ÇAGALARYÑ GEÝIMLERI

Geýinmeklik edebinde gyz-gelinleriň ähmiýeti ulydyr. Sebäbi bu olaryň diňe arassaçylygyny däl-de, eýsem olaryň işeňňirligini, tygşytlylygyny hem kesgitleýär. Az zatdan çagalara gelşikli egin-eşikleri tikip geýdirmek çagany bezeýär.
Enelerimiz öz perzentlerini yssydan, sowukdan goramak üçin howa şertlerine görä amatlylykda egin-eşik geýdiripdirler. Hatda howa yssy bolaýanda hem yssynyň epgegi geçmezlik üçin çagalaryna, şol sanda özleri hem ýeňli, ýakaly eginbaşlary geýinipdirler. Çaga yssyda näçe alaň-açyk bolsa, soňça hem gün urýar, içinden epgek geçýär diýip düşünipdirler. Şonuň üçin gymmat egin-başlary geýmek hökman däl-de sadadan gelşikli, egin-eşikleri geýmek asyllylykdyr.
Çagalara nah we ýüň matadan elde dikilen köýnek- balaklar, kürtekçeler, ýeňsizler we kirlik geýdiripdirler. Oglanlar we gyzjagazlar (göze görnip başlanlarda ) 7-8 ýaşlaryndan başlap, uly adamlaryň eşigine kem-kemden geçip başlaýar. Ondan öň çaga mahsus bolan egin – eşikleri geýipdirler. Çagalara hemişe ululara tikilýän egin –eşiklerden galan mata böleklerinden, urna-urna görnüşinde geýimleri dikipdirler. Ol urnatlar köplenç uzyn zolak we üçburç görnüşide urnalapdyrlar. Üçburçlyk türkmenleriň durmuşynda doga-tumaryň, göz degmezligiň nyşany hökmünde bellidir. Çaga kürtekçeleri ähli eşikleriň üstünden geýdirilipdir. Kürtekçeleriň we çaga köýnejikleriniň etegini epmändirler. Beýle edilmeginiň sebäbi yzyndan çaga bolmagyny arzuw edip, ― yzy dowamly bolsun, yzy kesilmesin diýip yrym edipdirler. Çagalara gün, epgek geçmez ýaly tomusuna hem ýalaňaç gezdirmändirler. Olary ýeňiljek geýindiripdirler
Çaga has kiçi mahaly kellesine sopbaşjyklary dürli görnüşde owadanlap tikip geýdiripdirler. Çaganyň oýnap ýören döwri, onuň ejesiniň töwereginde oýnap ýörendigini bilmek üçin, ýitmezlik üçin oňa düwmejikler dakypdyrlar. Gyzjagazlar tahýa geýip başlansoň oňa kümüş gupbajyklary dakypdyrlar.


Handurdy GURBANOW,
Aýna GURBANGULYÝEWA

Bilim, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir