TÜRKMENLERDE NAHARLANMAK DÜZGÜNI, ETIKETI


Türkmenlerde däp bolup galan milli naharlaryny gündelik naharlara hem-de däp-dessur naharlara bölmek bolar. Gündelik nahar iki görnüşe bölünýär: her günlik we myhman naharlary. Däp-dessur naharlary hem öz gezeginde baýramçylyk, däp-dessur we sadaka naharlaryna bölünýär. Şunlukda däp-dessur naharlarynyň taýýarlanyş usuly boýunça tapawutlanmaýandygyny, taýýarlanylýan naharyň diňe maksadynyň we möçberiniň üýtgeýändigini belläp geçmek gerek. Naharlanmak režimi hojalyk, sosial, professional,
şahsy-indiwidual aýratynlyklara bagly bolupdyr. Ýöne, köplenç türkmen maşgalasy üç wagtyna naharlanypdyr: irden-ertirlik, günortanlyk we agşamyna. Durmuşyň kynçylykly ýagdaýlarynda (açlyk, ýas we ş.m) iýmitlenmegiň režimi we rasiony iýmitiň mukdary we iýmitlenmegiň sany azalýar.
Musulmanlaryň keramatly aýy bolan Remezanda ulular iki wagtlyk nahara geçýärler: agyzaçarda we selällikde iýip- içýärler. Maşgalanyň agzalaryna ertirligi we günortanygy dürli wagtynda edinmek rugsat berlipdir, ýöne agşamky naharda bir saçagyň başyna üýşmek hökmany bolupdyr.
Maşgalanyň agzalarynyň funksiýalary ―daşarky we ―içerki işlere bölünipdir. Öýüň daşyndaky işleri, şeýle hem iýmiti üpjin etmek erkekleriň işi bolupdyr. Öýüň töweregindäki işler, aşhanadaky işler, ojagyň oduny saklamak, gaplary ýasamak, içer ýaly suwy getirmek, nahar bişirmek aýal maşgalanyň işi bolupdyr. Türkmen öýi esasan bäş bölege bölünipdir. Merkezi, mukaddes ýeri-ojak bolupdyr. Öýüň töri iň hormatlanýan ýer hasaplanypdyr. Adaty günlerde ol ýerde maşgala başy oturypdyr, myhman gelende hormatly adamlar- aksakgallar oturypdyr. Çep tarapda aýallaryň oturýan tarapy, sag tarapda erkeleriňki hasaplanaypdyr. Türkmenlerde palçyk jaýlar peýda bolanda hem bu düzgün saklanyp galypdyr.
Nahary ýerde, saçagyň başynda üýşüp iýipdirler. Erkekler we aýal maşgalalar aýratyn saçakda iýip-içipdirler. Kiçijik çagalar, käwagt ulurak çagalar hem aýallaryň ýanyndan iýip-içipdirler. Gaýyn ata gelniniň nahar iýişini görmeli däl ekeni. Birnäçe adam bir çanakdan-gapdan iýip-içipdirler. Naharlanmak üçiň çörek salynan saçagy ýazypdyrlar. Saçak hiç-haçan ýuwulmandyr, sebäbi öýüň üstünligi ýuwlup gitmez ýaly edip, beýleki türki halklar ýaly türkmenler saçakdaky ýagy maşgalanyň bolçulygy hasaplapdyrlar. Saçaga duz ýa-da başga goşmaça zatlar (burç we ş.m) goýmaly däl eken. Nahara duz atmak bolmandyr, ―nahara at dakmak günä hasaplanypdyr. Naharyň öňünden we soňundan el ýuwupdyrlar. Nahar äberlen badyna iýlipdir, nahary garaşdyrmak günä hasaplanaypdyr. Nahary soňuna çenli iýipdirler. Ýagny, ellerini ýüzlerine, aýaklaryna ýa-da ädigine çalypdyrlar. Aýallar saçlaryna erkekler murtlaryna we sakgallaryna çalypdyrlar.
Nahar iýlip bolnan soň ―töwir galdyrylyp, iň soňunda türkmençe öten geçenler ―degsin edilipdir, öýe, ojaga, maşgala dilegler edipdirler.
Türkmenler bişiren naharyndan goňşusyna hem dadyrypdyrlar. Bu däp ―Goňşy haky – taňry haky diýen nakyl şondan dörän bolsa gerek. Umuman, türkmenler töwerek daşyna hormat goýmagy başaran halk bolupdyr. Şonuň üçin hem ―Kyýamat güni goňşudan diýipdirler. Şu günlerki ―Goňşyokara baýramynyň dikeldilmegi şonuň aýdyň mysalydyr.
Türkmenler myhmana uly sarpa goýupdyrlar we myhman-myhmançylyk barada birnäçe nakyllar döredipdirler: ―Myhman ataňdan uly, ―Gelen döwlet‖ we ş.m. Islendik myhman, ýaşyna ýa-da baýlygyna, garyplygyna garamazdan öýüň töründe oturdylypdyr. Myhmana ilki çal ýa-da çaý hödürlenipdir. Orta Aziýa halklarynda myhmana hökman etli nahar bermeli eken. ―Goýun öldürmek (ýa-da söwüş etmek) öýüne myhman gelen her bir adamyň borjy hasaplananypdyr. Kellebaşaýak ilki myhmana berilýär. Ol mal öldüreniňi bildirmek üçin edilipdir. Halky üüýşürip nahar bermek türkmende uly abraý hasaplanypdyr. Köpçülikleýin naharlanmak jemgyýetde sosial gatnaşyklary berkitmekde uly rol oýnapdyr. Jemgyýetçilik nahary taýýarlananada gap-gaçlar tutuş obadan ýygnanypdyr. Nahar taýýarlananda etli naharlary erkekler, çörek önümlerini aýallar biuşiripdirler. Nahar iýilende erkekler we aýallar aýratyn saçak ýazyp iýip-içipdirler. Ýaş gyzlar aýallardan aýry oturypdyrlar. Jemgyýetçilik nahara gatnaşýan başga ýerlerden gelen myhmanlar diňe şol öýüň myhmany hasaplanmandyr, meselem ärsarylarda we arabaçylarda myhman alýan adam ―gonak bergen diýip atlandyrlyp, dabarany geçirýän her şeýle myhman alnan öýe bir goýun paý berlipdir.
Türkmenlerde maşgala dabarasy ―toý diýlip atlandyrylýar. Bu termine, hemme zatdan öňürti, hezzet edilýän baýramçylyk nahary diýlip düşünilýär. Ýogsam bu düşunje dabaranyň özüni hem öz içine alýar. Muňa ―Toýdan topukça diýen türkmen nakyly hem şaýatlyk edýär. Günbatar Türkmenistanyň maldarçylyk bilen meşgullanýan ilaty (köplenç ýomutlar) geçmişde toý mynasybetli öýlenýän ýigidiň öýünde hem, durmuşa çykýan gyzyň öýünde hem baýramçylyk hezzeti üçin adatça palaw taýýarlanypdyr. Günorta Türkmenistanyň (Merw, Tejen, Saragt, Ýolöten, Pendi we beýlekiler) türkmenleriniň aglaba topary toý güni baýarmçylyk hezzeti üçin öýlenýän ýigidiň öýünde bir milli nahar-çekdirme ya-da palaw taýýarlapdyrlar. Häzir bolsa toýda we beýleki birnäçe maşgala baýarmçylyklarynda birinji we ikinji naharlary – çekdirme we palaw taýýarlamak däbe öwrülipdir.
Etli çorba-çekdirme täze öldürilen goýnuň ýa-da sygryň etinden gaýnadylýar. Ozallar çekdirmä diňe sogan atylypdyr. XX asyryň başyndan beýläk etli çorbanyň içine kartoşka dograp we pomidor ýa-da tomat atyp taýýarlap başlapdyrlar.
Ahal türkmenleri – tekeler ata-babalarynyň gadymydan gelýän däbi boýunça toýda, öýlenýän ýigidiň öýünde baýrmaçylyk hezzeti üçin çekdirme we palaw bilen bir hatarda milli nahar-ýarma hem taýýarlapdyrlar. Bu nahar däp boýunça ýany çöreksiz äberilýär. Ahal oazisiniň türkmenleriniň beýleki toparlaryndan tapawutlylykda mehinli türkmenlerinde toýda milli nahar bolan dograma taýýarlamak däbi ornaşypdyr.
Dograma – munuň özi türkmen halkynyň däp bolup galan milli naharydyr. Onuň ady hem ―dogramak diýen sözden gelip çykypdyr. Bu nahary taýýarlamak üçin iri-iri atylyp gaýnadylyp bişirlen täze goýun etini dograp, ony dogralan petir çörek bilen garýarlar. Oňa belli bir möçberde dogralan düýp sogan hem goşýarlar. Soňra bularyň hemmesini mazaly garýarlar. Taýýar bolan dogramany azrak möçberde tabaklara salýarlar we üstünden gyzgyn çorba guýýarlar, soňra oňa bir-iki çemçe guýruk ýagyny goşup, adamlaryň öňune äberýärler. Bu nahary el bilen iýýärler.
Murgap oazisiniň tekeleri gyzyň durmuşa çykýan güni däp bolan etli nahary – gelinalyjy çorbasyny (petir çörek dogralan etli çorba) taýýarlaýarlar. Ony gelinalyja gatnaşýanlara hem-de gyz çykarmak dabarasyna gelenlere hezzet etmek üçin taýýarlapdyrlar. Bu naharyň taýýarlanyşy petir çörgiň iri-iri, ýarpak-ýarpak dogralýandygy bilen adaty däp-dessur naharynyň taýýarlanyşyndan tapawutlanypdyr. Munuň özi bir tarapdan, toý başagaýlygy mahalynda nahary iýmek oňaýly bolsun diýlip edilipdir, ikinji tarapdan bolsa gyzy alyp gidýändikleri sebäpli däp boýunça degişme ýamanlyk edilmegini aňladypdyr. Iri dogralan petir çöregiň üstüne bir-iki bölek gaýnadylan et atylýar we gyzgyn çorba guýulýar. Özem çorba birneme duzlurak edilýär. Size şu hem ―kän diýen ýaly, oňa hem degişme äheňi berlipdir. Bu nahar gelinlayjy gelen badyna ilki bilen myhmanlara, soňra bolsa dabaranyň beýleki gatnaşyjylaryna berilýär.
Geçmişde türkmenleriň toý bilen baglanyşykly birnäçe däp-dessurlary we yrymlary bolupdyr. Mysal üçin, Günbatar Türkmenistanyň maldarçylyk bilen meşgullanýan ýomutlary, Ahalyň tekeleri täze öýlenenlere iýmek üçin nikalaşylmagy mynasybetli hezzetlemek maksady bilen ýörüte öldürilen goýnuň ýüregini bişirip beripdirler. Öýlenýän ýigidiň dogan- garyndaşlaryndan ynanylan adam, adatça onuň gelnejesi goýnuň ýüregini iki bölüp, ony iýmegi gelne we ýigide teklip edipdir. Merw türkmenlerinde goýun ýüreginiň ýerine täze
öýlenenleri nika gyýlan ilkinji gije gaýnadylan bagyr we guýruk ýagy bilen hezzetlemek däp bolupdyr.Bu hem täze öýlenenleriň durmuşynyň bagrydyr guýruk ýagy ýaly lezzetli bolmagy üçin edilipdir.
Toýlarda etli naharlardan başga undan bişirilýän önümler hem taýýarlanypdyr. Undan taýýarlanylýan, däp bolup galan milli tagam bolan pişme uniwersal baýramçylyk hezzetidir. Ony taýýarlamak üçin alnan hamyry ýaýyp, romb görnüşinde kesýärler, soňra bolsa gaýnap duran ösümlik ýagyna atýarlar. Ol ýagda çişip, pökgerýär. Pişme maşgala dabaralarynyň ulusynda hem, kiçisinde hem taýýarlanylýar we hezzet etmegiň hem-de baýramçylyk stoluny bezemegiň hökmany elementidir. Türkmenlerde bu milli tagamsyz maşgala dabarasynyň ýekelesi hem geçmändir diýip aýtmak bolar.
Toýlarda süýjiniň ýerini tutan halwa süýji milli tagam bolupdyr. Ol yagdan, undan we üzüm toşabyndan taýýarlanylýar. Gowrulan bugdaýyň ununy ýag bilen garyp, tä un garamtyl-gyzyl reňke öwrülýänçä gaýnadypdyrlar. Soňra süýjilik tagamyny bermek üçin oňa üzüm toşabyny goşupdyrlar. Toşap halwanyň gatamagyna hem ýardam edipdir. Şeýlelik bilen, halwa taýýar bolýar. Ony çaý bilen hem içýärler, çaýsyz hem iýýärler.


Handurdy GURBANOW,
Aýna GURBANGULYÝEWA

Bilim, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir