Türkmenistanyň “Halkbank” we “Türkmenistan” döwlet täjirçilik banklary, şeýle hem “Rysgal” Paýdarlar täjirçilik banky şu ýylyň 2-nji ýanwaryndan başlap, “Cash back” hyzmatyny ýola goýdular.
Bu bank hyzmaty Türkmenistanyň “Halkbank” we “Türkmenistan” banklarynyň ähli müşderileriniň “Altyn Asyr” kartlaryna hem-de “Rysgal” bankynyň “Maestro” bank kartlaryna degişli bolup durýar.
Müşderiler söwda we hyzmat ediş nokatlarynda harytlar we hyzmatlar üçin nagt däl görnüşinde hasaplaşyk geçirenlerinde, ähli amallaryň “Türkmenistan”-yň karty üçin 0.5%-i, “Halkbank”-yň karty üçin 1.5%-i, “Rysgal”-yň “Maestro” karty üçin 3%-i “Cash back” görnüşinde yzyna gaýtarylýar.
Şeýle hem, “Türkmenistan” banky talyp haklary, esger haklary hem-de döwlet kömek pullary geçirilýän “Altyn Asyr” bank kartlary boýunça “Cash back” hyzmatynyň pul sylagyny 1% derejesinde kesgitledi.
Ulanylýan kartlar üçin pul sylagy indiki aýyň 5-ine çenli müşderiniň bank kartlaryna geçirilýär.
Ýurduň banklarynda “Cash back” hyzmatlaryny ornaşdyrmak meselesine Türkmenistanyň Hökümetiniň 2019-njy ýylyň 15-nji noýabryndaky mejlisinde seredilipdi.
“Cash back” bank hyzmaty – bu bank kartlary arkaly harytlar we hyzmatlar nagt däl görnüşinde satyn alnanda müşderini höweslendirmek maksady bilen bank kartynyň hasabyna tölenýän pul sylagy bolup durýar.
Çeşmesi:biznes reklama gazeti
Jeksparro 4 years ago- O orslaryñ reklammasynda bir gyz aydymam aydan bolyarmy: ''Ke£bek'' ina etom, ina etom...'' diyen bolup.