Türkmenlerde gadymdan gelýän maşgala we maşgala gatnaşyklary

Türkmenistanyň günorta sebitlerinde ýagny Köpetdagyň eteginde häzirki Ahal welaýaty ýerleşýär. Ahal welaýatyna Baharly, Gökdepe, Ruhabat, Ak bugdaý, Gäwers, Kaka, Tejen, Sarahs, Altyn asyr we Babadaýhan etraplary degişlidir. Ýagny geografik ýerleşişi boýunça Ahal welaýaty Köpetdagyň günorta dag eteklerini, Tejen derýasynyň orta we aşak akymlaryny öz içine alýar.
Taryhda bu sebitlere Ahal sebiti, Etrek sebiti we Tejen derýasynyň orta we aşaky akymlarynyň sebiti diýip at beripdirler.
Günorta Türkmenleriniň ilatynyň etniki düzümi orta asyrlarda dürli-dürli bolupdyrlar. XVI-XVIII asyrlarda Serdar şäherinden Gäwerse çenli türkmen taýpalaryndan ýemreli, gardaşly, alili, mehinliler ýaşapdyrlar. Bu oazisiň günbatar böleginde gardaşlylar we şyhlar; daglyk jülge Çendirde gereýler, Nohur obasynda – nohurlar, dag eteklerinde mürçeliler, Arçabil (Pöwrize) we Eýran bilen serhetdeş beýleki obalarda baýatlar, halaçlar we beýlekileriň ýaşandyklary. barada etnograf alym A. Jykyýewiň işlerinde maglumat berilýär. Şeýle hem günorta Türkmenistanda öwlat taýpalary bolan şyhlar we magtymlar ýaşapdyrlar(1). Öwlatlar Türkmenistana VII asyrda gelen arap taýpalary bilen ýerli taýpalaryň gatyşmagynda dörän taýpa-tireler bolup, olar türkmenleriň ähli ýerine ýaýrapdyrlar.
Alymlar günorta Türkmenistanyň tekelere çenli ilatyny 2 topara bölüpdirler.
1. Türkmen – türki taýpalary bolan nohurlar, mürçeliler, änewliler, mehinliler, sünçeliler, hasarlylar gadymy ýaşaýjylar bolupdyrlar.
2. Oguz – türkmenlerden gelip çykan taýpalary bolan ýemreliler, ýazyrlar, gardaşlylar we alililer bolupdyr.
Bu taýpalar günorta Türkmenistanda XII – XVI- njy asyrlarda oturumly ýaşan halklar bolupdyr. Olardan nohurlar daglyk nohur obasynda ornaşyp, gadymy ekerançylyk däbini ýöredipdirler. Mürçeliler häzirki mürçe obasyda ýaşap, olar hem gadymy ekerançylyk däbini ýöreden halklaryň biri bolupdyr.
Günorta Türkmenleriň daglyk sebitlerinde, eýranyň serhedine ýakyn sebitlerde ―türkler diýip atlandyrylýan halklar orta asyrlarda ýaşapdyrlar. Mysal üçin pöwrüzeli, germawly, hasarly, çülüli, dili boýunça änewliler, nohurlylar hem olara degişli bolupdyrlar(2).
Х1Х asyryň aýaklarynda Türkmenistanyň Russiýanyň düzümine girmegi bilen maşgala durmuşynda, ylaýtada maşgaladaky aýallaryň ýagdaýlarynda ullakan özgerişlik, gowylaşma bolmady. Sebäbi ornaşan düzgün patyşa hökümetiniň düzgüni bolmak bilen köne durmuşy, däp-dessury goldaýan gurluş bolup durýardy. Şeýlelikde Türkmenistanda agalyk edýän feodalizm düzgüninde, rus patyşasy ýerli baý- begler bilen bilelikde hereket edip, olary goldap çylyş edýärdi.
Türkmenistanyň sosial taýdan yza galak bolmagyna bu ýerde agalyk edýän yslam dininiň durmuş ýörelgeleriniň ahmiýetiniň uly bolmagynda bolmagy mümkin diýip alym A.A.Mogilewskiý belleýar(3). Dogry, türkmenlerde agalyk edýän
kada-kanunlar, adat şerigatyň kada kanunlarydy. Maşgala ýörelgeleri we beýleki däp-dessurlar diňe şerigatyň kanunlary boýunça alynyp barylýardy. Türkmen maşgalasynda
nikalaşmak, aýrylyşmak, toý, ýas we etiketiň adatlary diňe şerigatyň kanunlary esasynda ýerine ýetirilýärdi. Emma dini däp-dessurlardan we şerigatyň kanunlaryndan baý-feodal gatlaklar öz bähbitleriçe peýdalanýardylar hem-de işan- mollalara täsirini ýetirýärdiler.
Dogrusy ruslaryň gelmegi bilen Türkmenistanda bolan özgerişlikler hem az däldi. Zakazpi demir ýolunyň gurulmagy, birnäçe senagat kärhanalaryň döredilmegi, şäherleriň, posýolaklaryň we işçiler synpynyň kemala gelmegi ýaly türkmenleriň syýasy we ykdysady durmuşynda oňyn netijeleri berýän düýpli özgerişlikler hem bolup geçdi. Emma türkmenleriň ýaşaýyş durmuşyndaky rus patyşasy goldaýardy. Tertip-düzgüne garşy çykmaýardylar. Olaryň esasy maksady türkmenleriň durmuü gurluşyny üýtgetmek däl-de, ykdysady isleglerini kanagatlandyrmak, ýerli bay-begleriň goldawyndan, käbir adalatsyzlyklardan peýdalanyp köp mukdarda çig mal toplamakdy.
Türkmenlerde dowam edip gelýän gurluşy diňe ХХ asyryň başyndaky rewolýusiýa üýtgedipdi.
Х1Х asyryň ahyrlarynda –Türkmenistanyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Zakaspi oblastynda hem maşgala gatnaşyklarynda nikanyň birnäçe görnüşleri bolupdyr. Maşgala gatnaşyklarynda nika- maşgala gurmagyň hökmany şerti bolupdyr. Maşgala bolsa öz gezeginde jemgyýetiň esasy sosial ýaçeýkasydyr (özenidir). Maşgala adam neslini dowam etmekde ähmiýetli gurluşdyr.




Handurdy GURBANOW,
Aýna GURBANGULYÝEWA


_________________________
1. А.Джикиев, очерки происхождениа туркменского народа в епоху средневековья, Ашхабад 1991. Sah. -83..90.
2. Şol ýerde sah-43.
3. Могилевский А.А. Охрана прав женшин в Туркменской ССР. Ашгабад, 1979. sah.-13.

Bilim, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir