Türkmenistanly hünärmen futzal boýunça Aziýa çempionatyna gözegçi emin bolup gatnaşar
Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň eminler bölüminiň başlygy Wadim Baratow Kuala-Lumpurda geçiriljek naýbaşy eminleriň maslahatyna gatnaşmaga çakylyk aldy. Mundan başga-da türkmen hünärmeni futzal boýunça Aşgabatda geçiriljek Aziýa çempionatynda gözegçi eminiň wezipesini ýerine ýetirer. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.
Ýeri gelende bellesek, AFK-nyň naýbaşy eminleriniň maslahaty Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpurda 13-16-njy ýanwary aralygynda geçiriler.
Ildeşimizden başga Aziýa çempionatynda gözegçi eminleriň üçüsi, eminleriň 18-si hem-de duşuşyklaryň komisarlarynyň 4-si işlär.
Wadim Baratow bilen birlikde Aziýa çempionaty – 2020-de Merkezi Aziýa Rustam Abdullaýew (Täjigistan, eminleriň gözegçisi), Alim Arofow (Özbegistan, duşuşygyň komissary), Nurdin Bukuýew (Gyrgyz Respublikasy, emin), Anatoliý Rubakow (Özbegistan, emin) wekilçilik ederler, şeýle-de, balkanabatly emin Azat Hojypolatow çempionatda ätiýaçdaky eminiň wezipesini ýerine ýetirer.
Aziýanyň 16-njy çempionatynyň 26-njy fewral – 8-nji mart aralygynda Aşgabatda geçirilýändigini ýatladýarys. Deslapky tapgyrda “A” toparçada çykyş edýän Türkmenistanyň ýygyndysy çärýek finala çykmak ugrunda Täjigistanyň, Wýetnamyň hem-de Omanyň ýygyndylary bilen bäsleşer.