MUHAMMET PYGAMBERIÑ PARAPSIHOLOGIK UKYPLARY
VI. HABARÇY DÜÝŞLER
Muhammet pygamberiñ "habarçy düýşler" diýip atlandyrylan görnüşdäki düýşler görendigine şaýat bolan kişileriñ sany barmak büküp sanardan köpdür... Ynha, size birnäçe mysal... Sahabalardan Enes ibn Mälik (r.a) pygamberiñ (s.a.w) yzly-yzyna gören iki düýşüniñ daýzasy Ümmi Haram bilen baglanyşykly keramata öwrülmegini şeýle gürrüñ berýär: "Hezreti Muhammet daýzam Ümmi Haramyñ öýüne zyýapata gelende, nahardan soñ birsalym uklady. Birdenem ýylgyrjaklap oýandy we daýzam Ondan ýylgyrmagynyñ sebäbini soranda, Ol düýşüni gürrüñ berdi: - "Düýşümde maña ymmatymdan bir bölegi şu gök deñiziñ üstünde patyşalaryñ tagtlaryna münüki ýaly gämilere münüp Allanyñ ýolunda uruşa gidişleri görkezilendigi üçin ýylgyrdym". Daýzam özüniñem şol deñiz gazylaryndan bolmagy üçin Hezreti Muhammetden dileg etmegi haýyş etdi. Hezreti Muhammedem dileg etdi. Soñra Hezreti Muhammet ýene biraz uklady we ýene ýylgyrjaklap oýandy. - "Bu gezegem ymmatymdan bir böleginiñ patyşalaryñ tagtlaryna münüşi ýaly gury ýeriñ üstünde haýbatly bir kowçum bolup ýörişe gidip barýandyklary görkezildi". Daýzam olaryñ arasynda-da bir gazy bolup gatnaşmagy üçin haýyş etdi. Ýöne Hezreti Muhammet: "Bolmaz!.. Sen birinjilerden, deñiz gazylaryndan" diýip jogap berdi. Ümmi Haram birnäçe ýyl geçenden soñ deñizde bolan ilkinji söweşleriñ biri "Kipr ýörişine" gatnaşdy we ol ýerde wepat boldy. Soñ onuñ guburynyñ üstüne kümmet galdyryldy. Häzir ol zyýaratgäh "Hala Soltan" ady bilen tanalýar.
Ergün JANDAN.
Kitapcy.ga