Günbatar Afrikanyň sekiz ýurdunyň ykdysady we pul bileleşigi (UEMOA) Afrikanyň maliýe jemgyýetiniň frankyny dolanyşykdan aýryp, 2020-nji ýyldan başlap, ýeke-täk pula geçmek hakynda karar kabul etdi. Bu barada Kot-d’Iwuaryň Prezidenti Alassan Uattara Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen geçiren metbugat maslahatynda mälim etdi. Afrikanyň maliýe jemgyýetiniň franky 1945-nji ýylyň 26-njy dekabryndan bäri fransuz hökümetiniň teklibi bilen Günbatar we Ekwatorial Afrikada dolanyşykda ulanylýar.
Metbugat maslahatynda Alassan Uattara indi bu ýurtlarda “eko” atly täze puluň dolanyşyga giriziljekdigini habar berdi. Ol Afrikanyň sekiz ýurdunyň Fransiýanyň Merkezi banky bilen ylalaşyk esasynda tehniki aragatnaşygy ýatyryp, ýerli maliýe edaralarynyň täze puly ulanmaga geçjekdigini mälim etdi.
– Afrikanyň maliýe jemgyýetiniň franky häzirki günlere çenli möhüm maliýe guraly bolupdy. Şeýle hem bolsa, biziň has aýgytly özgerişlikleri amala aşyrmagymyza wagt ýetdi – diýip, Uattara aýtdy.
– Fransiýa döwleti Günbatar Afrikanyň Merkezi bankyndaky maliýe syýasaty baradaky komissiýada işleýän wekillerini yzyna çagyrar. Mundan başga-da, Afrikanyň walýuta gorlarynyň Fransiýanyň Merkezi bankynda saklanmagy dowam etdirilmez – diýip, Kot-d’Iwuaryň Prezidenti belledi. Täze pul birligi Benin, Burkino-Faso, Gwineýa-Bisau, Mali, Niger, Senegal, Togo we Kot-d’Iwuar ýaly Günbatar we Ekwatorial Afrika ýurtlarynda dolanyşyga giriziler.
Afrika ýurtlarynyñ täze pul birligi
-
bank
4 years ago
- Jigim, bilmeyan bolsan sho barada referat ishlap gowja berkit hany!
Rakuten 4 years ago- Afrika bilelesigem bamy mena o barada bilemokdymam