MUHAMMET PYGAMBERIÑ PARAPSIHOLOGIK UKYPLARY
▶ VII. TELEPATIÝA UKYBY
Muhammet pygamberiñ parapsihologik ukyplarynyñ arasynda iñ ýokary derejä çykanlarynyñ biri-de, gürrüñsiz "telepatiýa" ukybydyr. Pygamberiñ töweregindäki adamlaryñ oý-pikirlerini aýnada ýaly görendigine degişli sanardan kän wakalar bolup geçipdir. Biz bu ýerde şolaryñ diñe birini mysal getirmek bilen çäklenmek isleýäris... Bir gün Ebu Jehil ýerden alan bir gysym çagyly aýasynda saklap, olaryñ sanyny Muhammet pygamberden soraýar: - "Pygamber bolsañ aýamdaky daşlaryñ sanyny bil bakaly!.." - "Sen menden ýaşyr-da sana, aýdaýyn..." Ebu Jehil bir gyra çekilip pygambere görkezmän daşlary sanap gelýär... Pygamber şobada daşlaryñ sanyny aýdýar we şeýle diýýär: - "Bu keramat däl. Ylymdyr... Bu ylymy bilen her kimem muny dogry aýdyp biler..." ...Elbetde bularyñ ählisi özbaşyna bir ylymdyr. Gynansagam, bu ylym boýunç henize çenli hiç hili çynlakaý barlaglar geçiriliberenok we bizde bu ylymlara bolan perwaýsyzlyk dowam edýär... Emma ýokarda-da görşüñiz ýaly, Muhammet pygamber diñe telepatiýa bilen baglanyşykly hadysany adamlara mysal hökmünde görkezmek bilen çäklenmändir, munuñ öwrenip bolýan ylymdygyny hut özi aýdypdyr... Ehh... Indi näme aýtsakka?.. Biz aýtjak zatlarymyzy artykmajy bilen aýdaýdyk öýdýän...
Ergün JANDAN.
www.kitapcy.ga