OGURLYK

(Hekaýa)

 Nije ýyl bäri daşyna tagtadan haýat aýlanyp, gapdallarynda salynýan gurluşyk ahyrsoňy bitdi. Şonuň bilen hem Hommadyň gurluşygyň düýbi tutulaly bäri beýnisinde göterip ýören: “Be... Bi nämekä?” diýen sowalyna-da jogap tapyldy. Olaryň ýanyndan wajyp bir sklad gurlan eken. Sklad ulanylmaga tabşyrylan gününden, oňa tarap kerwen gurap gelip başlan üsti ýükli, uzyn-uzyn maşynlaryň yzy üzülmedi. Maşynlar bilen sklada gaz plitalary bilen holodilnikler gelýärdi. Getirilýän harytlar şeýle bir owadandy, şeýle bir owadandy, misli daşyna ak reňk däl-de, gaýmak çalnan ýalydy. Olar güne ýalpyldaşyp, gözüň ýagyny iýip barýardylar. Skladlara şeýle kän zadyň gelýänini Hommat ilkinji gezek görýärdi. Her zadam bolsa, ol soňy bilen bu ýagdaýa öwrenişdi. Geňem galyp durmady. Üsti ýükli maşynlaryň gelmesem, adamlaryň her gün bu ýere üýşüp-üýşüp, uly goh bilen harytlary düşürip, ýerlemelerem adaty bir zada öwrülip gitdi. Bir gün bolsa skladyň ortarasyndan agaç münber dikeldildi. Münber skladyň boýy iki metrlik haýatyndan-da ep-esli ýokaryk galyp durdy. Onuň depesi sekidi. Agaç sekä gülli keçe atyp, bir gün agşamaralar ol ýerde ak sakgally, altmyş ýaşlar töweregindäki ýaşuly peýda boldy. Goşa nilli tüpeňini gujaklap, töweregine ýaltyldap oturan ýaşulynyň garawuldygyna çagalara çenli düşündiler. Gijelerine ýalpyldap, güýçli ýagtylyk berýän çyralar ýanyp, skladyň meýdançasyny süýt ýaly ýagtyldýardy. Şäher bilen obany ikä bölýän ýoluň gyrasynda dörän bu skladyň daşyna çekilen sement haýatyň gaty bek däldigi, eýýäm onuň köwlüp hem döwlüp başlandygy hakda obada gürrüň ýaýrady. —Häk, päliýamanlar!—diýip, aýaly Sadapdan bu habary eşiden Hommat öz ýanyndan nätanyş adamlara käýindi.—Haýat öz-özünden-ä köwülmeze, döwülmezem. Ertirki gün skladdan bir zatjyk hantama bolup, ony eli egriräkleriň özleri döwen bolaýmasa... Syçan ýoluny saljak bolýandyr olar sklada. —Goýaweri! Göwnügaralyk günäni agraldar—diýip, aýaly Sadap Hommadyň sözüni böldi. Haýatyň özi gowy dälmiş. Garylmaly sement gowy garylman, ýöne gara gumdan salnaýanmyş. Şonuň üçin zeý çeken ýeriň palçygy ýaly, ýöne pitirdäp, owranyp ýatyrmyş ol haýat. —Hemme ýerem owranýarmyka ýa garawulyň gözi ýetmez ýalyrak ýeri şeýlemikä?diýip, Hommat täzeje salnan haýatyň öz-özünden gopjagyna ynanman, kinaýaly gepledi. Adamsynyň gepine Sadabyň gahary geldi. —Sen bir ilden üýtgeşik kişi ahyry, ynanmagyn köpüň diýýänine!—diýip, ol ýarasyna basylan ýaly jedirdedi.—Garawulyň gözüniň ýetýän ýerimi ýa-da ýeňse tarapy, onçasyn-a biljek däl, ýöne skladyň haýatynyň eýýäm adam sygar ýaly gopan-a çynmyş. Hatda ol deşikden gaz plita bilen holodilnigi-de arkaýyn alyp çykyp boljakmyş! —Düşnükli!—diýip, Hommat baş atdy. Soňam aýalyna tarap gazaply bakdy.—Goşulma şoň ýaly gürrüňlere. Soňky gün bir zat bolsa, “Bilibem, aýtmansyňyz” diýip, biz ýalyň ýakasyndan tutarlar. Sadap birbada adamsynyň gepini diňlän ýaly etse-de, günbe-günden her hili gürrüň tapyp geldi. Bir gün: —Hakyt, goňşular-a skladdan bir gowy holodilnik ogurlaýypdyrlar–diýdi. Ýene bir günem: —Garawul aga şeýle bir ýatakmyş. Iti özündenem beter ukuçylmyş. Hakyt, islän holodilnigiňi saýlap-saýlap alsaňam duýanokmyş—diýen gepi tapyp gelip:—Bizem birje holodilnik alaýaly?!—diýip, delmuryp bakanda, Hommat üstüne ýylan zyňlan dek hopugyp gitdi. Gözleri gorkuly tegelenip, hanasyndan çykara geldi. —Akylyňdan azaşdyňmy?! Gözenegiň aňyrsyna gidesiň gelýärmi?!—diýip, aýalynyň üstüne gygyrdy. Adamsy özi bilen pikirdeş gopubermänsoň, Sadap gözlerine ýapyşdy. —Garamaňlaý bolmasam, saňa sataşarmydym!—diýip, ol maňlaýyna ýumrugy bilen ýelmäp goýberdi.—“Bir gyz äre gider, müň gyz ýele” diýýändir köneler. Ärim çyn ärmikä diýip ýörüpdirin şu çaka. Asyl, görüp otursam, men şormaňlaý hem şuwlap öten gara ýel ýaly, haýyrsyz nalajedeýine sataşan ekenim! Bigaýrat diýerler saňa! —Eý-ho! Eý-ho! Adamlar näteňet bolaýypdyr-aý—diýip, Hommat aýalynyň sözlerine agzyny öweldip geň galdy hem bir mugt holodilnik üçin dälilik hetdine ýeten aýalynyň üstüne ýene düwledi.—Diýmek, çyn är bolmak üçin men ogurlyk etmeli-dä?! Şeýlemi? Ogurlyk etmänim üçinem, şuwlap öten gara ýel-dä men, şeýlemi? —Hawa! Hawa!—diýip, Sadap şumjardy.—Gara ýelem senden ibalydyr! Gara ýel-ä agaçlary döwüp,, gowşagrak öýleri ýykyp bilýär. Sen bolsaň, hol, çölde adamlaryň ysgyn-mydaryny alyp ösýän epgek bar-a, gury epgek, ana, şol sen! —Bes et, Sadap! Sen-ä bir holodilnik üçin dälirediň. Men saňa şony magazinden getirip bereýin!—diýip, Hommat aýalyny gykylyk bilen köşeşdirip bolmajagyny duýup, höre-köşe etdi. —Näme? Magazinden?—diýip sorady-da, Sadap jakgyldap güldi. Soňam derrew ýene öňki hyýrsyz keşbine geldi.—Şujagaz gazanjyňa magazinden holodilnik alýançaň, murtuň ýere ýetse gerek! Holodilnige ýeter ýaly pul getirýäňmi sen öýe!—Sadap şundan soň ýene şumjaryp aglap başlady.—Iliň äri ýaly gazançly ärem sataşmady men garamaňlaýa! Gije-gündiz reňke bulaşyp otyyrsyň! Çekýän artyplaryň gara şaýa geçmese näme seniň! Il bu wagt maşynyň yzynda ylgaýa, gat-gat jaý salýa, haly ýygnaýa! Seň çekýän artyplaň... Ýaňagyna batly degen şarpyk Sadabyň sesini kesdi. Gözünden ot syçrap gitdi. —Näme goh turuzsaňam, sen meň hünärime dil ýetirmersiň!—diýip, gahar bilen aýtdy-da, Hommat gaýdyp aýaly bilen agyz deňemesini goýup, jaýa girip gitdi.—Özüňem bilip goý, men şu ömrüme ogurlyk eden adam däl, indem etmen! Meni ogurlyga itjek bolup, özüňi biderek heläkleme! Sadap ýüzüni tutup, ulili bilen möňňürdi. Aglap, içini sowadansoňam, tasanjyrap öýe girip ýatdy. Çydam edip durup bilmänsoň, Hommat aýalynyň ýanyna baryp, boýnuny burup ýalbardy: —Öýde holodilnik bar-a, Sadap! —Näçe ýylyň holodilnigi ol!—diýip, Sadap çyrlap adamsynyň sözüni böldi.—Warak haýran! Ol döwülse, näme etjek! Ýa-da çagalaň ulalanda, ýene biri gerek dälmi?! —Çagalara-da Hudaý ýetir-dä!—diýip, Hommat birsyhly sowukganlylygy saklajak bolup, ýene pessaý gepledi. Hommat aýaly bilen erjeşmäniň mojuk dawa elterinden çekinip, soň sesini çykarmady. Är-heleý çaý-suw içdi, nahar edindi. Hommat soň diwanyň üstünde arkanlygyna ýatyp pikir öwürdi. Çagalar ilki kakalarynyň aýaklaryna, döşüne münüp-düşüp oýnadylar. Kellesine münseler-de, saçyndan çekseler-de, Hommat çagalaryna zat diýmedi. Ol ogurlyga gitmek-gitmezlik hakdaky oýlara çümdi. Çagalar daşaryk gidensoň, aýalyny ýanyna çagyrdy. —Näme, henizem üşütme tutýan ýaly saňňyldap ýatyrmyň?—diýip, Sadap dawa küýsäp tasanjyardy.—ýek ýigrenenim seň ýaly myllyk erkeklerdi. O-da öz maňlaýymdan çykaýdy. —Goh etme, otur şu taýda, düşünişeli—diýip, Hommat aýalynyň elinden tutup, özüne tarap çekdi. Gapdalynda oturtmak isledi. Sadap elini silkip alyp, Hommadyň ýatan diwanyndan iki metr daşlykda, düşegiň üstünde çökdi. —Aýdyber, şu ýerdenem eşidýän. Seň gapdalyňda oturmag-a däl, ýüzüňem göresim gelenok. —Sadap, seň pikiriňçe, ogurlyk edýän adamlar gaýratly, ogurlyk etmän, öz güni bilen bolup ýörenlerem bigaýrat, şeýlemi?! Diýmek, bi ýeriň ýüzündäki ogrularyň bary hem, seniňçe, gaýratly adamlar-da?! —Ol, holodilnik almak üýtgeşik ogrulyk däl-ä, Hommat, ogrulyk däl-ä!—diýip, Sadap ýene çyrlap, agzyndan ak köpük saçyp gygyrdy. Hommat: —Üýtgeşik ogrulyk şol! Diläp ýa pul berip alýan ýog-a ol ýerden holodilnikleri! Ogurlanyp duran zady näme üçin ogurlyk hasap edeňok sen?!—diýdi. Sadap gepini nagt etdi: —Sen bar-a, gepiňi köpeltme-de, belliňi aýt! Getirjekmi ýa ýok?! Hommat aýalyna belli bir jogap bermän, başga hörpden gopdy: —Çagajyklaňňa neneň dözýäň, Sadap?! Olar meni nähili gowy görýäler?! —Çagajyklaň seni holodilnik getireňsoň, has-da gowy görerler—diýip, Sadap hem igenmesini goýmady. Hommat ýerinden turup, aýaklaryny diwandan sallap oturdy-da, uludan dem aldy. —Gowy görerler-le... Eger şu öýde soň tapsalar...—diýibem, köp manyly gepledi. —Öýde tapylman, gabra giderin öýdýäňmi sen!—diýip, Sadap ýene gaharlanyp, ýerinden turdy. Daşaryk ýöneldi.—Şü myllygyň gepine ynanyp otyrynym-a. Entek daň atsyn bakaly, giderin şu öýden. Gaýdybam maňa ýüzüň düşäýermikä seniň?! Aýalynyň bolşuna Hommadyň gahary depesine urdy. —Eddil şu günüň özünde atylýanam bolsam, gideýin-how şol holodilnigi getirmäge! Sen bir maksadyňa ýet!—diýip, Sadabyň yzyndan sesiniň ýetdiginden gygyrdy. Soňam ýumruklaryny diwana malçyldadyp urdy. Ol aýalyna gygyrsa-da gygyrdy welin, garaňky düşdügisaýy galpyldysy-da köpeldi. Gaýgydan işdäsi tutuldy. Nahardan doýup, ýerine-de geçmän, dyzyna kellesini goýup uka giden oguljygynyň başyny sypanda, gözleriniň öňi ümezlän ýaly boldy. Göwnüne bolmasa, şu gije ony çagalaryndan daşlaşdyryp barýan ýalydy. Adamsyndan “gitjek” sözüni eşitse-de, nahar başynda-da Sadabyň ýüzi açylmady. Söwdasy oňmadyk söwdagär ýaly gaşlaryny birikdirdi oturdy. Saçak ýygnalyp, çagalar ýerine geçirilensoň, Hommat aýalyna ýüzlendi: —Ýöne özüňem ýoldaş bol. Nireden barmaly, nähili almalysyny bilmen men... Sadap ary çakana döndi: —Men näme, bilýänmi ony?! Men näme, alyp gördümmi?! Ýöne beýdip, halys ýüzüňi ak tam edip oturma! Balaklaňňam baryny ýuwdum häli. Heniz gurany-da ýok. Ýoldaş bolmaly bolsa, bolaýaryn! —Bä-äý, bi heleý diýen zadyň dilin-aý—diýip, Hommat hüňürdedi.—Ýaşmak ýeňäýýär-aý şulary. Şulaň bir toparyny ärlerindenem ýaşynyp gezer ýaly etmeli eken. Dünýede ýalňyş edilen işler kän-aý. Sadap hem gep alyp galmady: —Hawa, dünýede ýalňyş işler gaty kändir. Erkekleriňem bir toparynyň başyna gyňaç orar ýaly etmeli eken. Oňarmandyrlar şonam! Garaz, är-aýal biri-birine igelerini sürtüşip, diýmelisini diýip, aýtmalysyny aýdyp, içlerini gowzadansoňlar, “Ind-ä garawul ýaşuly mazaly uka batan bolsa gerek” diýip pikir etdiler-de, ýola çykdylar. “Ýak, Hudaý, sesime garawul bir turaýsady!” diýip, içinden diläp barýan Hommat häli-şindi bokurdagyny arçady. —Bi, haýatyň ýykylan ýeri niredekä? Niresinden girýäkäler munuň?—diýip, batly-batly gepledi. —Ýuwaş! Sesiňe garawul aga oýanar!—diýip, Sadap gahar bilen pyşyrdap, birsyhly onuň ýeňinden çekdi. “Wah, turaýsady şol! Şol tursa, bagtym açylmajakmy meniň!” diýip, Hommat ýene içinden pikir öwürdi. Haýatyň ýykyk ýerine ýetenlerinden soň hem, batly ses bilen gepledi: —Bä-äý! Bi sement haýaty ýykaýyşlaryny! Muny garawul aga görüp, aýtmaly ýerine aýtmaýarmyka?! Düzetjek bolýanam ýok öýüdýän muny! —Ýuwaş diýýän saňa—diýip, Sadap ýene adamsyna pyşyrdy bilen azgyryldy. —Bilgeşländen turuzjak bolýaň öýdýän sen garawuly! Şü, bililp goýgun, garawul tursa-da, turmasa-da, öýe bir holodilnik eltmeseň, soňundan şeýle bir tomaşa görmeli borsuň sen, hoşuňa gelersiň! —Aýallara şeýtana sapak beren diýip ýöne ýere aýtmaýan ekenler-ow—diýip, Hommat käýinç eşitse-de, lagyrdap gepledi. —Içimi dagynam bilip dursuň-aýt sen! —Nalajedeýiniň içi bilinmez ýaly zat däl, ony her öňýeten bilýär—diýdi-de, Sadap ullakan köwekden kellesini haýatyň içine sokan adamsyny itip goýberdi. —Özüňem çalt bol! Aýalynyň batly itmesine hommat atylyp, haýatdan geçip, skladyň içine düşdi. Olaryň sesini eşidenem ýokde, özlerini görenem. Garawulyň horruldysy imisala gijede mese-mälim eşidilýärdi. —Bäý-bä! Garawul aganyň ýatyş-a aýdyşlaryndanam beter eken—diýip, Hommat ýene lagyrdady. Holodilnikler sanardan kändi. Bäş ýüz metr çemesi daşlykda göle ýaly uly ala köpek ýatyrdy. Ol ýiti çyra ýagtysyna Hommat dagyny duýdumy-nämemi, başyny galdyryp, olara tarap bir nazar saldy-da, soň üýreýinem diýmän, ýene ýaltalyk bilen başyny ýere goýdy. Itiý bu bolşuna Hommadyý gülküsi tutdy. Hikirdäp güldi... —He-he... Seret-le ol köpege, Sadap. «Mal eýesine çekmese, şumluk» diýleni-dä! Tüýs, garawul aganyň özi ýaly eken-aý ol. Bize üýrjegem bolanok. —Bolsana, sakyrdama-da, al şulaň birini arkaňa—diýip, Sadap holodilnikleriň birini tutdy.—Bol, arkaňa goüşaýyn. Iki bolup, daşyna tagta gapyrjak ýasalan holodilnikleriň birini alyp, haýatyň daşyna çykdylar. Arkasyna «münensoň» Hommada gorky aralaşyp ugrady. Indi ol garawulyň oýanmazlygyny, itiň-de üýrmezligini diledi. Özüniň öýe sag-aman aşaryny diledi. Beýle ýagdaýda tutulaýsa, özüne nämäniň garaşýanyna ol gowy düşünýärdi. Her ädimiň geçmesi gaýgy boldy. Ýap-ýaňyja bäş minutda geçen ýoly tükenmeze döndi. Ýüküni öýüne eltip, howlynyň gapysyny içinden bek ýapansoň, dünýesi birneme giňän ýaly boldy. —Ine, indi hakyky ňr bolduň!—diýip, Sadap onuň arkasyna patdyldadyp goýberdi-de, ýene igenip ugrady.—Hany, heý, gören-bilen boldumy?! Gorkup öldüň. Häk, züwwetdin diýsä!—Şeý diýensoň, mugt düşen holodilnige keýpi kökelen Sadap jakgyldap gülüp, adamsynyň çetine-de degdi.—Balajygyňy bir barlap goýber, öl-söl ýokmy? Çalyşmaly ýagdaý ýüze çykan bolsa-ha, äbereýin ýuwup goýanlarymdan?! Gurandyr olaram! —Lal bolsan-aý indi bir!—diýip, üstünden gülünmesine gahary gelen Hommat aýalyna azgyrylan boldy-da, içerik sümlüp gitdi. Özüni diwana oklap süýndi. —Çaý içjekmi? Çaý demläp bereýin—diýip, ökjesini sydyrdyp, yzy bilen öýe giren aýaly onuň daşynda pyr-pyr pyrlandy.—Ýadansyň. Içäý birje käse. Hommadyň pikiri welin başga ýerdedi. —O haýatyň ýykyk ýerini, heý, garawul görmeýärmikä?—diýip, ol gözlerini depesine dikip ýatyşyna gepledi.—Näme üçin ony aýtmaly ýerine aýdyp petikletmeýärkä? —Ol köwek, belki, garawulyň özüne-de gerekdir—diýip, Sadap köpbilmişlik bilen jammyldady.—Şu çaka çenli ol şol ýykylan ýeri gören däldir öýdýäňmi? Garawulyň özüniňkilerem gönenendir-le şol köwekden. Belki, başda ol ýerden deşik açanlaram şonuň özüniňkilerdir. —Hany, goý, bilmeýän zadyňa müňkür bolma—diýip, Hommat aýalynyň sözüni böldi-de, gapdala gyşardy.—Üstüme bir ýorgan atyp goýber, men ýatjak. Ýadadym. Sadap diýen edijilik bilen ýorgan getirip, adamsynyň üstüni basyrdy. Ýüregine çöken gepinem gutarman goýmady. —Garawul diýen zat agşamlaryna ýatmaly däl-ä. Onuň juda arkaýyn ýatyşyny görmediňmi? Göresei gelenok onuň hiç zady. Holodilnikleri kesekilerdenem birküç sanysy ogurlasa, onuň özüniňkileriň egriligi bilinjek däl. Garawul bolar-da, şo taýdaky zatdan alman galarmy şol! Goraýan zadyndan ogurlamaýan garawuly gündiz eliň çyraly gözleseňem, tapmaýaň! —Hany, goýsan-aý şol gürrüňleriňi—diýip, Hommat ýorgany başyna çekip hüňürdedi.—Garawulyňam gursun, holodilnigiňem. Işiňi bitirdiň dälmi? Indi meni günüme goý! Sadap hem gaýdyp adamsy bilen jedel gurap durmady. Ýerine geçip ýatdy. Nije günüň pikir-aladalary hem göterilen agyr ýük sebäpli ýadawlyk basan Hommat basym uka gitdi. Onuň düýşüne holodilnikler skladynyň garawuly girdi. Ýaşuly itini yzyna tirkäp gelip, howlynyň derwezesini kakýarmyş. Hommat ony äpişgeden görüp, Sadaba derwezäni açmazlygy tabşyryp, gygyrýar. «Ine, indi ol meni tutar. Indi men gözenegiň aňyrsyna gitmeli bolaryn!» diýip, Hommat gaýga galyp pikir öwürýär. Aladadan ýüregi sançýar. Garawul ýaşuly äpişgeden Hommadyň seredip duranyny görüp, onuň ýanyna gelýär-de, ýylgyrýar. Çep elinde tüpeňini saklap, sag eliniň süýem barmagy bilen Hommada haýbat atýar: «Men gördüm-ä seniň alyp gaýdanyňy» diýýär-de ýylgyrýar. «Şeýle gerek, Alabaý?» diýip, itinden soraýar. Iti hem baş atyp makullaýar. Hommat: «Ýok, men alamok! Men alamok!» diýip gygyrýar. Garawul ýaşuly: «Aldyň! Men gördüm-ä!» diýýär. Hommat bar sesi bilen: «Ýok! Ýok! Alamok!» diýip gygyrýar. Ol şeýle bir gygyrdy welin, öz sesine özi oýandy. Sadap bilen çagalar-da, hasanaklaşyp galdylar. —Tünüň ýarynda gykylygyň näme! Zährämizi ýardyň-la!—diýip, Sadap gorkup, alasarmyk ýagdaýda özüne tarap atylan çagalarynyň başyny gezekli-gezegine sypap, Hommadyň üstüne gygyrdy. Çagalaryny köşeşdirdi.—Ýatyň, balalam, ýatyberiň. Kakaňyz düýş görüpdir. Hiç zat ýok. Ukudan doýmadyk çagalar ýene ýassyklaryna başlaryny goýdular. Hommat daşaryk gidip, sowuk suw içip geldi. —Gaty aýylganç düýş görüpdirin-aý—diýip seslendi-de, ýene ýerine geçip ýatdy. Irden Sadap daşyndaky agaç germewleri aýryşdyryp, işledip görmek üçin holodilnigi toga birleşdirdi. Holodilnik diýseň gowy işleýärdi. Hyňlap, derrew sowuk howa onuň içine urup başlady. Sadap onuň doňdurýan bölegine köne holodilniginden gök soganmydyr hyýar atyşdyryp, gapysyny ýapyp goýdy. Ýarym sagadyň içinde kürüşgedäki suw-a buza öwrüldi. Hyýardyr soganlar hem el degirtmez derejede sowady. Täze holodilnige çagajyklar-da begendiler. Olar holodilnikden buz ýaly sowuk sogandyr hyýar alyp, kakalarynyň ýanyna eňdiler. «Tursammykam, turmasammykam?» diýip, gözlerini süzüljiredip ýatan Hommadyň ýaňaklaryna, ýüzüne ellerindäki buz kimin gökleri basdylar. —Waý, elim doňdy! —Kaka, seret, täze holodilnigimiz nähili sowadýar! —Kürüşgedäki suw buz bolupdyr, buz! Baryp gör, kaka! Şbe, eýýäm işledipdirm-aý!» diýen pikir beýnisine uranda, Hommat böküp ýerinden galdy. Daşaryk atyldy. Daşyndaky agaçlary aýrylyp, hyňlap işläp duran holodilnigi görende, Sadaba gahary geldi. Çaşyp ýatan agaç germewlikleri üýşürip, bir çetde goýdy. —Gör, nähili gowusyny alypdyrys!—diýip, dylym-dylym edip, aşhanadan çykan Sadap Hommada görkezmek üçin holodilnigiň gapysyny açdy. Işlänine ýarym sagat geçdi. Seret, eýýäm ýarysy ak buz boldy! Hommat holodilnige seretmedem, guwanmadam, begenmedem. Uludan dem aldy-da,, ellerini silkip, ýuwnup-ardynmaga ugrady: —Holodilnigiňizem gurasyn, buzuňyzam! Ol çaý-suwuny içip, howlynyň töründen salnan ussahanajygyna girip, işine güýmenjek boldy. Ýöne eli hiç işine barmady. Küýünden holodilnik çykanokdy. Göwnüne bolmasa, ahyr bir gün ony yzarlap, yzyndan biri geläýjek ýaly bolup durdy. Işe eli barmansoň, köçede aýlaň-çaýlaň edip, kellesini açmak üçin derwezäniň daşyna çykdy. Jübüsinden çilim bilen otluçöp çykardy. Çiliminiň düýbüni ernine gysdyranam şoldy welin, goltugy gara papkaly milisioner ýigit uly ýoldan göni Hommatlaryň köçesine düşdi. Onuň gözleri Hommatdady. Başga tarapa seredeýinem diýmän, batly-batly ädimläp, arany ýygrypjyk gelýärdi. Ony gören Hommadyň bütin synasy buz ýaly bolup, şaglap sowuk der basdy. Başy aýlanyp gitdi. Ýüregi dükürdäp ses edýärdi. Durmaga ysgyn-mejaly galmady. Ol agzyndaky çiliminem, elindäki otluçöpünem ýere oklap, ýykyljak-ýykyljak bolup, öýe düwdenekledi. Onuň howla ätlänini gören milisioner ýigit taýak atymlykdan gygyrdy: —Agam! Biraz aýak çeksene! «Ine, bary gutardy!» diýen söz Hommadyň beýnisinde at saldy. «Ýetdim maksadyma! Näçe ýyl bererkäler?!» Göz öňüne çagalary gelende, ol has-da hopukdy. Gözleriniň alny garaňkyrap, ýer görmejek boldy. Öýüň gapysyna ýetende, ýüreginiň kuwwaty halys gidip emedekledi. Ýüzi ýedi ýuwlan ak esgä dönüp, emedekläp gelýän admasyny görende, Sadabyň gözleri hanasyndan çykaýjak boldy. —Näme boldy, gyz!—diýip çyrlady. Hommat elini yzyna uzadyp sakawlady. Geplände, dili diýenini etmejek boldy: —M...m...milise... Sadap köwşänem geýmän, derwezä tarap atyldy. Eýýäm derwezeden kellesini howla tarap sokan milisioner ýigidiň çasly sesi Hommada-da aýyl-saýyl eşidildi: —Salawmaleýkim, gelneje! Şu obada Pälwan aga diýip gassap ýaşuly bolmaly. Şoň öýi niredekä? Sadabyň sesi pessaý çykansoň, Hommat hiç zat eşitmedi. Aýak sesiniň uzaklaşýan çybşyldysy, soň derwezäniň batly ýapylany eşidildi. Hommadyň ýüregi ýerine gelen ýaly bolsa-da, gulaklary şaňlap, kellesi güwledi. Bosagada oturyp, iki elini ýüzüne tutdy. Äriniň gorkudan bolup oturyşyna Sadabyň myrryhy tutdy. —Sypatyň gursun, sypaty gurmuş! Şuň ýaly ärli bolanymdan, ärsiz öten bolsam bolmaýamy dünýeden! Garrap-garrap, äre ýüzi düşmän ötýän gyzlaram bar diýýäler dünýede! Näme üçin şoň ýaly betbagtçylyk meň maňlaýyma ýazylmadyka?!—diýip, ol gapylary şarkyldadyp-warkyldadyp, açyp-ýapyp ýörşüne bir içerik girýärdi, bir daşaryk çykýardy. —Ýüregim agyrýa, iňňildemesene!—diýip, zordan gepledi-de, Hommat ýene öýe girip, diwanyň üstünde süýndi. Ne aýakda, ne dyzda, ne göwrede ysgyn-mydar galypdy. Bütin synasy gurşup durdy. —Büý-ä indi bir holodilnik ogurladym diýip öljegem!—diýip, Sadabyň birsyhly gykylyklaýan sesi eşidildi.—Kä kişi ogurlyk etmäni suw içençe-de görenok. Dünýäň zadyny alyp-alybam, döşüni şemala tutup, gahryman ýaly bolup, gaýşaryp ýör. Sadap hernäçe gykylyklasa-da, onuň gyjytly sözleri bu wagt Hommada ýokanokdy. Ol holodilnigi ogurlany üçin maňlaýyna urýardy. «Näme üçin getirdim şony! Aýalym hem gitse, gidip geç diýmeli eken. On gün gelmese-de, on aýdan-a dolanardy. On aýdan gelmese, on ýyldan-a gelerdi. Dört çaga bilen atasy öýüne näçe ýyl sygardy şol. Paňkelle diýse! Näme üçin şu zatlar hakda öň pikir etmedimkäm?! Şeýle paňkelle ekenim-ow men! Bir holodilnik üçin gözenegiň aňyrsyna gidenden, bäş-on ýyl aýalsyz ýaşanyň gowy dälmi?!» diýip, ol birsyhly içini gepledip, öz-özüne käýinýärdi. Sadap oňa nahary-da, çaýy-da ýüzüni awy-zerzaw edip getirip goýdy. Jamy gülçüldedip goýanda, çorba çaýkanyp, saçagyň üstüne seçelendi. Çäýnek gülçüldedilende, saçaga çaý döküldi. Tas çäýnek ik bölek bolupdy. —Her hili-her hili ýagdaýa düşüp görseňem, şükür, bolsa-da, balagyň-a çalşaňok entek—diýip, Sadap ýene igenjini dowam etdi.—Häli milisioner gelende, ýuwan balaklarymy getiribem goýdum, «Öu gezeg-ä çalşyrgyç gerek bolsa-da ahmal» diýip... Bolsa-da, tüweleme... Şol ugrun-a mertlik edýäň. «Balakly gürrüňi bes et!» diýägede, Hommat çorbaly jamy aýalynyň başyna geýdirip dynaýmak hem isledi. Ýöne gözjagazlaryny tegeleşip, işdämenlik bilen çorba şopurdadýan çagalarynyň naharyny bimaza etmäge bogny ysmady. «Ahyr bir gün seniň ýa diliňi kesip dynaryn, ýa holodilnigiňi kül edip dynaryn!» diýip, içinden aýalyna haýbat atdy, sesini welin çykarmady. Sesi çykmasa-da, nazary gazaplydy. Adamsynyň gözleriniň gazabynyň artyp ugranyny görensoň, Sadap hem gaýdyp geplemedi. Nahary, çagalary bilen boldy. Hommat agşama çenli hiç bir pişä güýmenmän, süýndi ýatdy. Öz başynda bir betbagtçylygyň baryny onuň ýüregi syzýardy. Ýöne betbagtçylygyň haýsy tarapdan geljegini bilenokdy. Hiç bir işe güýmenesi gelenokdy. Agşam nahar iýip durkalar, derwezäni kimdir biri kakýan ýaly boldy. Är-aýal biri-biriniň ýüzüne tiňkelerini dikip oýurgandylar. —Tyrk-tyrk... Tyrk-tyrk—edip, demir derweze birsyhly seslenýärdi.—Tyrk-tyrk... Tyrk-tyrk... «Goňşy-golam-a öýe hiç wagt derweze kakyp gelenok. Nätanyş öýdýän» diýip, içinden pikir öwren Hommadyň ýüzi ýene ak tam boldy. Adamsynyň barha agarýan ýüzünden onuň ýagdaýyna düşünen Sadap daşaryk ylgap gitdi. Derrewem dolandy. —Ýel-le, haýran! Ýel turýar! Derwezäniň gapysy ýele açylyp-ýapylyp ses edýän eken—diýip, ol daşardan gelşine gepläp geldi. Gije ýel has-da güýçlendi. Öňki takyrdaýan derweze indi «tark-tark» edip, has batly ses edýärdi. Onuň her tarkyldysyna Hommat hopugyp oýanýardy-da, ziňkildäp ýerinden galýardy. Alasarmyklykda onuň göwnüne her hili gorkunç pikirler gelýärdi. —Ýatybersene, ýat ahyry—diýip, Sadap ony birsyhly köşeşdirjek bolýardy.—Öňler-ä derweze mundan beterem tarkyldaýardy. Duýmazdyňam. Indi nä döw çaldy saňa, Hommat?! Sadap hernäçe köşeşdirse-de, Hommadyň ýüreginiň howsalasy aýrylmady. Gorky ony barha basmarlaýardy. Gözüni depesine dikip, ýöne tisginip ýatyrdy. Ol bu ýagdaýa uzak çydamady. «Men indi şeýdip, bir holodilnik üçin bütin ömrüme tisginip ýaşamaly bormukam?!» diýip, gahary gaýnap pikir öwürdi. «Näme üçin öz başyma belany özüm satyn alýan?! Ne gözel rahat günümi bulaýan?! Şol holodilnik bolmaýanda, depämizden gök inäýermikä?» Ol gazap bilen atylyp, daşaryk çykdy. Çyrany ýakyp, täze holodilnigi tokdan aýyrdy. Içiniň zatlaryny çykaryp, çem gelen ýere oklaşdyrdy. Bir çetde üýşürilip goýlan, öň holodilnigiň daşyndan aýrylan agaçlary çüýdür çekiç getirip, biri-birine kakyp rejeledi. Wagty bilen öýe girmedik adamsynyň tyrkyldysyna daşaryk çykan Sadabyň zähresi ýaryldy. —Akylyňdan azaşdyňmy? Edýäniň näme seň!—diýip, adamsynyň üstüne gygyrdy. Iki elini gerip, holodilnigiň öňünde durdy.—Ellemersiň şuny! Elläýdigiň, gaýdyp maňa ýüzüň düşmez! Hommat gahardan däliredi. Ol bar güýjüni jemläp, aýalynyň dulugyna bir şarpygy çaldy-da, özünem honda oklap goýberdi. Çepiksije Sadap top ýaly bolup togalanyp gitdi. Gahar Hommada şeýle bir güýç berdi welin, ol derrewiň özünde holodilnigiň daşyndaky germewini öňki kaddyna getirdi. Soň hem ony arkasyna alyp, sklada tarap gitdi. «Wah, paňkelle! Öň akylyň nirededi diýsene! Bir heleýçe bolman! Bir heleýe özüňi oýnadyp diýsene!» diýip, öz-özüne käýindi. Tolgunmadan hem gahardan kellesiniň damarlary lorsuldap bökýärdi. Gerdenleri bolsa holodilnigiň agramyny duýanokdy. Sadabyň: —O dünýe-bu dünýe senden razy däldirin! Holodilnigi äkideniň üçin, öläýsem-de, gözümi açyp giderin men—diýip gygyrýan sesi onuň gulaklaryna şemalyň şuwwuldysy bilen eşidildi. Ol skladyň köwek ýerine derrew bardy. Şemal barha güýçlenip, bar zady takyrdadýardy. Muňa Hommat begendi. Bu ýagdaýda öz çybşyldysynyň eşidilmejegine begendi. Garawul aganyň hor çekmesi-de eşidilenokdy. Öňki ýatan ýerinde it-de ýokdy. Bary şemaldan gorkup, buky ýere gaçan ýalydy. Hommat elten holodilnigini öňküje ýerinde goýanda, dünýesi giňäp gitdi. Begenip, birneme keýpi açyldy. «Ine, indi öýe baryp, hezil edip uklaryn!» diýip içinden pikir öwürdi. Maňlaý derini süpürip, yzyna dolandy. Şol pursat hem onuň aýagynyň aşagyndan çykan ýaly bolup, öňünde iki sany göwre peýda boldy. Olaryň elinde sapançasy bardy. Milisiýa eşiklidiler. —Eliňi galdyr!—diýip, olaryň ikisi iki ýerden Hommada haýbat atdylar. Hommadyň gulaklary şaňlap, başy aýlanyp gitdi. Ol elini galdyrmanyň ýerine göwresini saklap bilmän, özüni ýere goýberdi. Milisionerler derrew onuň eline gandal urdular. Aňyrdan iti bilen ýetip gelen garawul ýaşuly gözüni Hommada gönükdirip igendi: —Bä-äý... Çirim etmän göz bolýaňam welin, nädip bular gözüňe çöp atyp, şeýle uly zatlary äkidip bilýärkäler-aý!.. «Sen çirim etmeýän bolsaň, men şeýle betbagtçylyga sataşarmydym!Ş diýip, Hommat garawul ýaşula sögünmek isledi. Ýöne häzir onuň geplemäge-de ýagdaýy ýokdy. Şu pursatda beýle sözleriň gerekmi-gerek däldiginem bilmedi. Milisionerleriň biri ony ezeneginden tutup, ýerinden galdyrdy-da: —Ýör, öýüňi görkez, haramzada! Başga-da bukanlaň kändir seniň! Ýüz altmyş holodilnik bilen ýüz sany gaz plita ýetenok bu ýerde!—diýdi. Hommat özüniň ýekeje holodilnik alanyny, ony-da yzyna getirenini düşündirmek isledi. Ýöne hiç gepläp bilmedi. Dili misli doňan ýalydy. Ol bialaç bolup, bar günäniň sebäpkäri mysaly öýüne tarap düwdenekledi. Eli gandallanan ärini iki sany milisioneriň öňüne salyp eltenini görende, Sadap ýaka ýyrtyp dat etdi. —Onuň alany-da ýekeje holodilnikdi, ony-da yzyna äkitdi—diýip, ol bar-bar bagyryp, Hommadyň diýip bilmedik zatlaryny milisionerlere düşündirjek boldy. —Meniň ärimde ýüz altmyş-a däl, ýeke holodilnigi ogurlamaga-da gaýrat ýog-a! Milisionerler Sadabyň gykylygyna bakman, öýi, howlyny barlap başladylar. Sadap Hommadyň döşüne kellesini goýup aglady: —Äkitmelem däldiň ony yzyna, Hommat jan! Äkitmedikbolsaň, ele-de düşmezdiň-ä! —Meniň ganymda ogurlyk ýok, şonuň üçin ogurlyk zady inime siňdirip bilmedim men—diýip, Hommat uludan dem alyp, gaýgyly gepledi. Bar ýerini dörüp, hiç zat tapmadyk milisionerler dolanyp gelip, Hommadyň ýeňsesinden itdiler: —Beýlekijelerem nirede bukanyňy, kime satanyňy özüň aýdyp berersiň! Ýöre hany! —Ol ýekejesini aldy, ýekejesini!—diýip, Sadap aglap, misli milisionerlere ýene gep düşündirjek boldy. —O zatlary sud çözer!—diýip, gedemlik bilen aýtdylar-da, milisionerler Hommady idenekledip, derwezeden alyp çykdylar. —Çagajyklarymy bir görüp gideýin! Şoňa rugsat ediň!—diýip, indi başyna düşen ykbala kaýyl bolmalydygyna düşünip, birneme dili açylan Hommat delmuryp gepledi. Milisionerler onuň haýyşyny bitirmediler. —Çagalaň hakda ogurlyk etmänkäň pikir etmeli ekeniň!—diýip azgyryldylar-da, olar Hommady birsyhly ite-ite, garaňkylyga siňip gitdiler...

Iýul, 1995 ý.

Ogulsenem Taññyýewa.

www.kitapcy.ga

Edebiýat, Jeksparro tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir