Türkmenler we Gündogar Aziýanyñ halklary

''Hatda Hytaýda bolsañyz hem ylmy öwreniñ!''

Muhammet pygamberiñ hadyslaryndan

Ýüpek we kagyz, kitap çap etmek we däri, kompas we farfor ㅡ bu täsin oýlap tapmalar, öz wagtynda, zähmetsöýer hytaýlylar tarapyndan adamzada sowgat edildi. Emma hytaý siwilizasiýasy izolýasiýada ösmedi. Bitewi hytaý imperiýasynyñ esaslandyrylan tutuş döwründe, ol türkmenleriñ gadymy ata-babalary ㅡ hunlar, massagetler, parfiýalylar, horezmliler, gök-türküler, oguzlar, gypjaklar, garlyklar, kañlylar we beýlekiler bilen hemişe berk aragatnaşykda bolupdyr. Aziýanyñ iki sany iri siwilizasiýasy (türki we hytaý) elmydama biri-birine garşy durmandyrlar, nebere nikalaryny we birleşik şertnamalaryny baglaşypdyrlar, söwda edipdirler, harby we medeni üstünliklerini alyş-çalyş edipdirler.
Hytaýyñ b.e.ö. 231-nji ýylda ilkinji gezek köp sanly gadymy türki goşunynyñ güýjüne daýanan Sin knýazlygy tarapyndan birleşirilendigi täsindir. Hytaý dinastiýalary (nebereleri) biri-birini çalyşsalar-da, türkmenleriñ ata-babalarynyñ añynda Hytaýyñ iñ gadymy ady saklanyp gakypdyr: ''Çyn'' ýa-da ''Maçyn'' (,,Beýik Sin'')(2). Alym W. A. Şişkin, türki halklarynyñ arasynda ýaýran we ähli owadan, näzik, hakyky zady añladýan ''çyn'' sözüniñ ''Hytaý'' ýa-da ''hytaý'' ㅡ sözleriniñ sinonimi (manydaş sözi) hökmünde ulanylypdyr diýip hasap edýär(3). Türkmenlerde häzir hem bu söz bar (türkm. çyn ㅡ hakyky, dogry; çynlakaý ㅡ hakykatdan we ş.m.)(4).
Belli sinolog Ý. A. Zuýew türki faktoryñ Hytaýyñ taryhyna täsirine ýörite üns berýär. Şeýlelikde, Han dinastiýasy (Irki Ç£ao, 304-328 ý.) hunlar, Giçki Ç£ao dinastiýasy (319 ㅡ 325 ý.) kañly taýpasy (XVII a. awtory Abulgazy ''Türkmenleriñ şejeresinde'' kañlyny oguz-türkmenlerine goşýar), Günbatar Sin dinastiýasyny (388-431 ý.) ㅡ irki tüküler, Giçki Tan dinastiýasyny (923 ㅡ 956 ý.) ㅡ oguz taýpasy şato tarapyndan esaslandyrylýar. Hytaýyñ ösmeginde beýleki halklaryñ ㅡ awarlaryñ, manjurlaryñ, tunguslaryñ, kidaneýleriñ, mongollaryñ hem goşandy az bolmandyr(5).
Ine, Han dinastiýasyny esaslandyryjy Lýu Ýuanyñ imperator tagtyna çykyşyny ''Heu-Han-Şu'' (,,Hanyñ Kiçi Öýüniñ Taryhy'') diýen işiñ awtory Fan Hua (b.e.ö. V a.) şeýle beýan edýär: ''Ýuan-haý diýip atlandyrylýan lýu Ýuan Gündogar Ç£ukiniñ ㅡ knýaz Lýu Baonyñ ogly bolupdyr. Heniz çaga wagty onda üýtgeşik zehin görüpdirler. Ol Hytaýyñ köşgünde terbiýelenipdir, hytaý dilinde we edebiýatynda uly üstünlik gazanypdyr; harby hökmünde, taktikany öwrenipdir, örän güýçli we pälwan boýly bolupdyr. 279-njy ýylda kakasy ýogalanyndan soñ, gündogar aýmagyñ baş serkerdebaşysy edilip goýulýar, 290-njy ýylda Demirgazyk Hytaýyñ içinde ýerleşýän ähli bäş gun aýmaklarynyñ baş serkerdebaşysy edilip bellenilýär. 290-njy ýyldan patyşalyk edýän Szin Öýünde maşgala agzalalygy başlanýar... we gozgalañ tutuş Hytaýa ýaýraýar. Şol wagtda bäş aýmaklaryñ ýolbaşçylary ýarag bilen ýitirilen hukuklaryny gaýtaryp almaga çalyşýarlar we 304-nji ýylda umumy ýygnakda knýaz lýu Ýuanhaýy Beýik Şanýuý (Gun döwletleriniñ ýokary hanlarynyñ tituly ㅡ Ö. G.) diýip yglan edýär... Soñky ýylda paýtagty Phin-ýan-fu geçirýär we özüni imperator diýip yglan edýär''(6).
Ý. A. Zuýew Irki Tan baradaky materiallar saklanan hem bolsa, diñe Giçki Tan dinastiýasyny ýatlaýar. Mysal üçin, oguzlaryñ we gypjaklaryñ kömegi bilen 618-nji hytaý tagtyna Irki Tany esaslandyrjy ㅡ ''hytaýlaşan'' türki Li Ýuan çykýar. Köşk dabaralarynda oguz ilçileri imperatoryñ ýanynda oturupdyrlar. Li Ýuan döwründe hytaý-türki sözlügi düzülýär, gynansak-da, ol biziñ günlerimize çenli gelip ýetmändir. Çan'ana 10 müñden gowrak oguz maşgalalary göçüp barýarlar. Oguzlaryñ we gypjaklaryñ täsiri esasynda VIII asyrda Hytaýda ähli türki zatlar ㅡ saz, eşik, ýarag we ş.m. ýoñ bolupdyr(7).
Esasanam, hytaýlylary türküleriñ göçürilýän gara öýleri haýran galdyrypdyr. Orta asyryñ beýik hytaý şahyry Bo Szýuy-i gara öýe tutuş bir goşgy bagyşlapdyr.

Gögümtil gara öý(8)

Müñ goýundan ýüñ ýygnadylar,
Kenarýaka tallarynyñ berk, täze,
Amatly we owadan tegelek düýbünden
Iki ýüz halka maña ýasadylar.
Demirgazygyñ dup-dury gök asmanynyñ astynda
Esger otuñ üstünde gara öýüni dikýär.
Indi, edil gögümtil duman hökmünde,
Onuñ bilen ol günorta geldi.
Gara öýi tüweleý yrgyldadyp bilmez,
Ýagyşdan onuñ döşi gataýar.
Onda hiç hili diwarlar, burçlar ýok,
Emma içi gelşikli we ýyly.
Sähralardan we daglardan daşlaşyp,
Gara öý meniñ howlyma geldi.
Onuñ kölegesi owadan aýyñ astynda,
Gyşyna ol elmydama meniñ ýanymda.
Gyşyna ol elmydama meniñ ýanymda.
Keçe gyrawa garşy ㅡ diwar,
Garyñ örtügi hem gorkuly däl,
Sazly hatarlaryñ kirişlerin örtüp.
Onda lowurdaýan deriler ýatyr,
Owazlanýan hatarlaryñ tarlaryn örtüp.
Onda aýdymçy bir gyrada oturýar,
Onda tansçy zenan oduñ başynda tans edýär.
Maña gara öýe girmek, öýe girenimden ýakymly,
Serhoş bolup gury keçede ýatýan.
Ojagyñ çym-gyzyl ody
Kölegede şatlykly çyrmaşýarlar,
Kömürjikleriñ özi gyzgyna ereýär,
Edil irdenki orhideýa kimin;
Ýuwaşjadan boş alagarañkylygyñ üstünden
Gijeki keramatly tüsse uzaýar,
Doñan göwre ereýär, ine-de
Goşgy, ýazky şarlawuk kimin, akýar.
Hatda orhideýadan edilen örtük hem
Bu öýlerden adamlary çykaryp bilmez.
Gamyş çatmalardakylara
Ýumşak gyş hem ajydyr.
Gara öýe monahyñ hem
Bergä çolaşan okuwçynyñ hem gözi gidýär.
Gara öýde men öz myhmanlarymy kabul ederin,
Gara öýi men öz çagalarym üçin aýaryn.
Knýaz öz köşklerini gazma nagyş bilen örtdi ㅡ
Olar gök gara öýüñ ýanynda näme!
Men ulumsy knýaz neberelerine
Gara öýi olaryñ köşklerine bermerin.

Türküşynas I. F. Popowyñ belleýşi ýaly: ''Tan dinastiýasynyñ dolandyran döwri (618-907) imperator Hytaýyñ ykdysady güllemeginiñ, syýasy kuwwatynyñ we medeni şöhratynyñ zamany bolupdyr we Aziýa döwletleriniñ birtoparynyñ taryhynyñ tutuş soñky ösüşine örän uly köp taraplaýyn täsir edipdir. Hut şol döwürde hytaý imperiýasy has doly derejede özüniñ geosyýasy mümkinçiligini amala aşyryp bilipdir we özüniñ syýasy täsirini Koreýadan Parsa (Persiýa) we Wýetnamdan Týan-Şana çenli ýaýradypdyr''(9).
Hytaýy öwrenij alymlar I. F. Popow, T. Barfild, D. Twitçett, S. Çen, A. Aýzenberg we beýlekileriñ pikirine görä, Tan döwründäki syýasy medeniýetiñ sintezi hytaý jemgyýetiniñ durnuklaşmagynyñ esasy bolupdyr, onda imperiýa dolandyrylyşynyñ köp häsiýetleri Merkezi Aziýa etnoslarynyñ syýasy tejribesiniñ täsiri esasynda emele gelipdir.
Belli bolşy ýaly, Ýaponiýanyñ we Koreýanyñ çäkleri Hytaýyñ protektoratynyñ astynda bolupdyrlar. Baryp b.e.ö. I müñýyllygyñ ahyrynda-da ýapon adalarynda ''saeki'' atly syrly at münýän halk ýüze çykypdyr, olaryñ atçy-saklardygyny añsat tanamak bolýar. B.e. III-VII asyrlarda türki dilli taýpalar Gündogar Koreýany we Ýaponiýany basyp alypdyrlar. Bu ýapon alymy Egami Amionyñ derñewleri we arheologik maglumatlar (kurgan döwri diýip atlandyrylýan) bilen tassyklanylýar. Ýapon dilinde türkmen dilindäkä meñzeş sözler duşýar: ýapon. dogu ㅡ gorag şekilleri, türkm. doga ㅡ gorag tumary; ýapon. sýogun ㅡ knýaz, oguz.-türkm. sagan - ýokary harby derejeleriñ biri; ýapon. tenno ㅡ asman, türkm. tañry ㅡ asman hudaýy(10).
Türki esgerleriniñ we olaryñ hanlarynyñ yzlaryny Gündogar Koreýada-da görmek bolýar. Orta asyr Paýekçe patyşalygynyñ hökümdarlyk eden Biko, Zokkuni, Hwako atlary bilen ýazylan urugynyñ wekili ㅡ general Honuñ ata-babalary Merkezi Aziýadan gelip çykan hasaplanylýar(11).
Gadymy türki etnoslary Hytaýda, Ýaponiýada, Koreýada saýlama goşunyñ bölümlerini düzüpdirler we wagtal-wagtal bu ýurtlarda hökümet başyna geçipdirler. Eýsem, arap Gündogarynda biz şeýle ýagdaýy görmeýärismi, ol ýerde türkmenler öz ellerinde syýasy agalygy jemläp, örän uly hyzmaty ýerine ýetirmändirlermi näme?
Irki orta asyr Hytaýda türki hanlary we olaryñ goşunlary imperiýanyñ ähli harby derejelerini eýeläpdirler diýen ýaly, welaýatlary dolandyrypdyrlar we ş.m. Ine, hytaý ýylýazgysy şeýle belleýär: ''Paýtagtda [imperiýada] ýaşaýan tukýuýesler (türküler ㅡ Ö. G.), örän gowy hormat bilen saklanylypdyr... Olaryñ sany käwagt müñ adama çenli baryp ýetipdir. Si Öýi olaryñ çozmagyndan gorkupdyrlar... we öz gaznalaryny hem olara töleg üçin harçlapdyr''(12).
Şeýle-de VIII asyryñ ortasynda Hytaýyñ regulýar (hemişelik) goşunyna oguz taýpasyndan bolan Asina An Luşan ýolbaşçylyk edipdir. Ol 756 ㅡ 757-nji ýyllarda tutuş ýurdy dolandyrypdyr(13).
Biziñ üçin Hytaý imperiýasynyñ Merkezi Aziýanyñ döwletleri bilen gatnaşygy gyzyklydyr. B.e.ö 49-njy ýylda Hunnu döwleti bilen Hytaýyñ arasynda baglaşylan ''ant şertnamasynyñ'' iñ gadymy nusgasynda şeýle diýilýär: ''Mundan beýläk Han we Sýunnu (gunlar, hunlar. ㅡ Ö. G.) bir maşgaladyrlar we hiç haçan biri-birini aldamazlar we biri-biriniñ üstüne çozmazlar. Eger ogurlyk bolsa, iki tarap biri-birine habar bermelidir, günäkärleri jezalandyrmaly we ogurlanan zatlary gaýtaryp bermeli; eger üstlerine çozulsa, biri-birine goşun kömegini bermeli. Kim ilki, Han ýa-da Sýunnu dinastiýasy, şertnamany bozsa, tañrynyñ iberen betbagtlygyna uçrar. Goý biziñ ogullarymyz we agtyklarymyz nesilden-nesle hemme zatda şu içilen anta laýyklykda hereket etsinler''(14).
Hytaý bilen Gadymytürki imperiýasy (VI ㅡ VIII a.) giñ diplomatik gatnaşykda bolupdyr. Haçanda 545-nji ýylda Bumyn han garaşsyz döwletiñ emele gelendigini jar edende, hytaýlylar ilkinji bolup irki orta asyr türkmen döwetini ykrar edip ilçi iberipdirler. Şondan soñky ýyl Bumynyñ wekilleri Çanana gelýär we birleşik emele gelýär(15). Ýazuw çeşmesiniñ habar bermegine görä, ''týukýuýesler dürli döwürlerde Köşge jemi 370 wekil (ilçi) iberipdirler''(16).
Hytaý taryhy edebiýaty türkmeniñ taryhy ösüşiniñ bir bitewi teswirini dikeltmäge, olaryñ jemgyýetçilik ösüşiniñ dürli döwürlerindäki ýaşaýyşlaryny beýan etmäge kömek edýän örän uly subutnamaly (faktik) maglumaty özünde jemleýär. Käbir ýagdaýlarda bu çeşmeleriñ ýerini hiç bir zat tutmaýar. Ýene-de çylşyrymly iýeroglifler bilen ýazylan taryhy hronikalary öwrenmek gerek. ''Tun-dýan'' (VIII a.) hytaý ensiklopediýasynyñ maglumaty nämä degenok, onda taryhda ilkinji gezek ''To-ku-mong'' [Týurkmang], ýagny gadymy turan-massagetleriñ ýurdunda ýerleşen ''Türkmenistan'' diýen ýurduñ ady bellige alnypdyr.
Gadymy dünýäniñ halklarynyñ syýasy, sosial-ykdysady we medeni durmuşynda halklary we sebitleri özaralarynda birleşdiren durmuş ýoly, müñlerçe adamlaryñ parasady bilen emele gelen adamlaryñ maksat-myratlarynyñ ýoly bolan Beýik ýüpek ýoly öçmejek yz galdyrypdyr.
Munuñ hemmesi b.e.ö. 126-njy ýylda uzak wagtlyk syýahatdan soñ, köşk goragynyñ serkerdesi Ç£an Sýanyñ Hytaýa gaýdyp gelmegi bilen baglanyşyklydyr. Ol imperator U-di hytaýlylara belli bolmadyk Merkezi Aziýanyñ (Parfiýa, Sogdiana, Baktriýa, Kañüý-Horezm we beýlekiler) ýurtlary barada, olaryñ ýaşaýyşlarynyñ syýasy we hojalyk gurluşy hakynda gürrüñ berýär. Han dinastiýasynyñ ýokary çykmagyna çenli hytaýlylara Tibetiñ daglyk ýerlerinden Sary deñze çenli we oña ýanaşyk düzlükler we Gobi çöli, Ýanszy derýasyndan günortadaky gür jeññellikler we Koreýa ýaly örän çäkli ýerleriñ belli bolandygyny bellemek gerek(18).
Ç£an Sýanyñ gürrüñleri imperatory haýran galdyrypdyr we ol görlüp-eşidilmedik ýurtlaryñ patyşalary bilen ýakynlaşmagyñ ýoluny gözläp başlapdyr. Esasan ''asman ogly'' ol ýurtlarda daýaw, görlüp-eşidiledik çydamly bedewleriñ bardygy baradaky habara has hem begenipdir. Sähra halklary köp wagtdan bäri Çyn-Maçyny özleriniñ ýyldyrym çaltlygyndaky çozuşlary bilen bimaza edipdirler. Tagaşyksyz we agyr iki tigirli söweş arabalaryna berkidilen ýabylary sähralaryñ ýeñil atly goşunlary bilen bäsleşip bilmändirler. U-di öz goşuny üçin çalt ýöreýän atlary almak maksat edinýär. Şonuñ üçin hytaýlylar öz ümzüklerini Merkezi Aziýa dikýärler.
Imperator, arzuw kölüne batyp, yrymçyl adam bolandygy üçin, her zat edip ''asmany'' atlary eýe bolmagy we olaryñ kömegi bilen Kunlun dagyna ''uçup'', hudaý aýal Siwanmu bilen görüşmegi arzuw edipdir. Hatda ol b.e.ö. 118-nji ýylda bu boljak waka barada goşgy hem düzýär:

Asmany atlar geler, asman derwezeleri açylar.
(Şonda) bedenimi göterip, Kunlun dagyna ugraryn(19).

Hytaýdan Merkezi Aziýa ilkinji kerwen Ç£an Sýanyñ açan ýoly bilen b.e.ö. 114-nji ýylda ugraýarlar. B.e.ö. 102-nji ýylda hytaý goşuny U-diniñ ýolbaşçylygynda Takla-Makan çölüniñ gapdalyndan aýlanyp we Týan-Şandan geçip, ilkinji gezek Merkezi Aziýa barýarlar we ol ýerden onlarça argamaklar we 2000-den gowrak olardan pes bolmadyk tohum atlar we baýtallar alnyp gaýdylýar. Özlerinde ajaýyp ''mu-su otuny (ýagny, ýorunjany ㅡ Ö. G.) gowy görýän'' argamaklary köpeltmek üçin hytaýlylar ýorunjanyñ tohumyny hem alyp gaýdýarlar. Sebäbi onsuz bedewler tiz ''sandan çykýarlar''. Asman tohum atlarynyñ sany köpeldigiçe we daşary ýurtlardan ilçileriñ köp gelmegi bilen Asman Ogly (U-di ㅡ Ö. G.) şäheriñ daşyndaky köşgüniñ ýanyndaky uly giñ ýerde üzüm we mu-su otuny ekipdir''(20).
Hytaýlylaryñ ''asmany'', ''lunç£un'' (a£darha tohumy), ''sinhaýly'' (Sinhaý ㅡ Hazar deñzi), ''münliýlik'' (ýagny, müñ li aralygy geçip bilýän), ''deñiz'', ''gan bilen derleýän'' we ş.m. epitetler bilen öwüp, hormatlan atlarynyñ türkmenler tarapyndan döredilen ajaýyp atlaryñ tohumydygy barada hiç hili ikirjiñlenme ýok.
Ine, alym A. M. Petrow bu barada şeýle ýazýar: ''Şeýle hudaýa ýakynlaşdyrylyp, haýran galynmagyna düşünmek kyn däl. Şol wagta çenli hytaýlylaryñ görenleri we alanlary çarwalaryñ örän pes boýly tüýlek atlary bolupdyr. Ata münen adamlaryñ aýaklary ýere degäýjek bolupdyr. Bu ýerde bolsa berk bedenli, ajaýyp sypatly we edil ýukajyk gymmat bahaly matadan edilen ýaly ýalpyldaýan tüýli, ýerde duran adamlaryñ üstünden seredip duran döşi äpet bir bedew. Oş şäheriniñ ýakynyndan tapylan ýazuw subutnamalary we gadymy daş şekilleri bu tohumy hakykatdan hem ajaýyp döredilen zat bolan ㅡ häzirki zaman ahalteke atlary bilen identifikasiýa etmegiñ gerekdigi barada aýdýarlar''(21).
Ajaýyp ahalteke atlary bilen bilelikde Hytaýa türkmenleriñ ata-babalarynyñ arasynda ýaýran ''deñiz'' we ''asmany'' atlar barada rowaýatlar hem geçipdir. Hususan-da, hytaý çeşmesi şeýle gürrüñ berýär: ''Bir gezek Bosadan (Horasandan ㅡ Ö. G.) her ýyl Kukunor adasyna sürülýän baýtal sürüsini getiripdirler. Bir ýyldan olaryñ hemmesi deñiz atyndan gara-ak (ala) taýçanak gulunlapdyrlar. Olary lunç£un (a£darhanyñ tohumy) diýip atlandyrypdyrlar, olaryñ köpüsi hökman täsin bedew bolup ýetişipdir''(22).
''Hanşuinýi'' ýylýazgysy başga bir rowaýaty getirýär. Onda Turanda beýik dagyñ bardygy, onda tutup bolmaýan atlaryñ ýaşaýandygy barada aýdylýar. Şonuñ üçin bäş reñkli (ala ㅡ Ö. G.) baýtaly dagyñ eteginde ýerleşdirýärler: (asman atlary bilen) çaknyşmakdan gan derli taýçanaklar dogulýarlar. Şu alamat boýunça olary asmany atlaryñ taýlary diýip atlandyrýarlar(23).
Hytaý imperatorlary (soñ-)soñlar hem ahalteke atlaryna aýawly garapdyrlar. Haçanda 647-nji ýylda oguzlar ㅡ karkynlar imperator Taýsuna at sürüsini sowgat berenlerinde, olardan 10-syny saýlap alypdyrlar we olaryñ her birine poema bagyş edilipdir. Onda olara şeýle täsir ediji keskitleme berlipdir: ak gyraw ýaly gaýyp düşýän; gar ýaly, ýalpyldaýan doñan çyg ýaly ala; düşýän ýagtylyk ýaly ala; tolkuny kesýän owadan at; uçýan şapak ýaly sary at; okgunly ýyldyrym ýaly gyzyl at; akýan altyn ýaly gara tumşukly sary at; ganat gerýän silin guş ýaly gara-gyzyl; älemgoşaryñ gaçýan şöhlesi ýaly gyzyl(24).
Tan dinastiýasy zamanasynyñ hytaý şahyry Du fu türkmenleriñ ýyndam atlaryny şeýle beýan edýär: (25)

...Nähili onuñ süññi berk we gaty dykyz!
Iki gulagy bambugyñ baldagy kimin dik,
Iki jübüt toýnagy galdyrýar tupan!
Onuñ üstünde sen islendik aralygy geçersiñ,
Onuñ bilen betbagtçylykdan we külpetden gorkman bilersiñ.
Eger seniñ ýyndam bedewiñ bolsa,
Şol pursatdan (geçilmejek ㅡ M. T.) aralyk ýok señ üçin!

Şeýlelikde, imperator U-diniñ ekspedisiýasy (b.e.ö. 140-87 ý.) täze aziýa ýollarynyñ özleşdirilmegine itergi beripdir. Anside (Parfiýa; Ärsaklaryñ dinastiýasy şeýle atlandyrylypdyr), Ýansaýda (Sarmatiýada), Týaoçide (Mesopotamiýa), Şenduda (Hindistan) we beýleki ýurtlarda birnäçe ilçihanalar döredilipdir(26).
Hytaý şahanasy Nusaýda (Aşgabadyñ ýakynyndaky uly şäher) ýerleşen Parfiýa imperiýasy bilen aýratyn dostluk gatnaşygyny ýola goýupdyr. Hytaý taryhçysy Syma Sýan özüniñ U-diniñ dolandyran döwründe döredilen ölmez-ýitmez ''Şiszy'' (''Taryhy ýazgylar'') eserinde parslaryñ ýurdy barada şeýle ýazýar: ''Ansi Uly Ýuýeç£iden (massagetleriñ ýurdundan ㅡ Ö. G.) birnäçe müñ li (1 km=2,5 li) günbatarda ýerleşýär. Ol ýerde oturumly ýaşaýşy alyp barýarlar we ekerançylyk bilen meşgullanýarlar; şaly we bugdaý ekýärler, üzümden şerap ýasaýarlar. Şäherleri edil Dawanidaki (Ferganadaky ㅡ Ö. G.) ýaly. Anside birnäçe ýüz uly we kiçi şäherler bar: olar birnäçe müñ li giñişligi eýeleýär we iñ beýik döwlet hasaplanylýar. Guý-şuý (Amyderýa ㅡ Ö. G.) derýasynyñ kenarynda söwdagärler we täjirler ýaşaýarlar, olar gury ýer we suw bilen öz harytlaryny goñşy ýurtlara ㅡ hatda birnäçe müñ li daşlyga-da äkidýärler...''(27)
Bu häzirki Türkmenistanyñ welaýatlarynyñ ilkinji gezek hytaý çeşmelerinde beýan edilişidir. Başga hytaý awtory Ban Gu b.e.ö. 82-nji ýylda tamamlanan ''Han dinastiýasynyñ taryhy'' (,,Hanşu'') atly eserinde Syma Sýanyñ maglumatlarynyñ üstüni ýetirip, şeýle belleýär: haçanda U-di özüniñ wekillerini Ärsaklaryñ patyşalygyna iberenlerinde Parfiýa patyşasy ''özüniñ serkerdelerine ilçileri 20 000 atly bilen gündogar araçäkde garşylamagy buýurýar. Gepleşiklerden soñ, hytaý wekilleri bilen öz adamyny Hytaý görmäge iberýär; ol hytaý köşgüne uly guşuñ (strausyñ ㅡ Ö. G.) ýumurtgasyny we ligan (rim ㅡ Ö. G.) gözbagçylaryny iberýär. Asman ogly hoşal bolupdyr...''(28)
Hytaý çeşmelerinde Türkmenistanyñ iri şäherleriniñ ㅡ Mulu (Merw), Ýuýe gýan (Urgenç) we beýlekileriñ atlary hem duşup başlaýar. Käbir ýyl Türkmenistana oña golaý hytaý wekilleri gelip-gidipdir.
Şeýdip, Beýik ýüpek ýolunyñ taryhy başlanýar. Onuñ döremeginde türkmenleriñ pederleri, parfiýalylar we, elbetde, hytaýlylar wajyp hyzmaty ýerine ýetiripdirler. Akademik W. W. Bartoldyñ ýazyşy ýaly, parfiýalylar beýleki halklara seredeniñde, b.e.ö. II asyrda Hytaýdan Alynky Aziýa açylan kerwen ýolundan has gowy peýdalanypdyrlar. Olar Hytaý bilen Rim imperiýasynyñ arasyndaky araçynyñ amatly hyzmatyny özlerinde saklapdyrlar. Mitridat II Parfiýaly (b.e.ö. 124-87 ýyllar) dünýä taryhynda Uzak Gündogaryñ beýik döwleti (Hytaý) bilen hem, şeýle-de Günbataryñ dünýä imperiýasy (Rim imperiýasy) bilen hem ilkinji gatnaşyk eden patyşadyr(29).
Beýik ýüpek ýoly Loýane şäherinde (Hytaýyñ gadymy paýtagty) başlanýar. Ol Çanýanýanyñ 500 km demirgazyk-günbatarragynda ýerleşipdir. Beýik hytaý diwaryny aýlanyp geçip, söwda kerwenleri Dun-huana barypdyrlar, ondan soñ iki şaha bölünipdirler. Günorta ýoly Takla-Makan çölüni aýlanyp geçip, Hotanyñ, Ýarkendiñ, Balhyñ üstünden geçip, Merwe barypdyr. Demirgazyk ýol Turfanyñ üstünden Kaşgara, ondan soñ Samarkandyñ üsti bilen Merwe eltipdir. Biziñ görşümiz ýaly, iki ýol hem (gündogar we demirgazyk) Merwde birleşipdir. Bu hytaý täjirleriniñ ýolunyñ iñ soñky nokady bolupdyr. Merwden hytaý harytlary merkezi magistral boýunça arap ýurtlaryna, Rimde we Hindistana eýýäm parfiýaly täjirler tarapyndan eltilipdir(30).
Baş transport arteriýasyndan köp şahalar ㅡ harytly kerwenleri Gündogar, Günbatar we Merkezi Ýewropa, Zakawkazýä we Demirgazyk Afrika eltýän ýollar gaýdypdyr. Onuñ täsirine näçe halkyñ we ýurduñ düşendigini göz öñüne getirmek mümkin hem däl. Söwda ýollary üstünden düşen şäherler baýlaşypdyr; köp suw howdanlary döredilipdir, galalar döräpdir, ýollar geçirilipdir; ýer eýeleri, senetçiler, maldarlar köp sanly bazarlarda we ýarmarkalarda öz harytlaryny ýerläpdirler. Eger ähli gury ýer aragatnaşyk ýollaryny bir shema salynsa, onuñ ägirtligine geñ galmak bolýar.
Türkmenistandan Hytaýa argamaklar, halylar, nah matalar, üzüm, gawun, guradylan ir-iýmişleri, ýarag, polat, reñkli aýna we ş.m. äkidipdirler. Hytaýdan Türkmenistana ýüpek, forfor, däri, çaý, kagyz getirilipdir. Türkmenistanyñ üstünden Hytaýa tranzit arkaly nefrit, lazurit, hoşboý ysly zatlar, çüýşe önümleri barypdyr, şonuñ üçin dürli döwürlerde bu ýol ''nefrit'', ''lazurit'', ''çüýşe'', ''kagyz'' ýol diýip atlandyrylypdyr. Emma hytaý täjirleriniñ daş ýurtlara äkidýän harytlarynyñ esasysy bolsa ýüpek bolupdyr. Ýeñil we az ýer tutýan ýüpek mata kerweniñ tutuş barýan ýolunda alyjylaryñ ünsüni çekipdir. Bu beýik ýol diñe bir söwda maksadyna däl, eýsem oba hojalyk bilimleriniñ özara ýaýramagyna hem getiripdir. Hytaý dünýä ýüpek gurçugyny, çaý, şalynyñ ýokary hillerini, erik, hrizantema alyp, onuñ ýerine Merkezi Aziýadan üzüm çybygyny, ýorunjany, noýbany, sogany, käşiri, hyýary, koriandry, hurmany, künjüni, hoz, badam we nar agaçlaryny alypdyr(31).
Eýýäm täze eranyñ başynda ýüpek pilesi Çyn Maçynyñ monopoliýasy bolmandyr; Türkmenistanyñ şäherlerinde ýüpek dokmaçylygy güýçli ösýär. Aýratyn hem bütin Gündogarda Merw şöhrat gazanypdyr. Onuñ ''mulham'', ''kazin'', ''tawwazi'', ''marwi'' ýaly ýüpek matalary Köne Dünýäniñ bazarlarynda altyndan gymmat bahalanypdyr we pul dolanşygynyñ serişdesi bolup hyzmat edipdir(32).
Beýik ýüpek ýoly boýunça ylmy bilimleriñ (lukmançylygyñ, farmakologiýanyñ, fizikanyñ, himiýanyñ, astronomiýanyñ, matematikanyñ, filosofiýanyñ, arhitekturanyñ, taryhyñ, geografiýanyñ we beýlekileriñ ýaýramagy hem uly ähmiýete eýedir. Türkmenistanda ylmyñ dürli pudaklary boýunça ensiklopedik işler döredilýär. Belli bolşy ýaly, hytaý alymlary Merkezi Aziýanyñ belli alymlaryndan astronomiýadan sapak alypdyrlar(33).
Hytaý-parfiýa gatnaşyklary täze eranyñ başynda hem dowam edipdir. B.e. 87-nji ýylynda Hytaýda parfiýa ilçileri bolupdyrlar, b.e. 97-nji ýylynda bolsa Han dinastiýasynyñ serkerdesi Gan In ynanç hatlary bilen Rim imperiýasyna ugraýar, biraz wagt Parfiýanyñ içinde bolýar we gaýdyp geleninden soñ, gymmatly maglumatlary galdyrýar, 101-nji ýylda bolsa parfiýa imperatory Hytaýa gelýär we ''asman ogluna'' ýolbars we seýrek duşýan guşlary sowgat berýär(34).
Söwda däl alyş-çalşygyñ deñsiz-taýsyz ýene bir gymmatly mysallarynyñ biri ㅡ dünýä dinleriniñ ýaýramagydyr, sebäbi söwda ýollary özboluşly siwilizasiýalaryñ yzygiderli gatnaşyklarynyñ ýoluna öwrülipdir.
Hytaýda buddizmiñ döremegi massagetleriñ ýurdy bilen baglanyşyklydyr. Rowaýata görä, imperator Mindi düÿşünde daş-töweregi ak şöhle saçýan Altyn adamy görüpdir. Öz düýşüne Budda ㅡ ''Günbatarda ýaşaýanlaryñ hudaýy'' girendir öýdüp, imperator ekspedisiýasynyñ şaýyny tutmagy buýurýar. Ol ekspedisiýa ''Uly Ýueç£eýleriñ'' (massagetleriñ) ýurdunda belli wagyzçylar Matanga we Gobharan duşýarlar. Ak atlaryna budda kanonynyñ (dessurynyñ) kitaplaryny we Buddanyñ heýkelini ýükläp, olar bilen bile Hytaýa gaýdyp gelýärler. Bu wakanyñ şanyna imperator b.e. 68-nji ýylynda buthana, onuñ ýanynda bolsa ak atlara ýadygärlik gurmagy buýurýar. Buthana ''Baýma'' (ak at) diýip atlandyrylýar''(35).
Hytaý çeşmeleri täze eranyñ başynda Hytaýda Ärsaklar neberesinden bolan şazada An-Şi-gaonyñ wagyz edendigini habar berýärler. 148-nji ýyldan başlap, birnäçe onýyllyklaryñ içinde ol ýerli milissionerlere ýolbaşçylyk edipdir we wajyp budda eserleriniñ sanskritden hytaý diline terjime edilmegini gurnapdyr. Arheolog M. Ý. Masson-uly An-Şi-gao b.e. I asyrynda özbaşdaklygy alan Merwiñ hökümdary bolup bilerdi diýip pikir edýär(36).
Bu pikiri başga bir rus arheology G. A. Koşolenko hem goldaýar. Ol ''Elbetde, parfiýalylaryñ Hytaýda buddizmiñ ýaýramagyndaky hyzmaty, olaryñ ýurdunda bu dini taglymatyñ has öñ berk ornandygyna, köp sanly adeptlere (eýerijilere) eýe bolandygyna, özüniñ intellektual elitasyny döredendigine şaýatlyk edýär, Parfiýanyñ buddizmiñ has güýçli ýaýran ýeriniñ hut Margiana boladygy hiç hili ikirjiñlenme döretmeýär. An-Şi-gao bolsa Ärsaklar dinastiýasynyñ ýerli şahasynyñ wekili bolupdyr'' diýip ýazýar(37).
Margiananyñ budda wagyzçylary barada gürrüñ berýän esasy iş hytaý awtory Hueý Tszýaonyñ (497 ㅡ 554 ý.) ''Sylagly monahlaryñ terjimehaly'' atly ýygyndysydyr. Onda 500 hytaý monahlarynyñ we wagyzçylarynyñ terjimehalynyñ içinde bäş parfiýalylaryñ we margianlaryñ hem ömür beýany getirilýär. Olaryñ arasynda täjir An Sýuan monah däl-de, dünýewi adam-buddaçy hökmünde tapawutlanýar. Emma ol, hytaý dilini öwrenip, onda diniñ esasy dessurlaryny beýan edýär we ''kawaleriýanyñ serkeresi'' (düşündirijisi) diýen ada eýe bolýar. Tan-di hem belli bolupdyr (III a.). Ol hytaý diline ''Tan u de sze mo'' diýen kitaby terjime edipdir. Emma Hytaýda buddizmi ýaýradan iñ esasy şahs we ony ykrar etdirenleriñ biri An-Şi-gaodyr. Hueý Szýao An-Şi-gaonyñ buddizmiñ yhlasly tarapdary bolandygy, Merwde öz tagtyny daýysyna berip, monahlyga gidendigi barada ýazýar. 148-nji ýylda şazada-monah Loýana gelýär, şol ýerde hytaý dilini kämil öwrenýär. Hueý Tzsýao Şi-gao Sangharakşiniñ ýygyndysyny ýedi baba bölüp, hytaý diline geçirdi. Şol Do di tsin sutrasy bolupdyr. Tutuş döwürde Şi-gao jemi otuz dokuz sany sutra we şastra neşir edipdir. Olaryñ manysy düşnükli we anyk, stili örän sada bolupdyr. Terjimeleri doly, çylşyrymly däl, ýönekeý we gödek däl. Olary okamak ㅡ gyzykly hem ýadatmaýan pişe. Şi-gao hakykaty ähli görnüşde beripdir, karmanyñ dürli keramatly ýüze çykarmlarynyñ bardygyna we ony hiç kimiñ ondan üstün çykmaga güýjüniñ ýetmeýändigine düşünipdir(38).
An-Şi-gaonyñ Ýuç£anda Dunsy monastyryny dikeldendigi bellidir. Onuñ özi ýogalandan soñ, okamagy emr eden golýazmalary saklanypdyr. Hueý Szýao terjimeçileriñ Şi-gaodan öñ hem soñ terjimelere köp ýalan we artyk zatlary goşandyklary, Şi-gaonuñ terjimeleriniñ hemmesiniñkiden gowudygy, örän sylanylýan Dao-anyñ Şi-gao bize Buddanyñ sesini ýetirýär, Kämiliñ agzy bilen gürleýär diýip hasap edýändigi, nesilden-nesle parasatly we päk ahlakly adamlaryñ ony öwrenýändigi we ony gynanç bilen ýatlaýandyklary barada ýazýar(39).
Hytaý alymy Ç. Szýaoszanyñ görkezişi ýaly budda adalgalaryny deñ terjime etmek we olaryñ transkripsiýasyny bermek meselesi bolupdyr. Sebäbi hindi we hytaý filosofiýalary biri-birinden düýpli tapawutlanypdyr. An-Şi-gao terjime etmekde öz usulyny teklip edipdir: ol daos kategoriýalaryny ulanýar, şonuñ üçin hem buddizm intellektual hytaý elitasy tarapyndan güýçli garşylyga sezewar bolmandyr. Parfiýa wagyzçysy budda taglymaty Çeni (dhýanany) we Ab dhar nasmany örän gowy bilipdir, onuñ terjime eden sutralary Hinaýany we Ç£en ulgamlaryna degişlidir (olaryñ iñ esasylary ㅡ ''An Ban Şou I Szin'', ''In Çi £u Szin'', ''Sýu Sin Şou Szin''). Ç. Szýaosza uzak hem kyn ýoly geçen An-Şi-gaonyñ Türkmenistany gadymy hytaý ýurdy bilen 1 800 ýyldan hem gowrak mundan ozal baglanyşdyrandygy, halklarymyzyñ arasyndaky häzir biziñ ösdürmeli hem berkitmeli dostluk tohumyny taşlandygyny ýazýar(40).
Ine, şeýdip, türkmenleriñ belli pederi özi barada hytaý halkynyñ arasynda ýagşy ýatlama goýupdyr.
Türkmenistanyñ çäginden Hytaýa VII asyryñ ikinji ýarymynda yslamyñ ilkinji ideýalary hem barypdyr. Merkezi Aziýadan baranlar Tan dinastiýasy döwründe Guanç£ou şäherinde ilkinji Hueýşynsy metjidini gurupdyr. Pekinde ''Nýudse'' metjidi 996-njy ýylda peýda bolupdyr(41).
Hut Türkmenistanda ýüze çykan sopuçylyk mekdepleriniñ wekilleri bilen Hytaýda sopuçylyk ýaýraýar. Sopuçylygy dowam etdirijiler (Hytaýda, esasan, dört mekdep bolupdyr ㅡ nagyşbendiýa, kubrawiýa, jahriýa, kadyriýa) belli tarykatlaryñ taglymatlaryny gadymy hytay filosofiýasy bilen birleşdirip üýtgedipdirler(42).
Kubriýa tarykaty (şyh Nejmeddin Kubra (1145 ㅡ 1221) Demirgazyk Türkmenistanda ýaşapdyr, köp Aziýa ýurtlarynda yslamyñ ýaýramagynda uly hyzmaty ýerine ýetiripdir. Hytaýda bu doganlygyñ tarapdarlary has hem imperator Kañ Siniñ (1662 ㅡ 1723) hökümdarlyk eden döwründe köpelipdir. Olara şyh Muhiýeddin ýolbaşçylyk edipdir. Kubriýa taglymaty (hytaýça bulin ýe) Hubeýede, Hunanda, Dunhuanda, Gantsuda we Sinszýanyñ ㅡ Uýgur awtonom etrabynyñ käbir etraplarynda ýaýrapdyr.
Musulmanlar Hytaýda güýçli medeni güýji emele getiripdirler. 1289-njy ýylda ýuan köşgi Yslam uniwersitetini döredýär. Ol 1314-nji ýylda Musulman bilim pudagyna öwrülýär. Musulman alymlary Hytaýyñ belli akademiýalary bolan Hanlinde we Hanlin-goşi-ýuanda sapak beripdirler. Hut türküleriñ Hytaýyñ ruhy we sosial durmuşynda bitiren örän uly hyzmaty gürrüñsizdir. XIII asyryñ ikinji ýarymyndan XIV asyryñ 60-njy ýyllaryna çenli diýen ýaly dolandyryjy imperiýa bolan Ýuan mongol dinastiýasy döwründe türküler ýokary edara we harby wezipeleri eýeläpdirler. Olaryñ arasynda köp alym adamlar bolupdyr. Orta asyr ''Ýuanşi'' (Ýuan dinastiýasynyñ taryhy'') kitabynda konfusiý alymy (gelip çykyşy türkmen bolan) Baýanyñ terjimehaly getirilýär. Onda ol özüniñ bu dünýädäki borjy Konfusiniñ taglymatyny ýaýratmak diýip düşündi, bu taglymatyñ esasy ýörelgelerine doly düşünmegi ýola goýdy, Szin dinastiýasynyñ taryhyny ýazmaga gatnaşdy, ýurduñ dürli ýerlerinden bäş müñden gowrak adam onuñ elinde okady diýilýär(43).
Kañaly (Demirgazyk Türkmenistanly; kañarlar-peçenekler) alymlaryñ hem atlary getirilýär. Olaryñ içinden hytaý medeniýetiniñ Buhumu, Tarygçi, Tuglak, Timurtaş, Buka, Kara ýaly ýene-de ençeme wekilleri tapawutlandyrylýar. Buhumynyñ ogly Naonao ㅡ belli konfusiýa alymy, şahyr we hatdat barada şeýle diýilýär. Ýuan dinastiýasynda kim iñ gowy hatdat? Demirgazykda Nao... diýipdirler. Onuñ iýeroglifleri ýazylan kagyzlar altyndan hem ýaşmadan gymmat görlüpdir. Ýene-de bir kañaly Oros Hanlin akademiýasynda döwlet hytaý taryhyny ýazmak boýunça toparyñ agzasy bolupdyr(44).
Timurtaş meselem, döwlet okuw jaýlary üçin okuwçy saýlap almak bilen meşgullanypdyr; onuñ tebigy zehini uly bolupdyr; nusgawy hytaý konfusiýa edebiýatyny okanynda, kitaplardaky pikirleri ol has inçelik bilen kabul edipdir,.. birnäçe gezek Libuşanşunyñ ýolbaşçysy edilip bellenilipdir...imperator onuñ hökümdarlygyñ (dolandyrmagyñ) ýollary barada maslahatlaşypdyr(45).
Hytaý çeşmeleri türküler-garlyklar bolan nakgaş Sadallahy, filosof Daşmany, şahyr Naýsýanýany, kañaly taryhçy Osmany ýatlaýarlar.
Türki dilli konfusiýa alymy, şahyr, lukman we filosof Din Honýanyñ şahsyýeti hem gyzyklydyr. Onuñ atasynyñ kakasy Alaýeddin Hytaýa Merkezi Aziýadan gelipdir. Din Honýan (şeýle-de ol Ýun Gen) ''Deñiz kenaryndaky jaý'' (''Haý-goszi'') we ''Hytaýyñ daşyndaky ýurtlar barada'' (Fan-waýtszi'') diýen goşgular ýygyndysynyñ, ''Musulman dermanlary'' (''Hueý-hueý ýaofan'') atly 36 szýunýanly (baply) hytaý dilindäki ensiklopedik işiñ awtorydyr. Hytaýyñ ylmy edaralarynda işlän alym-türküleriñ içinde lukmanlar, aljimikler, astronomlar, din öwrenijiler, filologlar, taryhçylar we beýlekiler bolupdyr.
Hytaý çeşmesi ''Ol döwürden bäri (ýagny, Ýuan imperiýasy döräli bäri) ýüz ýyla golaý wagt geçdi, häzir olaryñ (Merkezi Aziýadan gelip çykanlaryñ) köpüsi biziñ ýurdumyzyñ (Hytaýyñ) dürli ýerlerine göçüp baryp, waspnamalary, taryhy öwrenýärler, hatlary ýazmagyñ üstünde işleýärler...''(46) diýip habar berýär.
Beýik ýüpek ýolunyñ tutuş ugrunda söwdany ýola goýan orta asyr türki täjirleri hem az hyzmaty ýerine ýetirmändirler. Alymlar ''hytaý täjirleri'' we ''hytaý gämileri'' diýen düşünjeler ulanylanda, arap we pars çeşmeleri hytaýlaryñ özlerini däl-de, Hytaýda ornaşan Ýakyn we Orta Gündogaryñ musulmanlaryny göz öñünde tutupdyrlar(47).
Ýuan mongol dinastiýasynyñ oguzlaryñ, gypjaklaryñ, kañalylaryñ we alan-aslaryñ harby güýjüniñ kömegi bilen Sunn hytaý dinastiýasyny ýykyp, häkimiýet başyna geçendigini bellemek gerek(48). Ine, şonuñ üçin Hubilaýhan dinastiýasynyñ ilkinji wekili döwründe hem imperator goşunynyñ saýlama bölümleri döredilýär. Olaryñ wekilleriniñ ýokary serkerdelik wezipelerine bellenilmeginiñ netijesinde, Hytaýda türküleriñ häkimi çäksiz diýen ýaly bolupdyr. Olar imperiýanyñ tutuş welaýatlaryny dolandyrypdyrlar (mysal üçin, Ýantimur ㅡ Taýpin okrugynda ägirt uly mülki, şeýle-de Suç£ou we Luntsin okruglaryndaky ýerleri dolandyrýar)(49).
Ýuan goşunynyñ ilkinji ýolbaşçysy gypjak serkerdesi Tutuk bolupdyr. Oña ''beýik emir'' we ''döwletiñ sütüni'' diýipdirler. Ol Şumiýuana (Harby maslahata) ㅡ uruş we parahatçylyk we daşary gatnaşyklar boýunça işi alyp barýan edara ýolbaşçylyk edipdir. Serkerde Sidur örän güýçli batyrlyk bilen tapawutlanypdyr. Hubilaý hanyñ döwründe ol 1287-nji ýylda Wýetnama (hytaý çeşmelerinde Izýaoç£i) bolan ýörişe gatnaşan serkerdeleriñ biri bolupdyr. Sidur Szyçen wýetnam galasyny basyp alýar, söweşlere gatnaşýar. Zäherlenen peýkam bilen ýaralansa-da, ol Wýetnam paýtagtyny zabt edýär(50).
XIV ㅡ XV asyrlarda Aziýanyñ söwda ýollary ýuwaş-ýuwaşdan pese düşýär. Ýewropa, Hindistan we Hytaý aralygynda deñiz ýollarynyñ ösmegi Beýik Ýüpek ýoluna güýçli urgy bolup,ol Merkezi Aziýanyñ we Hytaýyñ halklarynyñ arasyndaky berk durmuş-ykdysady we medeni gatnaşygyñ bozulmagyna getirdi(51).
Köneürgençden gelip çykan Abdyrahym Hafyz Horezmi (XV a.) özüniñ ''Kytga'' atly eserinde gynanç bilen şeýle ýazýar: (52)

Seniñ sözüñ hemmeleri haýran eder ýaly,
Türküleriñ öñünde, Hafyz, tozanda ýat.
Söz atlaryn çap, olary gyssa,
Güýç aýama ㅡ goý, sözüñ güýji artsyn!
Goý, seniñ söz dürlerñi satyn alsyn garyp,
Oña-da düşnükli bolsun sözüñ seniñ.
Eger sen goşgularyñ bilen döwlet isleseñ,
Goý, her goşgyñ sözüñ joşgunyndan ýansyn.
Gynansagam, Çynyñ türkülerine hiç hili
Seniñ, arman, sözüñ ýetmedi!

Muña seretmezden, köne kerwen ýollary, güýçli bolmasa-da, hereket edipdir. Muña Köneürgençden tapylan Min döwrüniñ hytaý külalçylygynyñ bölekleri şaýatlyk edýär. Şäher Timur tarapyndan düýpli kül-peýekun edilenden soñ, Köneürgenç bir senetçilik bölegini (Daşgalany) dikeltmäge rugsat berýärler. Ol ýerde, esasan, külalçylyk önümlerini öndürmek bilen meşgul bolýarlar. Daşgala açyk çal reñkli farfor bölekleri, şeýle-de min Hytaýyndan getirilen esasy zat bolan ak fonda gök nagyş bilen bezelen önümler tapyldy. Emma, islegiñ artmagy we gadymy ýollaryñ az ulanylmagy sebäpli, horezm ussalary XV ㅡ XVII asyrlarda daş görnüşi boýunça hytaý farforuny ýa-da salýan (ak fonda gök nagyş çekilen) önümleri öndürip başlaýarlar. Ürgenç külallary hytaýlylara köre-körlük bilen öýkünmän, olary döredijilikli täzeden işläp, özleriniñ asyrlar boýy toplanan däplerini we usullaryny hem göz öñünde tutupdyrlar. Bu önümler kaşinden ýa-da adaty külalçylyk toýnundan ýasalypdyr. Hytaý medeniýetiniñ täsirleri nagyşlarynda we bezeginde (ornamentikada) hem ýüze çykýar(53).
Emma Türkmenistan bilen Hytaýyñ arasyndaky XVII asyrdaky soñky gatnaşyklar barada bize hiç zat belli däl.
Hytaý Türkmenistan bilen Hytaýyñ arasyndaky XVII asyrdaky soñky gatnaşyklar barada bize hiç zat belli däl.
Hytaý türkmenleriniñ taryhy hem örän gyzyklydyr. Olar ''salar'' halky diýip atlandyrylýar. Gelip çykyşy boýunça türkmen-salyrlaryñ garaman tiresinden bolup, olar XIV asyrda Hytaýa Ýediçeşmeden göçüp gelipdir(54).
XIX asyryñ ahyrynda Hytaý salyrlarynyñ ýanyna tibetolog G.S. Sybikow barýar we şeýle ýazýar: salarlar öz aralarynda türküçe gepleşýärler, eşikleri hytaýlaryñka meñzeş, diñe kellelerindäki telpejikleri gök reñki we depesiniñ çüñklüligi bilen tapawutlanýar. Onuñ depesinde altyn sapaklardan ýasalan düwme ýerleşýär... Salarlaryñ yslamyñ yhlasly tarapdarlary bolan bolmaklary ahmal we olaryñ ýeterlik derejede türki ýazuwy ýaýradypdyr(55).
Hytaýyñ salarlary baradaky maglumatlar belli rus alymlary N. M. Pr£ewalskiniñ, M. W. Newerowyñ, G. Ý. Grum-Gr£imaýlonyñ, G. N. Potaniniñ, F. Poýarkowyñ we beýlekileriñ işlerinde hem duşýar. 1910-njy ýylda türkolog S. A. Malow salarlaryñ nakyllaryny we aýdymlaryny ýazyp alýar. XX a. 60-njy ýyllarynda belli türkolog E. R. Tenişewiñ ''Salar dili'', ''Salar diliniñ gurluşy'', ''Salar tekstleri'' diýen üç sany işi çapdan çykýar.
Salarlaryñ arasynda duşýan aýdymlaryñ birinde olaryñ Merkezi Aziýadan göçüp gelendikleri barada aýdylýar: ''Şeýle! 30 bölegini (Gurhanyñ) ak düýa ýükläp, Ýediçeşmeden çykdylar...Otuzdagda ýol tapman, (ol barada) soradylar. Sorap, Ot-Poýnahda oduñ ýüze çykandygyny gördüler. Bu mes ýeriñ topragyny uly terezilerde ölçäp gördüler, onuñ agramy (keramatly ýeriñ agramyna) gabat geldi. Kiçi terezilerde ölçäp gördüler, onuñ agramy (munda-da keramatly ýeriñ agramyna) gabat geldi. Bu ýerdäki toprak suw isleýän toprak, guýy gerek toprak. Günortasyna (sözme-söz ýokaryk) seretseñ, ýakynynda tokaý, agaç taýýarlamak üçin ýaramly ýer. Demirgazyga (sözme-söz aşak) seretseñ, ýakynynda Moren derýasy. Bu altyn alyp ýaşap boljak ýer''. Soñra salarlaryñ bu täze ýeri ýaşamak üçin saýlap alandyklary barada aýdylýar. Şeýlelikde! (Bu ýerde) Karamanyñ (karaman tiresi Türkmenistanyñ salyrlarynda hem bar ㅡ Ö. G.) söýgüli maşgalasy, onuñ ogullary! (Bu ýerde) ㅡ salarlaryñ merkezi! (Bu ýerde) ㅡ salarlaryñ beýik hazynasy!''(56)

Tekstde agzalan Gurhan (''30 bölegi'') häzir hem Szişi şäherinde saklanýar we ol hakykatdan hem 30 tomdan (867 sahypadan) durýar we salarlaryñ Hytaýa gelmezinden öñki wagta degişlidir.
Salarlar häzir hem toýlarda ''tiýe oýny'' (''düýe oýny'') diýen degişme oýny oýnaýarlar. Oña gatnaşýanlar salarlaryñ günbatardan gündogara göçmeklerini suratlandyrýarlar. Bu babatda E. R. Tenişew: ''Salarlarda (Sinszýan ㅡ Ö. G.) olaryñ ata-babalarynyñ XIV asyryñ ahyrynda Samarkandyñ golaýyndan Hytaýa göçendikleri we Sýun-hua-tiniñ ýakynynda Huanhe derýasynyñ kenarynda ornaşandyklary barada rowaýat bar. Bu taryhy fakt diñe bir salarlaryñ rowaýatlarynda däl, eýsem olaryñ halk däplerinde hem öz beýanyny tapýar'' diýýär(57).
1997-nji ýylda Hytaýda Sin imperiýasynyñ emeldarynyñ ''Ýançen Imperatoryna'' diýen çykyşlarynyñ ýygyndysy we imperatoryñ salarlar, olaryñ hojalygy we käbir çykyşlarynyñ ýygyndysy we imperatoryñ salarlar, olaryñ hojalygy we käbir däp-dessurlary baradaky görkezmeleri neşir edilýär. Türkmenleriñ hytaý döwletiniñ resmi adamlary bilen aragatnaşygynyñ häsiýetleri baradaky maglumatlar hem getirilýär; hususan-da, salarlar Sin dinastiýasyna separatistlere garşy göreşde işjeñ kömek edipdirler(58).
Hytaýyñ salarlarynda türki dilindäki orta asyr kitaplary (arap ýazuwyndaky) saklanyp galypdyr. Olar häzirki zaman türkmen dili bilen köp meñzeşlige eýedir. Szişi metjidinde saklanýan ''Salarlaryñ göçüş taryhynda'' ''Biziñ salarlarymyzyñ köki Karamanyñ kiçi oglundan... gaýdýar, ol watanynda (köne öýünde) ýaşamaga galýar...biziñ salarlaryñ köki Karamanyñ göçüp gaýdan uly oglundan hem gaýdýar'' diýip görkezýär(59).
Häzirki zamanda salarlar iki gepleşikde ㅡ Geýszynyñ ýaşaýjylaryñ we Myntanyñ ilatynyñ dialektinde gepleşýärler. Salar diliniñ hytaý (fonetikada, morfologiýada, sintaksisde, leksikada) we tibet (leksikada) dilleriniñ güýçli täsirine düşendigini bellemek gerek. Muña seretmezden,Hytaý Halk Respublikasynyñ Milletler institutynda salar dilini öwrenýärler.
Salarlar Sinhaý prowinsiýasynyñ Sinhua Salar awtonom uýezdiniñ ýedi wolostynda has gür ýaşaýarar, ýagny Geýszy (Altiýuli), Suýeç£i, Sýunýan (Poler), Szişi (Ýazy), Çinşuý (Senyr), Nemyn ýa-da Kowa (Ko), Beý£uan (Ahwar) wolostlarynda esasy etniki gatlak ýerleşýär(60). Olar Sinszýan prowinsiýasynyñ Uýgur awtonom etrabynda, Gansu prowinsiýasynda, şeýle-de Sinhaý prowinsiýasynda bolsa Gyzylsuw uýezdinde (Aksuw, Oýtag, Kowseran we beýleki obalarynda) ýaşaýarlar(61).
2000-nji ýylda HHR-iñ dürli okuw mekdeplerine wekilçilik eden türkmen-salarlaryñ topary Türkmenistanyñ paýtagty Aşgabatda geçirilen, türkmenleriñ ruhy baýlygyna bagyşlanan halkara maslahata gatnaşdylar. Türkmenler öz ata-babalarynyñ gowy tanan Hytaýyny täzeden açmaga başladylar.

Edebiýat

1. Kitaý: dalekiý i blizkiý (sb. stateý). - Duşanbe, - 2003. - S.80.
2. Gundogdyýew O. A. Turkmeno-kitaýskiýe swýahi: wzglýad skwoz tysýaçeletiýa//Turkmenitan. - Me£dunarodnyý £urnal, - M., 2006. - No_4. - S.17.
3. Şişkin W. A. K woprosu o drewnih kulturnyh swýazýah narodow Sredneý Azii s drugimi stranami i narodami//Materialy wtorogo soweşaniýa arheologow i etnografow Sredneý Azii. - M., L., 1959. - S.23.
4. Bolşoý russko-turkmenskiý slowar //Pod red. B. Çaryýarow i S. Altaýewa. - M., 1986. - T.1.-S.626.
5. Zuýew Ýu. A. Rannyýe týurki: oçerki istorii i ideologii. - Almaty, 2002. - S. 7-8.
6. Biçurin N. Ýa. (Iakinf) Sobraniýe swedeni6 o narodah, obitawşih w Sredneý Azii w drewniýe wremena. - M., L., 1950.-t.1.-S.139.
7. Gumilýew L. N. Drewniýe týurki.-M.,1993.-S.176.
8. Şol ýerde. - S.71-72.
9. Popowa I. F. Tanskiý Kitaý i sentralnaýa Aziýa. - SPb, 2004.-S.1.
10. Kuznesowa Ýu. D., Nawliskaýa G. B., Syrisyn I. M. Istoriýa ýaponii.-M., 1988. - S.11,21-23,35.
11. Duk K. Ý. O wozmo£noý swýazi koçewoý tradisii Sentralnoý Azii i korolewstwa Paýekçe Korei//Kulturnoýe naslediýe - istoçnik izuçeniýa istorii, kulturnogo i duhownogo wozro£deniýa mira. - Mater. me£dun. nauç. konf. - Aşhabad, 2008.-S.293-294.
12. Biçurin N. Ýa. Görkezilen iş.-S.233.
13. Gündogdyýew. Ö. Türkmen-Hytaý gatnaşyklarynyñ geçmişi we şu güni//Türkmen dünýäsi.-iýul, 2008.
14. Kyçanow Ýe. I. Koçewyýe gosudarstwa ot gunnow do manç£urow.-M., 1997.-S.29-31.
15. Gundogdyýew O. A. Iz istorii turkmenskoý diplomatii - Aşhabad, 2003.-S.84-85.
16. Biçurin N. Ýa. Görkezilen iş.-S.241.
17. Şol ýerde. -S.17-19.
18. Gumilýew L. N. Hunnu. Stepnaýa trelogiýa.-SPB, 1993.-S.90-91.
19. Gundogdyýew O. A. Kon i konnisa u turkmen. - Aşhabad, 1999.-S.48.
20. Gundogdyýew. O. ''Pridut nebesnyýekoni...''//Neýtralnyý Turkmenistan. - 3.10.2002.
21. Petrow A. M. Welikiý Şelkowyý put. - M., 1995.-S.36.
22. Gundogdyýew O. ''Pridut nebesnyýe koni...''//Neýtralnyý Turkmenistan. - 3.10.2002.
23. Şol ýerde.
24. Şol ýerde.
25. Ahmetşin N. H. Taýny Şelkowogo puti. Zapiski istorika i puteşestwennika.-M., 2002.-S.14.
26. Gumilýew L. N. Hunnu. Stepnaýa trelogiýa.- Spb, 1993.-S.92.
27. Drewniý Merw w swidetelstwah pismennyh istoçnikow/ Sost. G. A. Koşolenko, A. Gubaýew i dr.ㅡAşhabad, 1994.ㅡ S.103.
28. Şol ýerde. -S.104.
29. Radkewiç W. A. Welikiý şelkowyý put.-M.,1990.-S.78.
30. Şol ýerde. - S.73.
31. Petrow A. M. Görkezilen iş. - S.75.
32. Gundogdyýew O. Iz istorii tekstilnogo dela Turkmenistana //Miras.-Aşhabad, 2006. - No:2. - S.80-84.
33. Şişkin W. A. Görkezilen iş.-S.23.
34. Ç£enhua H. Istoriçeskaýa dru£ba me£du narodami drewnego Kitaýa i Parfii // Nisa - Drewniý oçag razwitiýa mirowoý kultury. - Aşhabad, 2007. - S.381-382.
35. Gundogdyýew O. Proşloe turkmen. - M.,1998. - S.382.
36. Demidow S. M. Istoriýa religioznyh werowaniý narodow Turkmenistana. - Aşhabad, 1990. - S.59.
37. Şol ýerde. - S.
38. Drewniý Merw w swidetelstwah pismennyh istoçnikow/ Sost. G. A. Koşolenko, A. Gubaýew i dr. - Aşhabad, 1994. - S.118.
39. Şol ýerde - S.120.
40. Sýaosza Ç. An-Şi-gao - parfýanskiý poslanes dru£by w drewnem Kitaýe//Nisa - drewniý oçag razwitiýa mirowoý kultury. ㅡ Aşhabad, 2007.-S. 378-379.
41. Ç£enhua Hu. Kitaýskaýa islamskaýa kultura w XI w.//Mahmyt Zamahşary i nauçno-literaturnoýe wozro£deniýe Wostoka. ㅡ Aşhabad ㅡ Daşoguz, 2007. - S.423.
42. Ýuping M. Rasprostraneniýe sufizma w Kitaýe//Abusagyt Abulhaýyr ㅡ welikiý myslitel Wostoka.-mater. me£dun. nauç. konf. ㅡ Aşhabad, 2007. - S.525.
43. Kadyrbaýew A. Ş. Kitaýskiýe istoçniki po istorii týurok XII - XIV ww. ㅡ Alma-Ata, 1991. - S.14.
44. Şol ýerde. ㅡ S.16.
45. Şol ýerde. ㅡ S.16.
46. Kadyrbaýew A. Ş. ''Musulmanskie'' ýazyki i musulmane w kulture i nauke Kitaýa XIII - XIV ww. ( po materialam kitaýskih dinastiýnyh istoriý)//Wostoçnyý arhiw. ㅡ M., 2002.-No: 8-9. ㅡ S. 34.
47. Şol ýerde. ㅡ S.37.
48. Kadyrbaýew A. Ş. Týurki i iransy w Kitaýe i Sentralnoý Azii XIII ㅡ XIV ww. ㅡ Alma-Ata, 1990. - S.104-111.
49. Kadyrbaýew A. Ş. Materialy ''Ýuan-şi'' o týurkskih prawitelýah Kitaýa (1308-1333)//Wostoçnyý arhiw.ㅡ M., 2001.-No:6-7.-S.24-34.
50. Kadyrbaýew A. Ş. Týurki Welikoý stepi w prawýaşeý elite Ýanskoý imperii pri Hubilaý-hane. 1260-1294. (po materialam ''Ýuan-şi''). ㅡ M., 2000. - No: 4-5. - S.66-76.
51. Gundogdyýew O. Kunýaurgenç ㅡ gorod na Welikom şelkowom puti//Neýtralnyý Turkmenistan. 28.01.2006.
52. Hafiz Horezmi. Izbrannoe. ㅡ Taşkent, 1981.-S.119.
53. Wakturskaýa N. N. K woprosu o kulturnyh swýazýah srednewekowogo Horezma s Kitaýem//Materialy wtorogo soweşaniýa arheologow i etnografow Sredneý Azii. - M., L., 1959. - S. 28-35.
54. Gundogdyýew O. A. Salary Kitaýa//Istoriko-kulturnoe naslediýe Turkmenistana. - Ensiklopediçeskiý slowar. ㅡ Istambul, 2000.-S.284.
55. Ataýew H. Turkmeny - salary (salyry) Kitaýa//Turkmeny Zarube£nogo Wostoka. - Aşhabad, 1993. - S.279.
56. Tenişew E. R. Salyrskiý ýazyk.-M.1963.-S.7.
57. Şol ýerde. - S. 7-8.
58. D£un H. A. Kitaýskie turkmeny (salary) w dokladah o polo£enii prowinsii Sinhaý çinownika sinskoý dinastii ''Na Ýanýaen imperatoru''//Kulturnoe naslediýe - istoçnik izuçeniýa istorii, kulturnogo i duhownogo wozro£deniýa mira. ㅡ Aşhabad, 2008.-S.362.
59. Tenişew E. R. Salyrskiý teksty. - M., 1964. - S.121.
60. Durdyýew M., Kadyrow Ş. Turkmeny mira (istoriko-demografiçeskiý obzor). ㅡ Aşhabad, 1991. - S.47.
61. Ataýew H. Görkezilen iş. ㅡ S.282.


Öwez GÜNDOGDYÝEW

Bilim, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir