Seksual gatnaşyk

Är-aýalyň seksual gatnaşygy pynhan we örän duýguçyl gatnaşykdyr. Bu gatnaşyga iterýän zat ozaly bilen ynsanyň tebigy yşk-höwesidir. Adamda gündelik durmuşda öz ýanýoldaşynyň oturyp-turşuna, görküne-mährine kökerilmegi seksual islegi döredýär. Şeýle islegiň döremegine lukmançylykda «libido» diýilýär. Ol adamyň neýroendokrin ulgamy bilen baglanyşykly bolýar. Seksual isleg umumylaşdyryp aýdanyňda işdädir. Seksuallygy döredýän bolsa, erkeklik mäzidir. Şu isleg erkek kişiniň nesilden geçiş ukybyna bagly bolup, kimde häli-şindi, kimde bolsa seýregräk ýüze çykýar.
Ýokarda beýan edilen seksual isleg ikinji tapgyra täsir edýär, itekleýär. Bu tapgyr psihologiki-psihiki tapgyrdyr. Birinji tapgyrda dörän isleg-höwes netijesinde erkek kişi hyjuwlylyk görkezip, ýanýoldaşyna gowy sözler aýdýar, ýaramly sözler bilen ony öwýär. «Zenan gulagy bilen söýýär» diýlişi ýaly, zenan erkek kişiniň hoşamaýlygyna maýyl bolýar. Erkek öz näzenini gujagyna salýar, bagryna basýar. Aýal yşk-mähir jadysyna doly berlip, seksual hyjuwyň joşuna düşýär. Bu bolsa, üçünji tapgyra täsir edýär we itekleýär.
Üçünji tapgyr seksual gatnaşygyň esasy işjeňlik pursaty bolup, oňa hyrşlamak tapgyry diýilýär. Hyrşlamak tapgyry ilkinji gezek 1-3 minut çemesi dowam edýär. Soňky gezeklerde ol barha uzaga çekýär.
Hyrşlamak tapgyry dördünji tapgyra itekleýär, bu tapgyra ýokary aýş lezzetini almak, ýagny eýýakulýator — «ýüküňi ýeňletmek» tapgyry diýilýär. Şu tapgyr rahatlanmak bilen gutarýar.
Erkek kişi «ýüküni ýeňledenden» soň, hyjuwy köşeşip, indifferent – parhsyz hala düşýär. Ilki ýanýoldaşyna ýaranjak bolup, pyrlanýan, ony bagryna basyp ölüp- öçüp barýan erkegiň «ýüküni ýeňleden» dessine, parhsyz ýagdaýa düşmegi, ýanyndaka hiç hili üns bermezligi, aýalyň göwnüne asla ýaramaýar. Ol «Näme menden göwni galdymyka, bir zat oňa ýaramadymyka ýa-da başga bir zenan bilen tanyşdymyka» diýen ýaly oý-pikirleriň girdabyna düşýär.
Emma bu parhsyzlyk adamyň fiziologiýasy bilen baglanyşykly ýüze çykýan adaty ýagdaýdyr. Ondan gorkmak ýa-da munuň üçin erkek adama käýinmek gerek däldir. Çünki, erkeklik mäzleriniň işeňňirleşmegi netijesinde ganyň düzümindäki androgenleriň mukdary köpelse, ýene erkek kişiniň seksual isleg-hyjuwy artýar. Ol ýene öz ýarynyň daşynda perwana öwrülýär. Bu psihologiki – fiziologiki isleg bilen baglanyşyklydyr.
Är-aýal durmuşynda seksual gatnaşygynyň kadaly, lezzetli ýagdaýda gaýtalanyp durmagy örän wajypdyr. Bütin ömründe är-aýaly birek-birege has ysnyşdyrýan, olara saglyk, owadanlyk, hyjuwlylyk, ruhubelentlik peşgeş edýän seksual gatnaşygynyň kadalaryny, şertlerini bilmek has-da peýdalydyr. Seksual gatnaşygy mähir-muhabbet bilen yzygiderli amala aşyrylyp ýörülse, adamlaryň 80- 90 ýaşda-da oňa bolan islegi-ukyby galmaýar. Seksual gatnaşygyny yzygiderli amala aşyrýan adamlar sagdyn hem görmegeý bolýarlar.

Gyjynma hem orgazm

Gyjynma garşydaş jynsa fiziki we psihiki ymtylmada (islegde) döreýär. Ol gyjynma diňe bir galtaşma esasynda ýüze çykman, görüş, ys alyş merkezleri oýananda, şeýle-de, birini oý-pikiriňe getireniňde döräp biler.
Aýal maşgalada gyjynmanyň alamaty onuň uýat lülesiniň, uýat ýerleriniň çygjarmasydyr. Çygjarma seksual gatnaşygynda agyry-ynjynyň ýüze çykmagynyň öňüni alýar. Şeýle-de, şol wagtlar gan damarlary giňelip, uýat ýerleriniň organlary gabakçaklanýar, zenanyň göwsi az-kem ulalýar.
Erkek adamlarda gyjynma başlandan ujytdaky öýjükleriň içi gandan dolýar we dyňzap gelen ganlar yzyna gaýtmaz ýaly, ýörite klapanlar ýapylýar. Şonda ujyt 1,5 esseden 2-3 essä çenli uzalýar we ýognaýar. Şol daýanma ereksiýa diýilýär. Şeýlelikde, zenan hem, erkek kişi hem seksual gatnaşyga taýýar bolýar. Seksual gatnaşyk wagtynda ujydyň daýanmasyny daşky we içki otrisatel täsirler gowşadyp, ony ýatyryp hem biler (takyrdy sesler, telefon sesi, gapy kakylma, ulag signaly, pozanyň üýtgedilmegi, içegäniň jugurdysy we ş.m.).
Seksual gatnaşygyň öň ýanynda ysnyşylmaly, iki ýürek birleşmeli, ýarym sagada golaý birek-biregi sypalamaly, öpmeli. Ondan soň seksual gatnaşyga başlamaly. Şol seksual gatnaşykda hereketi bir-birege ýaraşykly etmeli. Hereketiň uzaklygy 3-5 minut bolup, seksual gatnaşygyň lezzeti gitdigiçe süýjäp, barjak derejesine baranda, orgazm ýüze çykýar. Ol güýçli süýjülikli döwür erkeklerde birnäçe sekunt bolýar. Aýallarda ýanaşyk döwründe çömmegi, göwsi, dyllyklary gyjynma netijesinde çygjarýar, güberçeklenýär. Soň uýat lülesiniň başlangyç üçden biri sudorog bolup ýygrylýar. Kiçi we uly dyllyklar tipirdäp lezzet berip başlaýar. Şol lezzet alma döwri aýallarda birnäçe minuda çekýär. Ýöne bir zady belläp geçmek gerek. Şol alynýan lezzet käbir aýallarda erkegiňki ýaly birnäçe sekunt, ýagny gysga hem bolup biler. Aýal maşgala orgazm alýan wagty erkek kişi orgazm
alyp ýetişmän, hereketini dowam etse, aýal maşgalanyň orgazmyny bozýar. Şeýlelikde, erkek kişä bolan nägilelik döreýär.
Orgazm erkek kişide-de, aýal maşgalada-da her hili geçýär. Käsinde güýçli süýjülikli geçse, käsinde rahadrak geçýär. Güýçli geçende beden dartgynly ýagdaýda bolup, ýokarda agzalan jyns organlaryndaky bolup geçýän özgermelerden başga-da, yňňyl-çyňňyl, dem alşyň üýtgemesi, ýüregiň çalt urmasy ýaly pursatlar döräp, adam rahatlanyp indefferentlik (biparhlyk) ýagdaýyna düşýär.


Artyknur Nohurow,
Aşgabat Nohurow

Bilim, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir