,
Aşgabat Nohurow