MARYNYÑ BINAGÄRÇILIK ÝADYGÄRLIKLERI

Mary welaýatynda neolit, bürünç, antik we orta asyrlar döwrüne degişli köp sanly ýadygärlikler bar. Biz saklanyp galan binagärçilik ýadygärlikleri barada gürrüñ bermekçi.
ULY GYZGALA (VI-VII asyrlar) Gäwürgalanyñ günbatar tarapynda beýik platformanyñ üstünde ýerleşýär. Onuñ ägirt diwarlary ýarym sütünler ㅡ ''gofralar'' : uzyn tarapy 22 ýarym sütün we gysga tarapy 18 sütün bilen bezelipdir. Hatda gala ýykylan ýagdaýynda beýikligi 15 metre barabardyr. Bu gala iki gatdan, köp otagdan ybarat bolupdyr. Asma köpriniñ (pandusyñ) kömegi bilen daşardan göni ikinji gata girilipdir. Diwarda penjire bolmandyr, ok atyjylar üçin kä ýerlerinde deşikler bolupdyr. Bu bolsa galany berkitmä öwrüpdir.
KIÇI GYZGALA ýa-da ÝIGITGALA (VI-VII asyrlar) ㅡ Uly Gyzgalanyñ golaýynda ýerleşipdir we ondan esli kiçi bolupdyr. Ölçegi boýunça taraplary 11 we 12 ýarym sütün bolupdyr. Bu köşgüñ gurluşy dörtburçlyk görnüşinde bolan hem bolsa, onuñ şekili ýokarda agzalan gala meñzeýär. G. A. Pugaçenkowanyñ belleýşi ýaly, iki köşk hem bir hanedanlygyñ häkimlerine degişli bolupdyr. Saklanyp galan diwaryñ beýikligi 8-10 metrdir.
ULY NAGYMGALA (VI asyr) - gurluşy dörtburçlyk görnüşinde bolup, onuñ esasy fasady günorta-gündogara çykýar. Otaglary dürli geometriki şekildedir. Penjirelerinin ýapylyşy aýratyn gowy ýagdaýda. Ähli otaglar palçyk bilen suwalan.
ŞAÝYMGALA - araplaryñ döwrüne degişli ýadygärlik. Birnäçe alymlaryñ çaklamalaryna görä, ýadygärlik Abu Muslimiñ (VIII asyr) harby düşelgesiniñ we bu ýere Omeýýalaryñ syýasatyndan närazy, zulumyna çydaman gelen ýaragly ilatyñ üýşen ýeri bolmaly. Şaýymgala dörtburçlyk seññeri görnüşinde gurlup, Gäwürgalanyñ gündogar tarapynda ýerleşýär.
MUHAMMET SEÝIT IBN ZEÝDIÑ MAWZOLEÝI (türbesi) ㅡ Seljuklar döwrüniñ ýadygärligi. Bu ýadygärlik XX asyryñ ellinji ýyllaryna çenli, ýagny meşhur arheolog M. E. Masson mawzoleýdäki: ''Bu mazara (Allanyñ merhemeti) ㅡ şu (ýer) Abu Talybyñ ogly, Alynyñ ogly, al-Huseýiniñ ogly, Aly Zain al-Abidiniñ ogly, Zeýdiñ ogly Muhammediñ ejir çekip, wepat bolan ýeridir (Allanyñ yradasy bilen olaryñ hemmesine degişli bolsun!)...'' kufi ýazgysyny okaýança, araplaryñ hanyfe taýpasyndan bolan halyf Alynyñ ogly Muhammet ibn al Hanafiýýanyñ mawzoleýi hasaplanypdyr. Ýokarda görkezilişi ýaly, Muhammet ibn Zeýd bäşinji arkada Alynyñ neberesinden bolýar. Ol VIII asyrda häkimlik ugrunda Horasandan kömek gözläpdir we Maryda ýaşap, Omeýýalaryñ tarapyny tutanlygy sebäpli, din ugrunda göreşip, wepat bolýar. Abbasylar häkimligi alanlaryndan soñ, Muhammet ibn Zeýdiñ guburynyñ üstünde mawzoleý bina edipdirler. Bu guburyñ üstündäki gurluşyk XII asyryñ başyna çenli ýaramaz hala gelipdir. Şonuñ üçin hem, ýazgyda görkezilişi ýaly, Marynyñ häkimi (soñ Soltan Sanjaryñ weziri) Şerefaddin al Kummy 1112 (1113)-nji ýylda Muhammet ibn Zeýdiñ mazarynyñ üstünde mawzoleý gurmagy buýrupdyr. Bu mawzoleý biziñ günümize çenli ýetipdir we Beýik Seljuklar döwründäki Horasanyñ binagärlik äheñine doly kybap gelýär.
Muhammet ibn Zeýdiñ mawzoleýi köne Marynyñ eteginde ýerleşýär. Onuñ dört gümmezi bolup (biri uly we üçüsi kiçi), mazardan we metjitden durýar. Diwarlary bişen kerpiçler bilen sünnälenip bezelipdir. Gurluşygyñ ähli ýeri owadan romb, üçburçluk, sekiz ganatly, ýarym aýlaw geometrik nagyşly kerpijiñ örülen görnüşi XI - XII asyrlardaky Orta Gündogarda ýokary binagärlik äheñinde gurlupdyr we ol gazuw işleri geçirilip öwrenilmäge mynasyp.
GYZBIBI MAWZOLEÝI (türbesi) ㅡ XI-XII asyrlardaky ýadygärlik. Soltangalanyñ günbatar diwarynyñ ýanynda ýerleşýär we keramatly ýer hasaplanýar.
HUDAÝNAZAR ÖWLÜÝÄ MAWZOLEÝI (türbesi) ㅡ XII asyra, Seljuklaryñ döwrüne degişli bu ýadygärlik Soltangaladan demirgazyk tarapda ýerleşýär. Şu ýerde Muhammet Pygamberiñ döwürdeşi we sopulary Bureýda ibn al-Huseýbanyñ we al-Hakama Gifarynyñ jesetleriniñ galyndysy ýatyr. Olardan birinjisi, Maryda yslamy wagyz-nesihat edip, 681-nji ýylda ýogalýar, ikinjisi bolsa, Marynyñ häkimi bellenip, 670-nji ýylda dünýäden ötýär. Olaryñ jaýlanan ýeri keramatly hasaplanyp, XII asyrda olaryñ guburynyñ üstünde gümmez bina edilýär. XV asyrda Bureýdanyñ we Gifarynyñ guburlarynyñ üstünde oýulyp ýazylan owadan ýazgyly mermer daşyny goýupdyrlar. Mawzoleý bolsa täzeden bina edilip, Temirler döwrüniñ monumental binagärlik gurluşygynyñ ajaýyp nusgasydyr. Soñky ýüzýyllyklarda mawzoleýiñ töwereginde birgiden ikinji derejeli binalaryñ gurulmagy, ýadygärligiñ binagärlik toplumyna zeper ýetirmändir.
ABUL HASAN ALY IBN MUSA AR-RIDANYÑ ýadygärliginiñ galyndysy Maryda ýadygärlikler toplumynda ýerleşýär.
HOJA ÝUSUP HEMEDANYNYÑ metjidi ㅡ XVI asyryñ ýadygärligi. Şyh Abu Ýakup Ýusup ibn Aýýup Hemedany (1048 ㅡ 1140 ý.) Maryda ýaşap, Orta Aziýada meşhur sopuçylyk ordeni bolan Nagyşbendilere degişli bolupdyr. Hormatlanyp, onuñ adyna bina edilen metjit Soltangalanyñ diwaryndan demirgazyk tarapynda uly türkmen öwlüýäsinde (gonamçylygynda) ýerleşýär. Ashablaryñ (sopularyñ) mazaryna (mawzoleýine) meñzedilip kerpiçden gurlan bu uly bina mazarlaryñ öñünde ýerleşdirilen görnüşde görkezilipdir.
Maryda köp sanly metjitleriñ, köşkleriñ, mawzoleýleriñ (türbeleriñ), ýaşaýyş jaýlaryñ binalarynyñ saklanyp galandygyny bellemek gerek. Olar barada ýazyp, añyrsyna çykar ýaly däl. Şonuñ üçin hem biz Marydaky ýerleşýän ýadygärlikleriñ diñe iñ meşhurlaryny suratlandyrjak bolup çalyşdyk, çünki bu gadymy ýerde ýerleşen ýadygärlikleriñ ondan biri hem däldir.
SOLTAN SANJARYÑ MAWZOLEÝI. Biz Soltan Sanjaryñ mawzoleýi (türbesi) barada söz açmadyk, çünki bu beýik ýadygärlik aýratyn bölümiñ gürrüñi bolmaga mynasyp diýip hasap etdik.
Orta asyr Gündogarynyñ iñ beýik ýadygärlikleriniñ biri Orta Aziýada görnükli syýasy işgär we harby serdar, Seljuklar döwletiniñ iñ soñky beýik hökümdary Soltan Sanjaryñ mawzoleýidir (türbesidir).
Soltan Sanjaryñ mawoleýi barada sungaty öwreniji G. A. Pugaçenkowa: ''Eger bütin Merw yz galdyrman ýiten hem bolsa, onuñ öñki şöhratyny şöhlelendirýän maglumatlar, şäheriñ ýadygärlik galan ýagdaýynda, atlandyrylan şäheriñ ägirtligini duýmaga öz-özünden mümkinçilik dörederdi'' diýip ýazypdyr.
Maryda ýerleşen bu mawzoleý (türbe), hakykatdanam, Demirgazyk Horasan binagärlik mekdebine degişli taýsyz, ajaýyp nusgadyr. Binanyñ özi Soltan Sanjaryñ ''Ahyretde ýaşajak jaýy'' diýip atlandyrylypdyr. Reşideddin (XIV asyr) ony ''...dünýäde iñ uly gurlan ymarat'' diýip häsiýetlendiripdir. XV asyrdaky başga bir taryhçy: ''Bu älemde şeýle derejede berk, iñ bir beýik gurluşygyñ biri bolandygy üçin, zeperleme-de onuñ golaýyna gelip bilmändir'' diýip ýazypdyr.
Mawzoleýi Soltan Sanjar XII asyryñ kyrkynjy ýyllarynda gurdurýar. Mawzoleý mongollaryñ wagşyçylygyndan we beýleki söweşlerden aman galypdyr. Bu bina häzir hem Mara gidilýän ýolda uzaklardan görünýär. Ýakudyñ (XIII asyr) bellemegine görä, onuñ mawy gümmezi ýoluñ añrybaşyndan görünýär (30 kilometre golaý). Binada ony guran sarahsly beýik binagär Muhammet ibn Atsyzyñ ady saklanyp galypdyr. Ol barada taryhy ýyl ýazgylarda hiç zat habar berilmeýän hem bolsa, onuñ döreden zady öz-özünden görnüp dur. Soltan Sanjaryñ mawzoleýiniñ kerpiçden örülen daşy iki gatly gümmez gurluşynyñ ulgamy mawzoleý gurlandan üç ýüz ýyl geçenden soñ, galkynyş döwrüniñ ussasy hasaplanýan Filippo Bruneleskiý tarapyndan Florensiýada Santa Mariý del Fore mawzoleýiniñ gümmezi ýapylanda ulanylypdyr. Gümmez galdyrylanda aýlanyp durýan kru£alo (5) üçin beýik agaç gerek bolupdyr. Arap dilinden hünärmen Nazar Halymowyñ işleriniñ birinde bu mowzoleýiñ gurluşygyna degişli gürrüñ gozgalýar. Türkmenistanyñ Ylymlar Akademiýasynyñ Milli golýazmalar institutynda saklanýan XVIIIㅡXIX asyrlara degişli ''Gülüstan'' eserinde: ''Soltan bir ymarat gurduranda beýik agaç gerek bolupdyr. Şeýle agaç Marynyñ bir ýaşaýjysynda bar eken. Soltanyñ hyzmatkärleri köp pul hödürläpdirler, emma ol aýal garşy bolupdyr. Baş wezir gelip haýyş edipdir, bolmandyr. Gurluşyk durzulypdyr, soltanyñ özi gelmeli bolupdyr. Ol aýal bolsa şatlygyna agajy mugt berip, soltanyñ hyzmatyna saçak ýazypdyr,soltany we onuñ töweregindäkileri, ähli goñşularyny naharlapdyr'' diýilýär. Mawzoleý (türbe) barada türkmenleriñ arasynda dürli rowaýatlar bar. Olardan birinde ㅡ soltanyñ asman perisine aşyklygy (söýgüsi) aýdylýar. Peri özüniñ üç şertini ýerine ýetirse, Soltan Sanjary söýjekdigini nygtapdyr. Ol onuñ bilinden gujaklamaly däldigini,dabanyna seredip, synlamazlygy, saçyny daranynda seretmezligi ündäpdir. Sanjar bu şerti bozupdyr. Ol periniñ saçyny daran wagtynda kellesini eline alyp daraýandygyny, dabanyna seredende, periniñ ýöremeýän ýeriñ üstünde uçýandygyny görüpdir. Asman gözelini gujaklan wagtynda, ol onuñ süñküniñ ýokdugyny bilipdir. Peri gaharlanyp, asmana uçup gidipdir. Gamgyn galan Sanjar käwagtlar onuñ gözel sypatyny ymaratyñ gümmeziniñ ýagtysyna görer eken, şonuñ üçin ol özüni mawzoleýde jaýlamagy nesihat edipdir.
Mawzoleý bilen baglanyşykly şeýle waka bar. Uly bolmadyk bir türkmen taýpasy soltan diri wagtynda, salgyt tölemeli bolanda, bir süri goýny birnäçe gezek soltanyñ öñünden geçirip, ony aldapdyr. Mekirligiñ üsti açylýar. Birnäçe ýüz ýyl geçensoñ, bu taýpa azalyp,betbagtçylykdan gözi açylmandyr. Aksakgallar Soltan Sanjaryñ näletinden çykmak üçin, bütin taýpa bolup, mawzoleýiñ ýanyna göçüp gelmekligi karar edýärler. Soltanyñ hatyrasyna mal öldürip, şyha Gurhan okatdyrýarlar. Ýöne çagalar gümmeziñ üstüne çykanda, olaryñ biri aşak gaçyp ýogalýar. Şol wagt kimdir biri: ''Soltan Sanjar bagyşlamak islemeýär!'' diýip gygyrypdyr. Şondan soñ palawly gazan ters öwrülip, ot söndürilip, gamgynlyk bilen taýpa durşuna bu ýerden göçüpdir.
Häzire çenli hem bu beýik mowzoleýe zyýarat edýärler, sadaka berip, Gurhan okadýarlar.
Mawzoleýiñ golaýynda piramida ýaly iki tümmek daş ýygmanypdyr. Zyýarata gelýänleriñ her biri, Sanjaryñ duşmanyndan ar alýan ýaly, tümmekleriñ üstüne daş atýar. 1928-nji ýylda A. Semýonow ''Po Zakaspiskim razwalinam'' (''Zakaspi harabaçylygy boýunça'') atly kitapçasynda mawzoleýdäki mazaryñ üstündäki arap dilinde ýazylan ýazgyny okanda, onda: ''Şu ýerde, ahlak, ruhy taýdan iñ ýokary adam hasaplanan, Seljuk türkmenleriniñ neberelerinden bolan Soltan Sanjar diýlip atlandyrylýan adamyñ jesedi aram tapdy.
...Ol öz döwründe, beýik Aleksandr (Isgender Zülkarnaýn) ýaly adalatly, alymlaryñ we şahyrlaryñ hossary bolupdyr. Yslam dünýäsine ol ylym we sungat arkaly gülläp ösen ýagdaýda giripdir'' diýlip ýazylypdyr.


Orazpolat EKÄÝEW,
Öwez GÜNDOGDYÝEW

Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2012.
Ylmy-populýar neşir

''Mary gündogaryñ göwheri'' kitapdan alyndy. Sah:31-45

Bilim, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir