Maryda senetçilik we söwda

Gadymy Mary Ahameniler döwründen başlap, mongollaryñ wagşyçylyklaryna çenli aralykda gadymy Gündogarda meşhur bolupdyr. Mary senetçilik we söwda merkezleriniñ biri bolup, ol Eýrany, Orta Aziýany, Gündogar Türküstany, Hytaýy baglanyşdyrýan gadymy kerwen ýollarynyñ kesişýän ýerinde ýerleşipdir. Hytaýdan Ýewropa gidilýän ýol hem şu ýerden geçipdir. Biz Marynyñ antik döwründäki ösüşine ýörite seretmekçi däl. Senetçilik önümçiliginiñ uly merkezi bolan orta asyr Marysy hakynda söhbet açmakçy. Bu ýerde giden senetçilik kwartallary bolupdyr. Arheologik gazuw-agtaryş işleriniñ netijesinde bu ýerde mis we polat eredýän ussahanalaryñ yzlary açyldy.
Aýratyn bellemäge mynasyp zatlaryñ biri hem, Maryda miladydan öñki IX asyra gabat gelýän polat eredilýän gabyñ (tigel)6 arheologlar tarapyndan tapylmagydyr, bu tapyndy Hindistanda we Siriýada tapylan özi ýaly iñ gadymy gaplardan birnäçe ýüzýyllar öñ ýasalypdyr diýip hasaplanylýar. Şonuñ üçin hem, Marynyñ dünýäde iñ gadymy industrial merkez bolandygyny ynamly ykrar etmek bolýar. Antik döwürde maryly ussalar dünýäde gowy polat metalyny taýýarlapdyrlar. Öz döwründe Plutarh ''Parfiýalylar Margian poladyndan taýýarlanan iñ oñat sowutlary geýipdirler'' diýip ýazypdyr.
Türkmenistanyñ ýerinde dörän Mary, Änew, Nusaý şäherlerinde, Etrek, Sumbar derýalarynyñ boýlarynda, Maşady-Misserianda (Dehistanda) senetçiligiñ ösüp başlamagy ㅡ demir ussaçylygynyñ, küýzegärçiligiñ, dokmaçylygyñ, zergärçiligiñ ösüp kämil derejelere ýetendigini görkezýär. Maryda öý hojalygyna, durmuşda gerek bolýan bürünçden, demirden dürli görnüşli esbaplaryñ, ýagny gaýçylaryñ, pyçaklaryñ, iññeleriñ, temenleriñ, daraýjy gurallaryñ, daraklaryñ, päkileriñ ýasalmagy halk hojalygyna zerur bolan önümlerdigini görkezýär.
Orta asyrda Maryda küýzegärleriñ, harazçylaryñ kwartallary bolupdyr. Täsin zatlaryñ biri hem, VIII asyrda Gäwürgalanyñ ýaşaýyş binalarynyñ üçden ikisini küýzegärleriñ kwartallary tutupdyr. XII asyryñ meşhur ussat küýzegärlerinden ㅡ Muhammet Aly Inoýýaton we Abubekr dagylar öz mekdeplerini döredipdirler. Olaryñ ussahanalarynda gap-çanaklar ýasalypdyr, olar görnüşleri, tipleri, formalary, nagyşlary boýunça dürli-dürli bolupdyr. Mysal üçin, geometriki torlaryñ, ösümlikleriñ, kufi, nash arap ýazgylarynyñ, haýwanlaryñ, guşlaryñ fantastiki grifonlaryñ we sfinksleriñ7 şekillerini, aw awlanyş pursatlaryny we başgalary suratlandyrypdyrlar. Bularyñ hemmesi ㅡ marylylara Gündogar ýurtlaryna we beýleki şäherleriñ halk köpçüligi üçin niýetlenipdir. Şol döwürde aýna öndürmek önümçiligi giñ gerim alypdyr. Dürli reñkdäki aýnalardan dürli ululykdaky çüýşeleri, bulgurlary, monjuklary we başgalary taýýatlapdyrlar. Maryda agaç ussalarynyñ kwartallary bolupdyr. Senetçileriñ arasynda iñ baýlary hasaplanýan zergärleriñ kwartallary diñe Maryda däl, eýsem Türkmenistanyñ ähli şäherlerinde hem bolupdyr. Gäwürgalada we Soltangalada gazuw işleri geçirilende, pöwrizeden, mermer görnüşlu oniksden, hakykdan, merjen daşyndan, agatdan8, dag hrustalyndan9, talkdan10, kwarsdan, sadapdan, halsedondan(11), ýaşmadan(12), gipsden, korunddan(13), zmeýewikden(14), alebastrdan(15), granatdan(16), lazuritden taýýarlanan köp çeper senetçilige degişli ýadygärlikleriñ arasynda gemmalar (daşlarda miniatýura görnüşinde oýulyp çekilen nagyş) ünsüñi özüne çekýär. Dürli-dürli çekilen suratlar (aýy, sygyr, öküz, sugun, guşlar, ösümlikler, balyklar) din bilen baglanyşdyrylyp, her nagyş Hudaý ýa-da simbol görnüşinde görkezilipdir.
Bulardan başga-da, Maryda heýkeltaraş, binagärler, metalda, agaçda we daşda surat çekýän nakgaşlar bolupdyr. Şäheriñ aram ýaşaýşynyñ esasy şertlerinden biri, ony iýmit bilen üpjün etmeklik eken.
Maryda bugdaý, çörek we beýleki azyk harytlary, şonuñ bilen birlikde, senetçilik harytlaryny satýan birnäçe bazar bolupdyr.
As-Samany: ''Merwde Jubuka gök önümleriniñ we miweleriñ satylýan ýeri bolup, ol ýerden balykçylaryñ we söwdagärleriñ dükanlaryna miwe äkidilipdir'' diýip ýazypdyr.
Orta asyr Marysynyñ ilaty şeýle köp bolupdyr welin, şäheriñ daşynda suw degirmeninde üwelýän bugdaý ýetmezçilik edipdir. Şol sebäpli hem, Abiwertden we Sarahsdan däne getirilipdir.
Mary söwdagärleri Türkmenistanyñ çäklerinden hem daşarda tanalypdyr. Mysal üçin, Bagdadyñ etegindäki kwartal olara degişli bolup, olaryñ şol ýerde öz aksakgallary hem-de kazylary bolupdyr. Ösen söwdegärlik ösen pul dolanyşygyny döredipdir. Maryda güýçli depgin bilen zikge kakylypdyr we zikge kakylýan howlynyñ töwereginde serraplar (pul owradyjylar) hatar-hatar bolup ýerleşipdirler.
Mary hakynda X asyryñ taryhçysy Al-Istahry: ''Merw özüniñ arassaçylygy, ýerleşişiniñ owadanlygy, jaýlaryñ biçüwi we kanallaryñ arasynda kwartallaryñ ýerleşişleri, agaçlaryñ ekilişi, bazarlarda senetçileriñ täsin aýrybaşgalygy Horasanyñ başga şäherlerinden ýokary derejede bolupdyr'' diýip ýazýar.
Maryda eksport gowy ýola goýlupdyr. Mary harytlary Yraga we Müsüre çenli äkidilipdir. Marynyñ öndürýän önümleriniñ eksport edilýändigi orta asyryñ taryhy çeşmelerinde giñden beýan edilýär.
''Hudud al-alem'' taryhy çeşmesinde görkezilişine görä, Marydan ýokary hilli pagta, geçi süýdünden taýýarlanan tagamly kökeler, üzüm sirkesi, ýüpek matalar äkidilipdir. Hafyzy Abru: ''...Maryda süýji gawunlar ösdürilip, olar guradylyp, ''kak'' diýip atlandyrylypdyr, gawunyñ suwundan toşap edipdirler. Marynyñ bugdaýy hem başga ýerdäkilerden gowy bolup, onuñ çöregi ak, tagamy bolsa ýakymly. Dünýäniñ hemme ýerlerine Marynyñ pagtasyny äkidipdirler'' diýip ýazýar. ''Marynyñ guradylan miwelerine, ýagny kişmiş we beýlekilere gaýry ýurtlardan isleg bildirilipdir. Mary miweleri şeýle süýji bolupdyr, hatda gawunlary dilim-dilim kesilip, Yraga äkidilipdir... bu ýagdaý başga şäherde bolup bilmez'' diýip, Istahry şaýatlyk edipdir... bu ýagdaý başga şäherde bolup bilmez'' diýip, Istahry şaýatlyk edipdir. Kazwini bolsa: ''...Onuñ (Marynyñ) miweleriniñ gowulary ㅡ armyt, üzüm, gawun bolup, olar guradylyp, dürli welaýatlara äkidilipdir'' diýýär. Uzak ýerlerden gelýän kerwenler ähli ätiýaçlyk enjamlary bilen üpjün edilipdir. Kerweniñ ýörite ýolbaşçysy we ýyllarboýy gatnaýan tejribeli ýol görkezijisi bolupdyr. Kerweni goraýan atly-ýaragly bölüm bolup, kerwen kerwenbaşynyñ dep çalan yşaraty boýunça hereket edipdir. Kerwen çöllük, hatarly ýerlerden geçmeli bolanda, olary ýerli taýpa serdarlary gorapdyrlar. Daşdan gelen kerwenlere ýerli bazarlarda tereziden başlap, ýatar-turar ýaly ähli mümkinçilikler döredilipdir. Maryda söwdanyñ arassalygy, terezi ogurlygynyñ bolmazlygy ugrunda göreşipdirler.
Mara Gündogar Ýewropadan, Günbatar Aziýadan, Kawkazyñ añyrsyndaky ýurtlardan, Wizantiýadan, Kiçi Aziýadan, Hindistandan, Hytaýdan Eýrandan, Yrakdan haryt getirilipdir. Ikitaraplaýyn bähbitli söwda gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin, Soltan Sanjar Hytaý bilen ilçi alşyp-berişmegi ýola goýýar.
Şu maglumatlardan çen tutsañ, orta asyr Marysy senagat önümlerini öndürýän ösen senetçilik, dokmaçylyk we söwda merkezi önümlerini öndürýän ösen senetçilik, dokmaçylyk we söwda merkezi bolupdyr. Marynyñ şöhraty bütin Gündogara ýaýrapdyr.
Marynyñ etraplarynda oba hojalyk we maldarçylyk ösüpdir. Olar, esasan, özleriniñ iri şahly mallaryny, goýunlaryny, düýelerini bazarlara çykaryp, gerek zatlary bilen söwda edipdirler. Seljuklaryñ döwründe bolşy, ykdysady durmuşda XIVㅡXVII asyrlarda hem altyn-kümüş, mis birlikleriniñ zikgelenip ulanylmagynyñ döwlet möçberinde uly ähmiýeti bolupdyr. Kiçi we uly şäherleriñ golaýynda ýerleşen obalaryñ ilaty haryt-pul dolanyşygyna köp üns beripdir. Ýüpek ýolunyñ çatrygynda ýerleşendigi sebäpli, mongollaryñ zulumyndan soñ, XIV asyryñ başyndan Mary şäheri täzeden pajarlap ösüp başlapdyr. Bu şäheriñ üsti bilen köp ýurtlara söwda kerwenleri geçipdir. Maryly türkmenleriñ özleri hem dürli ýurtlara haryt äkidip-getiripdirler.
Temir we temirler hem halkara söwdasynyñ ösmegine köp üns beripdirler. Hatda Temirleñiñ özi fransuz, iñlis şalaryna, täjirlere ikitaraplaýyn howandarlyk etmegi teklip edip, hat ýazypdyr. Temirleriñ döwründe, olaryñ şol wagtky merkezi şäherleri bolan ㅡ Hyrada, Samarkanda köp sanly ilçiler gelipdirler. Şol wagtlar Hyrat Horasan döwletiniñ merkezi şäheridi, Mary-da şoña degişlidi hem-de ikinji merkez hasaplanýardy. Horasanyñ bazarlarynda, şol sanda Marynyñ bazarlarynda hem daşary ýurtlardan getirilýän dürli harytlar bolupdyr. Köp sanly ýerli harytlar hem daşary ýurtlara äkidilipdir. Maryda, onuñ töweregindäki şäherlerde we obalarda senetçilik täzeden janlanyp, degişli ussahanalar ýola goýlupdyr.
Soñky temirleriñ agalyk eden döwründe hem ata-babadan galan däp boýunça söwda, hünärmentçilik we senetçilik oñat ýola goýlupdyr. Öndüriji güýçler köpelip, öndürilen harytlar artypdyr.
Ulugbegiñ döwründe Buharada çykarylan pullaryñ soñky döwürlerde-de hümmeti gaçmandyr we olara Orta Aziýanyñ hemme ýerinde deñ derejede, deñ gymmatda haryt alyp bolýan eken. Marynyñ bazarlarynda-da her dürli daşary ýurt harytlary köp bolupdyr. Taryhy ýazuw çeşmelerde beýan edilişine görä, Horasanyñ patyşasy Soltan Hüseýin Baýkaranyñ 14 müñ tümen harç edip, ýewropa atlazyndan Rumda özüne çadyr tikdirendigi nygtalýar.
Zahyreddin Muhammet Babyr Astrabat türkmenleriniñ söwdasy barada gymmatly maglumatlar berýär. Ol Astrabat pyrtykalyny söwdagärleriñ 270 ㅡ 280 ýigaç (uzynlyk ölçegi bolup, bir ýigaç, takmynan, 6 km-e barabar) aralykda Samarkanda, Mara getirýändiklerini, gabygynyñ galyñlygy sebäpli, onuñ zaýa bolmaýandygyny belleýär. Astrabatdan Mara we Marydan Astrabada türkmenler öz mallaryny we beýleki azyk önümlerini hojalyga gerek bolan enjamlar bilen çalşandyklary ýazuw çeşmelerinde aýdylýar.
Çarwa türkmenler bazarlarda diñe mal we maldan önýän önümleri satypdyrlar. Türkmen aýal-gyzlary goýun we düýe ýüñünden keçe, palas, kilim, haly we haly önümlerini (horjun, çuwal, torba), çäkmenlik mata, saçak, galla, un salar ýaly argyş çuwallary we ganarlary, öýe ýapar ýaly (durluk, üzük, serpik we ş.m.) dürli önümleri öndürmekde ussat bolupdyrlar. Türkmenlerde şaý-sep ýasaýan zergärler we zähmet gurallaryny ýasaýan demirçi ussalar, öý hojalygy, ekerançylyk we maldarçylyk üçin gerekli abzallary ýasaýan ussalar, küýzegärler, juwazçylar, jykyrçylar, deri eýläp, deriden telpek, possun, aýakgap tikýän ussalar bolupdyr. Bu önümler bazarlarda satylypdyr, şeýle-de ýörite sargyt boýunça hem taýýarlanylypdyr.
Türkmenistan Garaşsyz bolandan soñ, aýratyn hem Berkarar döwletiñ bagtyýarlyk döwründe ýurt oñyn ösüşlere beslendi, ajaýyp kaşañ-kaşañ binalar guruldy, senetçilik, hünärmentçilik ösüp, uly-uly kärhanalar guruldy, şol sanda Marynyñ ilatynyñ söwda, hünärmentçilik ukyby ýokary derjelere ýetdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: ''Ýurtda häzirki zaman ýangyç-energetika toplumyny, gaýtadan işleýän we dokma senagatyny, gurluşyk industriýasyny, agrar sektoryny, ulag we aragatnaşyk ulgamyny özünde jemleýän täze ykdysady binýat döredildi. Dünýä ülñelerine laýyk gelýän fabrikler we zawodlar, dürli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary guruldy hem-de ýaşaýyş-durmuş ulgamynda uly ösüşler gazanyldy. Türkmen obasyny ösdürmäge milliardlarça dollarlyk maliýe serişdeleri goýberildi. Munuñ özi Türkmenistanyñ ähli künjeklerinde halkyñ durmuş derejesiniñ ösen dünýäniñ talaplaryna laýyk bolmagyny üpjün edýär'' diýip belleýşi ýaly, halkymyzyñ durmuşy gün-günden gowulaşýar.


Orazpolat Ekäýew,
Öwez Gündogdyýew

''Mary Gündogaryñ Göwheri'' (2012) kitapdan alyndy.

Bilim, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir